Çaga dogurmagy niýet edinen bolsaňyz haýsy barlaglardan geçmeli?

SAGDYN ENE – SAGDYN ÇAGA

Perzent islendik maşgalada esasy durmyşy gymmatlyk, ajaýyp, süýji arzuwlaryň gözbaşy bolup durýar. Dünýä injek çaganyň sagdyn bolmagy üçin, meýilleşdiriljek göwrelilige geljekki eneler gowy taýynlanmalydyr.

Çaga dogurmagy niýet edinen bolsaňyz haýsy barlaglardan geçmeli?

  1. Göwreliligi meýilleşdirilýän wagtdan 6 – 7 aý öň bedende keselleriň bardygyny ýa-da ýokdygyny bilmek üçin degişli hünärmenleriň barlagyndan geçip, bejergi alyň.
    • Ýürek-damar kesellerinde  – EKG, EHOKG barlaglary.
    • Dem alyş ýollaryň kesellerinde – rentgen barlagy, ftiziatr lukmanyň maslahaty.  
    • Peşew çykaryjy ulgamyň kesellerinde – peşewiň umumy barlagy, peşewiň Neçiporenko, Zimniskiý boýunça barlagy, böwregiň USB (Ultra Ses Barlagy), hromosistoskopiýa we başgalar. Peşew çykaryjy ýollaryň keselleri (dow.piýelonefrit, sistit, uretrit) doly bejerilmelidir. Bu keseller göwrelilik döwrinde köp kynçylyklary döredýär (gan basyşyň ýokarlanmasy, wagtyndan öň dogurma, köpsuwlylyk, gan azlyk, çaganyň igliligi).   
    • Içki endokrin mäzleriň kesellerinde – galkan şekilli mäziň USB barlagy, onuň gormonlarynyň derejesini barlamak, gandaky şekeriň derejesini anyklamakdyr. Eger siz semizlikden ejir çekýän bolsaňyz, endokrinolog we diýetolog lukmanyň maslahatyndan soň, agramyňyzy kadalaşdyryň. Sebäbi semizlik göwrelilik döwründe dürli gaýraüzilmelere getirip bilýär (göwreliligiň  çişi, gan basyşyň ýokarlanmagy, dogrum güýçleriň haýallamagy we başgalara).
    • Bedende bar bolan iriňli ojaklaryň  (kariýez, dowamly tonzillit we ş.m.) ýüze çykaryp,  bejermeli.
    • Özüňizde bar bolan ähli dowamly keselleri bejerdip, olaryň asuda (remissiýa) ýagdaýa geçmegini gazanmaly.
    • ganyň umumy barlagy we başga barlaglar.
  2. Göwreliligi meýilleşdirmekden 3 aý öň, ginekolog lukmanyň barlagyndan geçiň:
    • ginekologiki enjamlar bilen barlag.
    • USB (Ulrta Ses Barlagy).
    • jynshanadaky nemiň bakterioskopiýa we bakteriologiýa barlagy.
    • dowamly, gizlin ýokançlyklara ganyň barlagy (sitomegalowirus, mikoplazma, ureaplazma, hlamidiýa, toksaplazma, gerpes, sifilis). Ýokançlyklar ýüze çykanda, adamyňyzyň hem barlagdan geçip, bejergi  almagy hökmandyr.
    • gerek bolan ýagdaýlarda, ganyň aýal gormonlara barlagy we degişli bejergi.
  3. Eger sagdyn är-aýaldan sagdyn çaga dogmaýan bolsa, nesil yzarlaýan keselleri ýüze çykarylsa ýa-da garyndaşlyk nikasy bolsa, genetik lukmanyň barlagyny geçip, maslahatyny almak zerurdyr.  

 

Göwrelilige taýýarlanýan  döwrüňizde zyýanly endiklerden (arak, çilim, nas, neşe maddalary) diňe bir geljekki ene däl, eýsem ata hem azat bolmalydyr. Sebäbi  bu endikler diňe bir adamyň genetiki apparatyna öz zyýanyny ýetirmän, emele geljek çaga düwinçegine hem ýaramaz täsir edýär.

Göwreliligi meýilleşdirýän döwriňizde, lukmanyň beren bedeni gurplandyryjy witaminlleri we minerallary kabul ediň. Meýilleşdiren döwürden 2-3 aý öň foliý turşusyny kabul ediň. Ol çaganyň nerw ulgamynyň dogry emele gelmegine we ösmegine kömek edýär.

Ref. http://www.saglyk.info/

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: