A/H1N1: ýene-de nämä garaşmaly?

Gripiň täze ştammy bolan A/H1N1 wirusynyň üstümizdäki ýylyň bahar paslynda dünýä ýurtlarynyň onlarçasyna ýaýrap, pandemiýanyň (keseliň älem-jahana köpçülikleýin ýaýramagy) döremek howpuny salandygy mälimdir. Häzirki wagtda täze grip dürli döwletleriň wirusologlarynyň üns merkezinde goýlup, öwrenilýär. Bu tötänden däl. Gripiň täze wirusynyň aýratynlyklary dürli asyrlarda “tutaşan” pandemiýalara sebäp bolan beýleki wiruslary ýatladýar.

1. Gripiň möwsümleýin “tolkunlary” güýzde möwjäp ugraýar. Onuň pandemiýalara sebäp bolan wiruslarynyň bolsa baharda ýaýrap başlandygy adamzadyň ýadyndadyr. Meselem, ýazda ilkinji pidalary hasaba alnan “ispanka” tomus düşüp-düşmänkä gowşap, güýzde täzeden möwç alypdy. A/H1N1 wirusynyň hem ýazda özüni bildirip, köp wagt geçmänkä “ýuwaşamagy” adamlary howsala düşürýär, onuň güýzde täzeden “baş götermeginden” howatyrlandyrýar.

2. Täze wirusyň gibridlik häsiýetini hem göz öňünde tutmazlyk mümkin däl. Onuň genetik materialy 3 wirusdan — guş, doňuz, adam wiruslaryndan emele gelýär.

3. Gripiň täze ştammynyň esasy alamatlary möwsümleýin gripiňkä meňzeş: kellagyry, myşsalarda agyry peýda bolýar, bedeniň gyzgyny 38 gradusdan ýokarlanýar. Ýöne bu ştamm ýokuşanda wirusly pnewmoniýanyň ýaýbaňlanmak we keseliň ilkinji günlerinde syrkawyň heläk bolmak ähtimallygy ýokarlanýar. 
4. A/H1N1 wirusy hem guş dümewi ýaly esasan howa-damja ýoly arkaly  ýaýraýar. Ýöne ondan tapawutlylykda, adamdan-adama geçýär. Munuň özi onuň ýaýramak howpuny ýokarlandyrýar. Her niçigem bolsa, az-kem ynjaldýan ýagdaý bar: gripiň täze ştammy zerarly ýüze çykan ölüm-ýitim şeýle bir köpem däl. Guş gripinde bolsa kesellän adamlaryň 70%-niň ýogalandygy hasaba alnypdy.

5. Ýurtlaryň arasynda syýasy-ykdysady, medeni-sosial aragatnaşyklaryň ösmegi tutuş yklymda ulagly gatnawyň ýygylaşmagyna itergi berýär. Netijede wirusyň has çalt ýaýramagy üçin şert döreýär.

6. A/H1N1 — täze wirus. Onuň nähili häsiýetleri ýüze çykarjakdygy, özüni nähili alyp barjakdygy, ondan ýene-de nämä garaşyp boljakdygy näbelli. Hut şonuň üçin biziň hemmämiz gripiň täze ştammynyň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardamly waksinanyň döredilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Waksina barada

Häzir dürli ýurtlarda täze wirusa garşy waksinany döretmegiň üstünde işlenilýär. Meselem, Russiýada Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Nowosibirskiniň Wirusologiýa ylmy-barlag institutlarynda onuň 2 görnüşi: inaktiwirlenen we janly grippoz  waksinalar işlenilip düzülýär. Alymlaryň pikiriçe, waksinany döretmek onçakly kyn däl. Ýöne köpçülikleýin ulanmak maksady bilen önümçilige goýbermezden öň ony kliniki synaglardan geçirmek üçin biraz wagt ýitiriler. “Waksinany ýekeje gezek sançmak ýeterlikmi ýa-da öňüni alyş sanjymlaryny tapgyrlaýyn, ýagny belli-belli wagt aralygynda birnäçe gezek geçirmelimi?” Ine, şeýle sowala jogap tapmak üçin 1,5-2 aý töweregi wagt gerek bolar. Eger zerurlyk ýüze çyksa, ýylyň ahyrky aýlarynda waksinany köpçülikleýin öndürmäge girişiler. Täze waksina möwsümleýin gripe garşy sanjymlardan ýüz öwürmelidigini aňlatmaýar. Bu 2 waksina bir-biri bilen ylalaşyklykda hereket edýär.
Häzir gripiň islendik wirusyna garşy täsir etmäge ukyply umumy waksinany döretmek işi gyzgalaňly barýar. Şol bir wagtda gripe garşy täze derman serişdelerini oýlap tapmagyň üstünde işlenilýär, gripe garşy öňden bar bolan dermanlary täze wirusa garşy ulanmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Meselem, “Roş” kompaniýasy Tamiflýu dermanynyň ilkinji nobatda A/H1N1 wirusynyň köpçülikleýin ýaýramagyndan ejir çekilen ýurtlarda elýeterli bolmagyny gazanmak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we dürli ýurtlaryň hökümetleri bilen hyzmatdaşlykda iş alyp barýar.

BSGG teklip edýär

ABŞ-da geçirilen testler A/H1N1wirusynyň remantadine we amantadine durnuklydygyny, oseltamiwire (Tamiflýu) bolsa duýgurdygyny görkezdi. Tamiflýu gripiň pandemiýasy ýüze çykan ýagdaýynda keseliň öňüni almak we bejermek maksady bilen ulanmak BSGG tarapyndan teklip edilen esasy dermandyr. Öňüni alyş maksady bilen kabul edilende, Tamiflýu wirus bilen galtaşan ilatyň arasynda grip bilen kesellemäni düýpgöter — azyndan 92% azaldýar. Wirusyň bölünip çykyşynyň ýygylygyny azaldýar, onuň maşgala agzalarynyň birinden beýlekisine geçmeginiň öňüni alýar. Ol ylaýta-da ulularda we çagalarda A we B tipli (diýmek, A görnüşli doňuz gripiniň A/H1N1 wirusynyň hem) gripiň öňüni almakda ýokary netije berýär. Ony 2 ýagdaýda: syrkaw bilen galtaşykdan soň 10 günüň dowamynda hem-de gripiň epidemiýasy yglan edilen gününden başlap, 6 hepdä çenli aralykda ulanmak mümkindir. Bejeriş maksady bilen keseliň ilkinji alamatlary peýda bolandan soň başky 48 sagadyň dowamynda peýdalanmaly. Bejerişe näçe ir girişilse, derman şonça-da oňat täsir edýär. Maşgalada kimdir biri kesellese, beýleki maşgala agzalaryna öňüni alyş maksady bilen 10 günüň dowamynda Tamiflýu içirmek maslahat berilýär. Täze wirusyň ýaýran ýurtlaryna az wagtlyk syýahata gidilende hem bu dermany tä gaýdylýança her gün 1 kapsuladan kabul etmek maksada laýykdyr. Ýöne eger, syýahat birnäçe hepdeden köpe çekse, onda ýanyňda Tamiflýu dermanynyň has köp mukdaryny götermek we kesel alamatlary peýda bolan dessine bejeriş maksady bilen ulanyp başlamak maslahat berilýär.

Kabul etmezden öň dermanyň instruksiýasyny okamaly, lukman bilen maslahatlaşmaly.

REF. Saglygy Goraýşyň Habarlar Merkezi

2 Responses

  1. Çilim çekmekden daş duralyň
    Adam üçin iň bir möhüm zat onuň saglygydyr. Saglyk bolmasa, durmuşda ruhubelent ýaşap bolmaýar. Sagdyn ýaşamaklyk adamyň durmuşdan lezzet almagyna, durmuşy söýmegine itergi berýär. Dünýäde iň uly baýlyk diýseler, her bir adamyň aklyna ilki bilen saglyk atly tükeniksiz hazyna gelýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow şeýle belleýär:

    Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al,

    Ylgap baryp saglyk bilen erki al,

    Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,

    Soň tapylar galan zady zyňyp git.

    Diýmek, iň uly üç baýlygyň biri hem saglykdyr. Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin özümizi zyýanly endiklerden näçe uzakda saklasak, şonça gowudyr. Zyýanly endikleriň duzagyna düşmek bolsa, biziň üçin uly howpdur. Şeýle uly howplaryň biri hem çilim çekmekdir. Çilimkeş hakynda atamyz Magtymguly Pyragy şeýle setirleri aýdyp geçipdir:

    Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,

    Ede bileniň etgil munda, çilimkeş.

    Diwan gurlan güni hasap jaýynda

    Jogabyň nämedir anda, çilimkeş?

    El götergil beýle nähak talaşdan,

    Puluň köýer, janyň ýanar bu başdan,

    Erte garnyň doldurarlar ataşdan,

    Zähmi çykmaz, galar janda çilimkeş.

    Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe,

    Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa

    Binamaza, gybatkeşe, ogruýa

    Ýoldaş bolar ýowuz günde çilimkeş.

    Hakykatdanam, çilim adam saglygynyň duşmanydyr. Çilim çekýän adam sagdyn ýaşap bilmez. Çilim çekýän adamyň dem alyşy kynlaşýar. Ony bendi eden beýleki spirtli içgilere hem baş goşup biler. Çilim çekýän adamyň öýkeni öz işini kadaly ýerine ýetirip bilmeýär. Wagtyň geçmegi bilen öýkende keseliň döremegine getirýär. Çekilen her bir çilim biziň ömrümizden 5,5 minut kemeldýär.

    Çilimiň esasy zyýany 20-30 ýyl geçen soň bildirip başlaýar. Çilimden adama 24 dürli kesel geçip bilýär. Çilim adama ilki başda zyýansyz ýaly bolup görünse-de, soňy bilen ol adamyň iň uly duşmanyna öwrülýär. Ony dost eden adam dostsuz galar. Ondan gaça duran bolsa, durmuşdan lezzet alyp sagdyn ýaşar.

    Adamyň özüne ynamy bolsa, ol her bir zadyň hötdesinden gelip bilýär. Eger-de sen çilimi taşlap biljekdigiňe çyn ýürekden ynansaň, onda ony goýmak kyn däldir. Eger çilimden gutulmak isleýän bolsaňyz, aşakdaky maslahatlara üns beriň.

    *Durmuşda kynçylyklary ýeňip geçen pursadyňyz bolandyr. Onda siz çilimi hem goýup bilersiňiz.

    *Maşgalaňyzdan hem-de dostlaryňyzdan çilimi goýmaga goldaw bermeklerini soraň.

    *Biri size çilim hödürlese, ony goýandygyňyzy aýdyň. Bu siziň özüňize ynamyňyzy has hem artdyrar.

    *Köke, süýji ýaly zatlary iýmek bilen ony unudyp bilersiňiz.

    *Köpräk suw içiň. Suw içmeklik bedeniňizden zyýanly mikroblaryň çykmagyna sebäp bolar.

    *Bu ýazgymyzy okap bolanyňyzdan soňra ony taşlamak üçin meýilnama biçiň.

    *Çilimi goýmak üçin belli bir gün belläň, bu gün täze durmuşyňyz üçin başlangyç boljakdygyny ýatdan çykarmaň.

    *Çilimi goýup bilseňiz, özüňizi sylaglandyryň.

    Eger şulary doly ýerine ýetirip bilseňiz, durmuşda sagdyn we ruhubelent ýaşap bilersiňiz. Şu ýollary özüne ýörelge edip, çilim çekmekden gutulan adamlar sagdyn durmuşda ýaşamagyň hözirini görüp ýaşaýarlar.

    Size hem bu bagtyň nesip etmegini arzuw edýärin.

    Adam entek hassa bolmazdan öň öz saglygynyň gadyryny bilse, saglyk oňa baky ýar bolar.

    Mundan başga-da aşakdaky teswiri hem görüp bilersiňiz:

    http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=7125

    Janyňyz sag bolsun!!!

  2. Sagdyn dişler hemmeleriň arzuwy
    Biziň her birimiz owadan we sagdyn dişlerimiziň bolmagyny isleýän bolsak gerek. Emma, gynansak-da, köpimiz dişlerimiz hakynda nähili alada etmelidigimizi doly bilemzok, onsoňam bu hakda birnäçe ýalňyş düşünjeler bar.

    Eger dişleriňiz agyrmaýan bolsa, diş lukmanyna baryp durmagyň hem zerurlygynyň ýokdugy baradaky pikir örän giň ýaýran. Bu örän ýalňyş pikirdir. Sebäbi ähli diş keselleri başlangyç döwründe agyrysyz geçýär. Keseliň iň ilkinji alamatlaryny bolsa, diňe diş lukmany görüp bilýär. Ondan başga-da, keseliň ösüşiniň hut irki tapgyrlarynda ony bejermegiň netijeliligi ýokary bolýar we az möhletde amala aşyryp bolýar. Şonuň üçin hem, ýylda azyndan iki gezek diş lukmanyna görünmeli.

    Gynansak-da, biz öz dişlerimiziň saglygymyzda tutýan ornuna örän ýüzleý baha berýäris. Dişleriniň kökünde çişme ojaklary bar bolan kariýesli näsaglaryň, Geýdelberg uniwersitetiniň newrologlarynyň pikiriçe, insult geçirmek howpy iki esse artýar. Ondan başga-da, dişleriň erbet ýagdaýda bolmagy beýleki içki organlaryň dürli kesellerine (meselem, böwregiň we bagryň dürli kesellerine) eltip bilýär. Köpimiz birnäçe dişimiziň sogrulmagyna diş-ortoped lukmanyna ýüz tutmaga esas hökmünde garamaýarys. Aslynda bolsa, ýekeje dişimiz sogrulan bolsa-da, diş-ortoped lukmanyna ýüz tutmaly. Eger iki ýada köpräk dişiňiz gopan bolsa, onda has hem howlukmaly. Ikinji diş ýitirilenden soň 2-3 hepdeden gijä galman protezist lukmana ýüz tutmaly. Gopan dişleriň ikisi hem äňiň bir tarapyndan bolsa, onda hasam howply.

    Birnäçe dişiň gopan ýagdaýynda sogrulanyň ýanynda ýerleşýän dişler biri-birine tarap süýşüp ugraýar. Garşydaky äňdäki dişler bolsa sogrulan dişiň boşlugyna tarap ösüp ugraýar we netijede sogrulan dişiň boşlugy doldurylýar. Bu bolsa, soňraky protezlemede kynçylyklary döredip bilýär. Ýöne bu entek hemmesi däl, adam refleksleýin ýagdaýda galan dişlerine has agram salýar. Iň dogrusy bolsa, 32 dişiň ählisi hem iýmitiň dişlenip alynmagyna we çeýnelmegine gatnaşmaly – bu tebigat taýdan kesgitlenen zat.

    Dişleri sogurtmak bilen biz nerw ulgamynyň gurluşynda, hatda oňurga ýiliginiň ösüntgisinde we kelle beýnisiniň bardasynda näsazlyklaryň döremegine sebäp bolýandygymyzy hem aýtmak gerek. Neýronlar ölýärler we organizmiň içki hadysalarynyň sazlaşygy üýtgeýär, bu bolsa aşgazanda ýara döremegine, gastrite ýa-da gan basyşynyň ýokarlanmagyna eltip bilýär.

    Köpimiz paradontoz ýaly keseller stomatolog tarapyndan bejerilýändir öýdýäris. Ýöne bu beýle däl. Bu keseliň sebäbi bolup içki organlaryň haýsy hem bolsa, bir keseli çykyş edýär. Ilkinji nobatda şony bejermek gerek. Elbetde, paradontozyň bejerilmeginde stomatolog hem kömek edip biler, ýöne esasy sebäp bolup durýan kesel bejerilmese, bu kömegiň täsiri wagtlaýyn we diňe kosmetik häsiýetli bolar.

    Soňky döwürlerde bütin maşgala üçin bir diş pastasy mahabatlandyrylýar. Ýöne diş pastasyny mahabata görä däl-de, diş lukmanynyň maslahatyna görä saýlamaly. Sebäbi uniwersal – bütin maşgala üçin niýetlenen – diş pastalary aslynda ýok. Dürli ýaşlarda dürli diş pastalary gerek bolýar. Ondan başga-da, diş pastasynyň saýlanmagy dişleriň ýagdaýyna we hatda ýaşaýan ýeriňize görä üýtgäp durýar. Meselem, içilýän suwunda ftor köp bolan ýerlerde ftorly diş pastalaryny ulanmak bolmaýar. Ýeri gelende aýtsak, ftor duzlarynyň diňe 2-4 görnüşi hakykatdan hem kariýesiň öňüni alyp bilýär.

    Köpimiz dişleriň sagdynlygy ýa-da keselliligi ene-atadan geçýändir diýip pikir edýäris. Şonuň üçin hem profilaktik çärelere köp üns berilmeýär. Aslynda, dişleriň sagdynlygynda ene-atanyň täsiri bar hem bolsa, agyz boşlugynyň kesellerinde, hususan-da kariýesde, bu täsiriň orny örän kiçidir. Şonuň üçin hem, hünärmenleriň pikiriçe, ene-ataňyzdan nähili dişleri miras alandygyňyza garamazdan, profilaktika bilen bagly ähli zatlar kariýesiň öňüni almaga uly mümkinçilik berýär. Dişini arassalaýanlar bolsa, şeýle pikir edýär: „Eger agzyň içinde serginlik duýulýan bolsa, diýmek dişler gowy arassalanypdyr“. Emma diş lukmanlarynyň aýtmaklary boýunça bu ýalňyş, sebäbi agyzdaky serginlik duýgusy agyz boşlugynyň arassalyk görkezijisi bolup bilmeýär.

    Hamyla aýallaryň dişleriniň zaýalanýandygy baradaky aýdylýanlary hem toslamalara degişli etmek bolar.

    Dişi agyran ýagdaýynda agyrýan ýerini orap ýa-da ýaglyk goýup daşyndan gyzdyrýanlar hem nädogry edýärler (agyryly tarapyňda ýatmak hem dogry däl, ertire çenli ýüzüňiziň çişmegine sebäp bolup bilýär). Aslynda bolsa, agyryly ýeri içinden dürli diş kesellerinde peýdaly bolan gyzgyn agyz çaýkamalary bilen gyzdyrmaly.

    Lukmanlaryň bellemeklerine görä, ilki bilen-ä, çaýkama gyzgyn bolmaly we günde iň azyndan 5-10 gezek çaýkalmaly. Çaýkamany şeýle amala aşyrmaly: suwly stakany bir eliňize, gaby beýleki eliňize alyp, suwy dişleriňiziň we ýaňagyňyzyň aralygynda saklamaly. Agzyňyzdaky suw sowanynda – gaba tüýkürip, agzyňyza täzeden suw almaly – satakanyňyzdaky suw gutarýança ýa-da agyry aýrylýança şeýtmeli. Diş lukmanlarynyň aýtmaklaryna görä, agyz boşlugyny dürli otlar – çopantelpek, bidenek (şalfeý), dubuň gabygy garylan suw bilen çaýkamak bolýar. Eger ot tapmak kyn bolsa, onda çaý, kofe, margansowkanyň ýa-da sodanyň az ergini onuň ýerini tutup biler. Soda barada aýdylanda bolsa ol otlardan hem gowy zyýansyzlandyrýar, ýöne köp ulanylan ýagdaýynda nemli bardasyny ýakyp bilýär (parodontozda sodany düýbünden ulanmak bolanok).

    Dişleri abat, sagdyn we owadan saklamak üçin ýerine ýetirilmesi kyn bolmadyk iň azyndan şu aşakdaky düzgünler berjaý edilse ýeterlikdir:

    1. Dişleriňizi we agyz boşlugyny günde iki gezek (irdenlik edineniňizden soňra we agşam ýatmazdan öň) ýuwuň;

    2. Ýylda azyndan iki gezek diş lukmanyna görnüň.

    Janyňyz sag bolsun!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: