Na­no­ab­zal­la­ryň kö­me­gi bi­len der­man se­riş­de­le­ri­ni kes­git­le­nen wagt­da be­de­niň ze­per ýe­ten öý­jük­le­ri­ne el­tip bol­ýar

BE­JE­RIŞ ÜÇIN ZE­RUR

DNK-nyň esa­syn­da öz-özü­ni top­la­ýan na­no­ab­zal he­re­ket edip, ze­rur bo­lan ha­la­tyn­da bol­sa şek­li­ni üýt­ge­dip bil­ýär.
Har­ward uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky bar­lag ge­çi­ri­ji­ler DNK-nyň mo­le­ku­la­la­ry­nyň zyn­jyr­jy­gy­nyň esa­syn­da taý­ýar­la­nan na­no­ab­za­ly oý­lap tap­dy­lar. Prog­ram­mir­le­nen na­no­ab­zal dür­li hi­li he­re­ket edip we öz şek­li­ni üýt­ge­dip bil­ýär. Bu aý­ra­tyn­lyk şeý­le na­no­ab­zal­la­ryň na­no­luk­man­çy­lyk pu­da­gyn­da ula­ny­ly­şa gi­ri­zil­me­gi üçin amat­ly şert dö­red­ýär.

Har­ward uni­wer­si­te­ti­niň Wyss ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry Don Ing­ber “Bu teh­no­lo­gi­ýa luk­man­çy­lyk pu­da­gyn­da ula­nyl­ýan na­no de­re­je­dä­ki ab­zal­la­ryň, şeý­le hem der­man se­riş­de­le­ri­niň peý­da bol­ma­gy­na ge­ti­rer” di­ýip bel­le­ýär.

Na­no­ab­zal­la­ryň kö­me­gi bi­len der­man se­riş­de­le­ri­ni kes­git­le­nen wagt­da be­de­niň ze­per ýe­ten öý­jük­le­ri­ne el­tip bol­ýar. Der­man se­riş­de­le­ri­ni be­de­niň ze­per ýe­ten ýer­le­ri­ne elt­mek be­jer­gi üçin iň ze­rur zat ha­sap­lan­ýar.

2 Responses

  1. Iýmit
    Çoluk Möwlamow
    Hemmämize-de mälim bolşy ýaly, adamyň ýaşaýşy iýmit bilen. Iýmit jana lezzet bermedik ýagdaýynda örän howply hem zyýanly zada öwrülýär.

    Iýmit bolçulygyny döretmek adamyň ýaşaýyş üçin iň bir zerur borçlarynyň biri. Bu bolçulygy döretmek kim üçin gazanç çeşmesi, kim üçin borç. Ol borç bolanda-da, nebis bolanda-da, iýmit bilen iş salyşýan adamlarda ilki bilen arassa ýürek bolmaly.

    Ýöne, gynansak-da, kä halatlar adamlaryň arasynda şeýle bir nebisjeňleri duşýar, olar artykmaç gazanç etmek üçin ertirki gün öz başlaryna düşjek jogapkärçiligi hem ýatlamaýarlar. Şeýle adamlar aýratyn-da söwdagärleriň arasynda bar. Olar diňe arzan harytlary gözläp, halka her edip-hesip edip satmak üçin hallan atýarlar. Häzir ýurtda çem gelen söwda dükanjygyny açyp, biznes bilen meşgullanýar. Olarda satylýan harytlara hökümet tarapyndan gözegçiligiň ýoklugyny bu söwda dükanlaryndaky harytlaryň häli-şindi zaýa çykýanlygy aýdýar.

    Bir gezek…

    Aşgabadyň «Daşoguz bazary» diýlen bazarynda hem şeýle söwda dükanjyklarynyň ýüzlerçesi bar. Adamlar işsiz gezenden, goý, söwda bilen meşgullansyn. Ýöne söwda baş goşýan adam ilkinji nobatda alyjyny sylamaly, alyja hormat goýmaly. Şeýtse, onuň özi-de sylagly-hormatly adamlaryň hatarynda boljak. Adamlary aldap baýajak bolmak ahyr bir gün seni belanyň üstünden eltýär

    Ine, şol bazardan bir gezek tanşym bir buglanan et aldy (ýagny, sygyr etiniň konserwasy). Onuň daşynda şeýle ýazgylar bar: «OOO. Мир консервов. Россия, 142138, Московский область, Подольский район, д. Троицкое». Konserwanyň gapagyny açanyňdan, aňkap duran ys ony zyňyp goýbermäge mejbur edýär. Bu önümiň taýýarlananyna örän köp wagtyň geçeni bildirýär. Bahasy bir amerikan dollary.

    Türkmenistanda şeýle buglanan etleri taýýarlaýan telekeçileriň önümleri barka, näme üçin Moskwa ýaly ýerden şeýle zaýa önümler getirilip, satlyga çykarylýar? Birinjiden, bu ýerde kimdir biriniň bähbidi bolmaly. Sebäbi Moskwa ýaly ýerden haryt getirip söwda etmegi garyp-gasar başarmaýar. Ikinjidenem, bu zaýa harytlar örän arzan bahadan berilýän bolmaly. Gaplanan gabyň içinde nähili iýmitiň baryny alyjy nireden bilsin!

    Gözegçilik gerek

    Her bazar üçin iýmitleriň hiline gözegçilik etmeli lukmanlar oturýarlar. Ýöne olar ähli satyjylaryň satýan harytlaryny barlap ýörmäge ýaltanýarlar. Şeýle hem satyjylar her gün irden bazaryň gözegçi doktoryna öz satýan harydynyň iň gowusyny eltip, «dadyryp», harydy satmaga rugsat hata gol çekdirip gaýdýar. Ine, şunuň bilenem bazarlarda satylýan harytlaryň hiline gözegçilik işi tamamlanýar.

    Dogrusyny aýtsaň, iýmite jogapkärçilik soňky döwürde örän gowşady. Iýmit meselesine degişli şeýle bir kynçylyklar bar, oňa asla çäre tapyp bolmaýar. Tomus aýlarynda türkmen bazarlaryny doldurýan gawun-garpyzlar hem gadym döwürden bäri adamzadyň söýüp iýýän hörekleriniň biri. Emma soňky döwürler ýerleriň şorlaşmagy, gurçuklamagy netijesinde gawun-garpyzlar hem göz gorkuzýan önümlere öwrüldi.

    Daýhan her etmeli, hesip etmeli, çagasyny eklemeli. Emma onuň kynçylyk bilen ýetişdirýän gawun-garpyzyny, pomidor-hyýaryny bolsa gurçuklar iýip, zaýalap barýar. Hiç kim kesekiniň aladasyny edenok. Her kim ilkinji nobatda öz çagalaryny eklemegiň aladasynda. Şeýle bolansoň, daýhan özüniň gawun-garpyzly, pomidor-hyýarly pellerine hakyky manysyndaky awyny suw bilen garyp sepip çykýar. Awy satmak gadagan hem bolsa, onuň pul ýasajagyna gözi ýeten adam ony näçe geregem bolsa, tapyp berip bilýär.

    Şeýlelikde awynyň güýji bilen gurçukdan halas edilen gawun-garpyzlar bazarlarda adamlaryň iýmitine öwrülýär. Türkmen tomsunyň jöwzasyny ýeňmäge uly kömek edýän gawun-garpyzyň deňinden hiç kim biparh geçmeýär. Emma awy sepilen gawun-garpyzlar adamlaryň durmuşyna-da awy gatýar. Gawun-garpyzdan, iýmitden zäherlenip, ýokanç kesellileriň keselhanasyna düşýänler ýok däl.

    Ine, iýmitiň lezzet bolman, görgi bolan halaty başa düşýän aladalar.

    Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
    AzatHabar

  2. Neşekeşlige garşy göreşiň soňy nähili bolar?
    Şatlyk Öwezow
    Türkmen telewideniýesiniň we beýleki köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, ýurduň hukuk goraýjy organlarynyň geçiren operatiw-gözleg işleriniň netijesinde Türkmenistan-Eýran serhedinden bikanun neşe maddalaryny geçiren 9 adam saklanypdyr we olaryň ýanyndaky 230 kilogramm tirýek konfiskasiýa edilipdir.

    Türkmen teletomaşaçylaryna konfiskasiýa edilen neşe maddaly paketler, haltalar, neşe gaçakçylygy bilen meşgul bolan adamlar, olardan alnan gymmat bahaly daşary ýurt maşynlary, ähli amatlyklary bolan we birkemsiz bezelen öýler we kwartiralar görkezildi.

    Esasy gürrüňe geçmezden öň bir zady belemek zerur. Türkmen telewideniýesiniň berýän gepleşiklerinde özüne çekiji many-mazmun bolmansoň, olara tomaşa edýänleriň sany gaty ujypsyzlygyna galýar. Adamlaryň «mawy ekrana» ünsli seredýän halatlary gaty seýrek. Beýle pursatlar haçan-da «pylankesi işinden boşadypdyrlar» ýa-da «pylan welaýatda kimdir biri hukuk goraýjylar tarapyndan ele salnypdyr» we şuňa meňzeş şow-şow gürrüňler ýaýran mahallary bolýar. Beýleki wagt türkmen teletomaşaçylary Orsýetiň, Türkiýäniň, beýleki goňşy döwletleriň berýän gepleşiklerine çanakly antenna arkaly tomaşa edýärler.

    Ynha, şu saparam şeýle boldy

    «Watan» habarlar gepleşiginde birinji gezek tutulan neşe baronlary we konfiskasiýa edilen 230 kilogramm neşe baradaky habar berilmänkä, ekranyň öňünde tomaşaçy gaty azdy, ol gepleşik agşam sagat 21-de we 23-de efire berilende, teletomaşaçylaryň sany ep-esli artdy.

    Elbetde, gürrüň teletomaşaçylaryň sany barada däl, neşekeşlik we neşe gaçakçylygy barada. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda göknar goňşy Owganystandaky ýaly giň meýdanlara ekilmeýär. Türkmenistanda ady agzalan goňşy döwletdäki ýaly tirýegi geroina ýa-da beýleki agyr neşelere öwürýän gizlin himiki laboratoriýalar hem ýok. Bir söz bilen aýdylanda, tirýegem, göknaram, geroinam, kokainam ýurdumyza goňşy döwletlerden aralaşýar. Bu hemmelere mälim fakt.

    Şeýle bolansoň, göräýmege, neşekeşlige garşy göreş alyp barmak aňsat ýaly bolup görünýär. Bar edilmeli iş – olam neşäniň ýurda daşyndan gelmegine böwet basmaly – wessalam! Emma şu çaka çenli bu göräýmäge ýeňiljek iş ahyryna çenli ýerine ýetirilmen gelýär.

    Näme üçin?

    Neşäniň ýurda gelýän akymlaryna böwet basmaga Türkmenistan ýaly döwletde ähli mumkinçilik bar, bu işi öz göni gulluk borjy boýunça amala aşyrmaly güýçlerem bar. Ozaly bilen döwlet serhediniň goragynda duran serhetçiler bar. Galyberse-de her bir ýük maşynyny, her bir adamyň ýanyndaky el goşlaryny ýekme-ýek barlaýan gümrük gullugynyň işgärleri bar.

    Bularyň üstesine Içeri işler ministriginde-de, Milli howpsuzlyk ministrliginde-de bar bolan degişli bölümleriň köp sanly işgärlerini goşsaň, onda neşä garşy göreş alyp barýanlaryň armiýasy ýene-de köpeler gider. Ahyry iki ýyl mundan ozal täze döredilen Türkmenistanyň neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça ýörite döwlet gullugy bar.

    Gynansakda, şeýle güýji we degişli gulluklary bolan Türkmenistan özüni we ýurtda ýaşaýan halky daşyndan gelýän neşe belasyndan şu çaka çenli pugta we ygtybarly gorap bilmeýär. Munuň sebäpleri hakynda näçe aýtsaň aýdybermeli. Men diňe sebepleriň iň esasylary barada gürrüň etmekçi. Birinjiden, neşä garşy göreş alyp barmaga borçly, bu belanyň öňünde böwet bolup durmaly gulluklaryň işgärleriniň arasynda giňden ýaýran parahorluk. Ýadyňyzda bolsa, ýurduň öňki prezidenti öz çykyşlarynda polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçylaryny neşe gaçakçylygynda, neşe söwdasynda açyk aýyplapdy.

    Şol bir wagtyň özünde-de Saparmyrat Nyýazowyň «bir-iki gram neşe üçin adamlary tutup-basyp ýörmäň» diýen sözlerinden soň polisiýa işgärleri we «komitetçiler» neşe söwdasyny «öz akymyna» goýberdiler, bu söwdadan arkaýyn peýda edinip başladylar, gara nebse kowalaşdylar.

    Netijede, şäherlerde we obalarda neşäni öý başyna diýen ýaly edip başladylar, «ak ölüm» atlandyrylan geroini çigit satan ýaly her ýerde arkaýyn satyp ugradylar. Müňlerçe ýaş oglan-gyzlar, aýal-erkekler neşekeş boldy, müňlerçe psihiki taýdan kemis çagalar dünýä indi. Türkmeniň geljekki nesline agyr urgy edildi. Neşekeşlik milli betbagtçylyga öwrüldi.

    Soňky iki ýylyň içinde

    Gepiň gerdişine görä aýtsak, soňky iki ýylyň içinde neşelere garşy göreş has netijeli boldy. Bu göreşi alyp barýan ýörite döwlet gullugy döredilensoň ýagdaý birneme gowulaşdy. Häzirki wagtda obalarda we şäherlerde geroini ýa-da tirýegi tapaýmak aňsat däl. Neşe söwdasy bilen meşgul bolanlaryň ýüzlerçesi, neşe çekenleriň müňlerçesi sud jogapkärçiligine çekildi.

    Elbetde, beýle diýildigi neşekeşligiň soňuna çykyldy diýmegi aňlatmaýar, oňa heniz esas ýok. Neşe öňküsi ýaly açykdan-açyk satylmasa-da, ony isleg bildirenler zerur halynda tapýarlar, satyn alýarlar.

    Eger döwletiň degişli gulluklary ýurduň içine gelýän neşeleri soňky saparky tutuşlary ýaly yzygiderli we rehimsizlik bilen tututsalar, onda, belki, bu belanyň soňuna çykylmagy hem mümkin. Emma neşä garşy iş öňküsi ýaly kampaniýa äheňinde alnyp barylsa, prezident aýdandan aktiwleşip, beýleki wagt ýene-de öz akymyna goýberilse, onda bu belanyň soňuna hiç wagtam çykylmaz.

    Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
    AzatHabar

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: