Iý­mit pu­da­gyn­da, far­ma­sew­ti­ka­da hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gyn­da

“Mag­Lew” iý­mit­le­riň hi­li­ni bar­lar

Mag­nit le­wi­ta­si­ýa­sy (le­wi­ta­si­ýa ho­wa­da ýe­ri­ňi üý­get­män dur­ma­gy aň­lad­ýar) sö­zü­ni eşi­de­ni­miz­de, il­ki bi­len ýo­ka­ry tiz­li­ki mag­nit ýas­syk­ly ot­lu­lar ýa­da düş­ýär.
Ýö­ne bi­ler­men­ler “Mag­Lew” (mag­nit le­wi­ta­si­ýa­sy) teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly su­wuň hem-de süýt ýa­ly su­wuk iý­mit­le­riň hi­li­ni bil­me­giň ar­zan usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Bu ba­ra­da http://www.giz­mag.com saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.

Iý­mit pu­da­gyn­da, far­ma­sew­ti­ka­da hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gyn­da su­wuk­ly­gyň dy­kyz­ly­gy­ny bil­mek hi­li bil­me­giň il­kin­ji ädi­mi ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi, is­len­dik mad­da­nyň dy­kyz­ly­gy bi­lin­se, onuň hi­mi­ki dü­zü­mi ba­ra­da mag­lu­mat edin­mek bol­ýar. My­sal üçin, dy­kyz­ly­gy bil­mek ar­ka­ly su­wuk­ly­gyň için­dä­ki şe­ke­riň muk­da­ry­ny, iç­gi­dä­ki al­ko­go­lyň muk­da­ry­ny ýa-da su­wuň için­dä­ki du­zuň muk­da­ry­ny bil­mek bol­ýar. Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň dok­to­ry Jorj Waýt­saýd hem-de onuň iş­deş­le­ri “Mag­Lew” teh­no­lo­gi­ýa­sy esa­syn­da iş­le­ýän dy­kyz­ly­gy bel­li et­me­giň tä­ze usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Waýt­saý­dyň aýt­ma­gy­na gö­rä, öz­le­ri­niň oý­lap ta­pan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry areo­metr ýa­ly öň­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ulan­mak taý­dan has aň­sat hem az çyk­da­jy­ly­dyr.

Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly iş­le­ýän en­jam, as­lyn­da, örän sa­da­dyr. Ki­çeň­räk kub şek­lin­dä­ki bu en­jam gap­dan hem-de onuň içi­ne goý­lan (dy­kyz­ly­gy bi­lin­mek is­len­ýän) mad­da­dan yba­rat­dyr. Bu ku­bik iki mag­nit pol­ýu­syň ara­sy­na ýer­leş­di­ril­ýär we mag­nit ma­te­ri­al­dan ýa­sa­lan gör­ke­zi­ji mad­da­nyň dy­kyz­ly­gy ba­ra­da mag­lu­mat ber­ýär.

Ge­çir­len sy­nag­lar­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň su­wuň için­dä­ki du­zuň, süýt­dä­ki ýa-da ösüm­lik ýa­gyn­da­ky ýa­gyň gö­te­ri­mi­ni ýo­ka­ry ta­kyk­lyk­da öl­çe­me­gi ba­şa­ran­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Zaman

One Response

  1. Çilimiň garşysyna göreş

    Alyjan Döwletow
    Adatça, Türkmenistanda iki adamynyň başy çatylsa: «Näçe perman, kanun, karar çykarylaýsyn, olaryň hiç birinden haýyr ýok. Perman, karar, kanun işlemese, olary çykarmak nämä gerek?!» diýişýärler.

    Muny aýdýanlaryň gürrüňiniň jany bar. Ýöne, hakykatyň hatyrasyna şuny-da ýaňzytmak gerek: hemme ýagdaýda beýle-de däl. Permanlaryň-da nepiniň degýän ýeri-de kän.

    Esasy gürrüňe geçmezden ötri, biraz yza çekileliň hem-de käbir faktlary ýatlap geçeliň.

    Geçen asyrda

    Geçen — ýigriminji asyryň ellinji, altmyşynjy, ýetmişinji, segseninji ýyllarynda çilimiň zyýany hakynda gürrüň gozgalsa-da, onuň garşysyna aýgytly göreş alnyp barylmandy.

    Edaralarda, kärhanalarda, kiçidir uly ýygnanyşyklarda, köpçüligiň üýşen ýerlerinde… çilim çekilerdi. Çilimiň tüssesiniň derdinden ýaňa gözüňi açar ýaly bolmaýardy.

    Şol döwürde degişmä ýakyn şeýleräk gürrüňem aýdylýardy: Bir gelin işinden öýüne gelipdir. Adamsy burnuny ýellendirip, aýalyna gygyrypdyr: «Üstüňden çilimiň ysy gelýä! Erkek bilen gezip ýören-ä dälsiň?!» (Türkmenlerde aýal maşgala çilim çekmeýär).

    Aýaly görgüli kabinetlerinde dört sany erkek kişiniň aldygyna çilim kükedýändigini gaýtalap-gaýtalap düşündirip, müňkür ärinden zordan sypypdyr.

    SSSR-iň hökümet baştutanlary, hatda Staline çenli çilim çekipdi. Jana ýagy çilimiň garşysyna döwlet derejesinde göreşilmezliginiň sebäbi belki, şunuň üçindir?!

    Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda-da çilimiň garşysyna berk göreş alnyp barylmady. Ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow ölemen çilimkeşleriň biridi. Prezident näsaglyk tapansoň, lukmanlar oňa çilim çekmezligi maslahat berdiler. Nyýazow öz erkine buýrup, çilimini taşlady.

    Şol ýyllar tutuş dünýä möçberinde çilimiň garşysyna her dürli çäreler arkaly göreş alnyp barylýardy. Ösen döwletleriň birnäçesi edaralarda, köpçülik ýerlerinde, restoranlarda… çilim çekmäge gadagançylyk girizdiler. Düzgüni bozýanlara jerime salyndy.

    Bir ujy Türkmenistanda

    Çilimiň garşysyna göreşiň bir ujy Türkmenistana-da geldi. Döwlet ýolbaşçysy şu babatda ýörite perman çykardy. Perman kynlyk bilen ýola düşdi.

    Çilimkeşleri zyýanly endikden aýyrmak üçin aýgytly çäreleri görmeli boldy. Munuňam sakasynda ozalky prezidentiň durandygyny aýtmak gerek.

    Çilimiň garşysyna göreşmek şu günler nähili? Çilim çekilýän döwürden oba-ha göçdi. Sebäbi çilim çekýäne gaty uly jerime ýelmenýär. Aýratyn hem çilimkeşi polisiýa işgäri tutaýsa, dat gününe.

    Dogry, ogryn-dogryn çilim çekilmän durlanok. Iş kabinetlerinde seýrek halda çilim çekilýär. Howlularda, köçeleriň ugurlarynda gizlenibräk çilim çekilýär. Köpçüligiň üýşen ýerlerinde, mähelleli duralgalarda, bazarlarda çilim çekýäne seýrek gabat gelinýär.

    Ozallar awtobuslaryň, trolleýbuslaryň, ýeňil maşynlaryň içinde çilim çekilýärdi. Hemme kişi çekmese-de, garaz, gopbamja kişiler muny edermenlik bilip şeýdýärdiler.

    Indi beýle zat ýok. Trolleýbusdyr awtobuslarda indi ýolagçylar çilim çekmeýärler, ýöne çilimi indi awtobusdyr trolleýbusyň sürüjileri çekýärler. Elbetde, hemmesi däl. Umuman, şofýorlaryň çilim çekýäni kän. Olaryň çilimleriniň tüssesi awtobusdyr trolleýbusyň içine ýaýrap, adamlara, çaga-çugalara ýetýär. Belki, ýadawlyk olary çilim çekmäge mejbur edýändir.

    Alyjan Döwletow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
    AzatHabar

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: