Türkmenistan neşe serişdelerine gözegçilik

ABŞ we Türkmenistan neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş babatynda hyzmatdaşlygy uzaldýarlar
Aşgabat, 2010-njy ýylyň 7-nji iýuny – Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginde gol çekiş dabarasy arkaly Birleşen Ştatlary we Türkmenistan neşe serişdelerine gözegçilik etmek we hukuk goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirilmegini resmileşdirdiler. Taraplar 2001-nji ýylyň sentýabr aýynyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky “Neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş edaralaryna ýardam bermek baradaky ylalaşyga” üçinji düzedişe gol çekdiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan we Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň adyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Rid Kurran bu düzedişe gol çekdiler.

Bu girizilen düzediş häzirki döwürde durmuşa geçirilýän çäreleri dowam etdirýär hem-de “kriminalistler we sülçiler” taslamasyny esaslandyrmak we goldamak üçin göşmaça maliýe serişdeleriniň goýberilmegi esasynda hyzmatdaşlyga täze bir ugry girizýär. Bu täze taslama Türkmenistanyň neşe serişdelerine garşy göreşmek baradaky Döwlet gullugynyň kriminalistleri bilen jenaýat işleri derňeýän sülçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge niýetlenendir. “Kriminalistler we sülçiler” taslamasy öňki amala aşyrylan kazyýet laboratoriýalaryny ösdürmek we neşe serişdelerine garşy göreşmek baradaky taslamalaryň dowamydyr.

Täze “kriminalistler we sülçiler” taslamasynyň çäklerinde, Birleşen Ştatlarynyň hukuk goraýyş edaralarynyň bilermenleri, ilkinji nobatda, Neşe serişdelerine garşy göreşmek baradaky dolandyryş gullugynyň kriminalistleri subutnamalary ýygnamak, jenayatyň bolup geçen yerinde derňew işini geçirmek we sud ekpertizasyny geçirmek boýunça taýýarlyk okuwlaryny geçirerler. Şeýle hem, taslama neşe serişdelerine garşy göreşýän toparlar we kriminalistlere jenaýatyň bolup geçen ýerinde subutnamalary ýygnamak üçin esasy serişdeler we gurallar bilen üpjün eder.

US Embassy in Turkmenistan

One Response

  1. Средиземноморская диета – от рака груди

    Женщины, которые придерживаются принципов традиционной средиземноморской диеты, снижают риск развития опухоли груди после наступления менопаузы. Таковы данные нового исследования американских ученых.

    Ученые исследовали 14 800 женщин – жительниц Греции. Часть из них придерживалась пищевых традиций, принятых в регионе. Остальные не употребляли традиционную еду. Исследование проводилось с женщинами в период после менопаузы. Среди тех, кто придерживался средиземноморской диеты, уровень развития рака груди был на 22 процента ниже, чем у остальных.

    Данные исследования, опубликованные в журнале «American Journal of Clinical Nutrition», не дают прямых доказательств того, что средиземноморская диета и снижение риска развития рака груди напрямую взаимосвязаны. Сами ученые утверждают, что с их стороны это всего лишь предположение. Но данные, полученные в ходе экспериментов, очень интересны. В любом случае, они нуждаются в тщательной проверке.

    Средиземноморская диета – это пища, традиционно употребляемая в Греции, Испании, Италии. Этот вид питания богат рыбой, оливковым маслом, овощами, цельнозерновыми продуктами, орехами. В то же время, в средиземноморской диете редко используется красное мясо и молочные продукты.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: