“Sähra” gazetiniň baş redaktory bilen söhbet

Soňky ýyllarda eýranly türkmenleriň arasynda gazetler, žurnallar we kitaplar köp çykyp başlady.Häzirki wagtda resmi taýdan hasaba alnan türkmen metbugatlarynyň sanawyna “Sähra” gazeti, “Pyragy” hem-de “Ýaprak” žurnallary hem girýär.Azatlyk Radiosy “Sähra” gazetiniň döreýşi we häzirki ýagdaýy barada gazetiň baş redaktory Dr.Abdolrahman Düýeji bilen söhbet etdi.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi” programmasynda owganystanly türkmen, uniwersitet mugallymy Rasihyň “Türkmenleriň taryhy” diýen kitaby barada hem gurrüň edilýär.

Programmany diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.

Audio

“Sähra” gazetiniň baş redaktory bilen söhbet

ref. AZATHABAR

2 Responses

  1. Çaý we kofe “ýürek agrysyna garşy goraýar”
    Gollandiýada geçirilen 13 ýyllyk barlagyň netijesine görä günde birnäçe käse çaý ýa-da kofe içmek ýürek agrysyna garşy goraýamyka diýlip çak edilýär.

    40 müň adamda geçirilen barlaglara görä günde 6 käseden köp çaý içýänlerde ýürek agrysy bolma ähtimallygyny üçde-bir azaldýar. Günde 2-4 käse kofe içmek hem ýürek agrysyny azaldýar. Başga bir barlaga görä bu azalma 20% töweregidir.

    Ellen Mason (Britaniýanyň Ýürek Guramasynda ýokary derejeli kardiolog) şeýle diýýär: “Bu ylmy-barlag kadaly derejede çaý we kofe içmegiň saglyga zyýanly däldigi baradaky maglumatlara goşant goşýar. Elbetde ýüregiňi oňat ýagdaýda saklamaga gezek gelende umumy ýaşaýyşymyzy saglykly görnüşde alyp barmak iň esasysydyr. Kofeniň ýanynda çilim hem çekseňiz onda kofeniň ähli saglykly tarapy ýok bolar, ýa-da telewizoryň öňünde birnäçe sagatlap çaý içip hiç maşk etmezlik siziň ýüregiňizi goramaga hiç goltgy bermese gerel”

    Çeşme: Bayjan

  2. ABŞ we Türkmenistan neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş babatynda hyzmatdaşlygy uzaldýarlar
    Aşgabat, 2010-njy ýylyň 7-nji iýuny – Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginde gol çekiş dabarasy arkaly Birleşen Ştatlary we Türkmenistan neşe serişdelerine gözegçilik etmek we hukuk goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirilmegini resmileşdirdiler. Taraplar 2001-nji ýylyň sentýabr aýynyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky “Neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş edaralaryna ýardam bermek baradaky ylalaşyga” üçinji düzedişe gol çekdiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan we Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň adyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Rid Kurran bu düzedişe gol çekdiler.

    Bu girizilen düzediş häzirki döwürde durmuşa geçirilýän çäreleri dowam etdirýär hem-de “kriminalistler we sülçiler” taslamasyny esaslandyrmak we goldamak üçin göşmaça maliýe serişdeleriniň goýberilmegi esasynda hyzmatdaşlyga täze bir ugry girizýär. Bu täze taslama Türkmenistanyň neşe serişdelerine garşy göreşmek baradaky Döwlet gullugynyň kriminalistleri bilen jenaýat işleri derňeýän sülçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge niýetlenendir. “Kriminalistler we sülçiler” taslamasy öňki amala aşyrylan kazyýet laboratoriýalaryny ösdürmek we neşe serişdelerine garşy göreşmek baradaky taslamalaryň dowamydyr.

    Täze “kriminalistler we sülçiler” taslamasynyň çäklerinde, Birleşen Ştatlarynyň hukuk goraýyş edaralarynyň bilermenleri, ilkinji nobatda, Neşe serişdelerine garşy göreşmek baradaky dolandyryş gullugynyň kriminalistleri subutnamalary ýygnamak, jenayatyň bolup geçen yerinde derňew işini geçirmek we sud ekpertizasyny geçirmek boýunça taýýarlyk okuwlaryny geçirerler. Şeýle hem, taslama neşe serişdelerine garşy göreşýän toparlar we kriminalistlere jenaýatyň bolup geçen ýerinde subutnamalary ýygnamak üçin esasy serişdeler we gurallar bilen üpjün eder.

    US Embassy in Turkmenistan

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: