Çilim çekmek! Hawa ýa-da ýok?! Özüňiň çözüň!

ÇILIMKEŞLIK
«Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňgüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş»
Magtymguly
Çilimkeşlik — bu adaty neşekeşlikdir. Onuň giňden ýaýaran görnüşi bolan nikotinizm bolsa adaty temmäki çekmeklikdir. Temmäki çekmeklik erbet endikleriň biri bolup, çilim çekýäniň-de, onuň daş-töweregindäki adamlaryň-da saglygyna uly zyýan ýetirýär.

Temmäki ýewropalylaryň Amerikany açmazdan ençeme wagt öň ösdürilip ýetişdirilýärdi. Bu ösümlik Ýewropa XV asyryň ahyrynda getirilýär. Temmäkini başda çilim hökmünde çekmän, eýsem owadanlyk we derman oty hökmünde ösdüripdirler.

Fransiýanyň Portugaliýadaky ilçisi Žan Niko 1560 ýylda öz melikesi Ýekaterina Mediçä ysgamak üçin temmäkiniň owradylan ýapraklaryny sowgat edýär. Žan Nikon temmäkiniň ýapraklary şypa berip, kellagyryny aýyrýar diýip hasaplapdyr. Şeýdip, bu ilçiniň familiýasyndan çilimiň esasy düzüminiň — nikotiniň (iň zäherli alkoloidleriň biri) ady döräpdir.

Nikotin adamlaryň saglygyna we döwletiň ykdysadyýetine ägirt uly zyýan ýetirýändir. Emma muňa garamazdan, jemgyýetde çilimkeşlik barada köp ýalan toslamalar bardyr. Biz ençeme gezek: «Çilim çekmelkik peýdalydyr, hemme adamyň organizminde nikotin bar, sebäbi adamyň bedeniň özi ony öndürýär» diýen jümleleri eşidendiris. Emma bu ýalandyr! Çilimkeşligiň hiç peýdasy ýokdur. Adamlar köp halatda bir zady başga bir zat bilen, ýagny nikotin bilen nikotin turşulygyny çalşyrýarlar. Nikotin turşulygy B3 witamininiň görnüşidir. Senagatda nikotinden nikotin turşulygyny alynýar. Adamyň organizmi bolsa nikotini belli bir aminokislotanyň (aminokislota belogy düzýän «kerpiçjiklerdir»), ýagny triptofanyň özgermeginiň netijesinde alýar. Şonuň üçin-de, organizmi nikotin turşulygy bilen üpjün etmek maksady bilen çilim çekmeklik düýbünden nädogrudyr.
Çilimkeşlik köp adamlaryň agyr kesellemegine, ir ölmegine we maýyp galmagyna sebäp bolýar. Bütindünýä saglygy goramak (BSG) guramasynyň maglumatlaryna görä, çilimkeşlikden ýer ýüzünde her ýyl 2 000 000 adam ölýär. Gynandyryjy ýagdaýlaryň biri-de, soňky döwürde çilimkeşlige aýallaryň hem ýykgyn bolýanlygydyr. Aýallaryň öz geljekki nesilleriniň öňündäki jogapkärçiligini unudýandygy örän gynandyrýar!
Çilimkeşlik — adamyň saglygyna howp salyp, onuň fiziki we ruhy sagdynlygyny assyrynlyk bilen weýran edýär. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde çilimkeşligiň diňe çilim çekýäniň saglygyna däl, eýsem onuň uzak gelejekdäki nesillerine hem zyýan ýetirýändigi tassyklanyldy.
Çilimiň tüssesinde nerw ulgamy üçin zäher bolan nikotinden başga 200-e golaý zäherleýji maddalar: uglerodyň turşusy, gurum, benzpiren we radioaktiw elementler, myşýak, ammiak, kükürtli wodorod, asetilin, garynja we sian kislotasy dagylar bardyr.
Çekilen ýekeje çilim awtoulaglaryň üýşen ýerinde 36 sagadyň dowamynda bolmaklyga barabardyr.

Öýken ragynyň 30%-i çilimkeşligiň netijesinde bolýandyr. Çilimkeşlik erkeklerde ragyň 7 görnüşini, aýallarda 9 görnüşini döredip bilýär. Her ýylda ýüregiň işemiýa keselinden millionlarça adam ýogalýar; çilimiň tüssesi bu agyr keseliň sebäpkäridir. Öýken inçekeseline kämil ýaşlarynda uçranlaryň 95%-i çilimkeşligiň pidalarydyr. Çilimkeşlik barada «çilimi şybyk bilen ýa-da sigaralary çekmek howpsuz» diýen ýalan toslama bardyr. Emma şybyk bilen çekilen çilim bokurdagyň we dodagyň rak kesellerine eltýär. Sigaralar bolsa öz düzümindäki şepbik maddasy boýunça birinji orny eýeleýändir.
Çilimkeşlik adamyň ömrüni ortaça 8-10 ýyl kemeldýär. Çilim çekýänleriň arasynda 65 ýaşa ýetmezlik howpy bardyr.
Çilim adamyň ähli içki agzalaryny özüne nyşan edinýär. Emma çilimkeş diňe öz saglygyna zyýan ýetirýän däldir. Oňat ýelejiredilmeýän otaglarda çilimiň tüssesi ýygnanyp, onuň zäherli täsirleri artýandyr. Şular ýaly otaglarda boýan adamlaryň, aýratyn-da çagalaryň dem alyş agzalaryna, nerw ulgamyna zyýan ýetip, olaryň işjeňlik ukyplary peselýär, ýürek kessellerine we demgysma uçramak howpy artýar.
Göwreli aýallara çilim çekmeklik düýbünden gadagandyr. Sebäbi temmäkiniň düzümindäki zäherleýji maddalar enäniň göwresindäki çaganyň ösüşine uly zyýan ýetirýär. Çilim çekýän aýallaryň çagalary düşüp ýa-da aýy-güni ýetmän doglup bilýär. Dogabitdi maýyp çagalaryň dogulmak howpy artýar. Göwrelilik döwründe çilim çekilmegi çagalary fiziki we psihomotor ösüşlerinde yza galmagyna sebäp bolýar.
Çilimkeşlik özüne garaşly edýändir.
Islendik neşe serişdesi ýaly çilim hem az wagtlyk ruhy göçgünliligi, joşgunlylygy berýär. Emma bu örän gysga wagtlaýyndyr. Çilimkeşlik şu bir pursatlyk berýän joşgunlylygynyň deregine siziň ömrüňiziň birnäçe ýylyny ogurlaýandyr.
Eger-de siz çilim çekmekligi taşlasyňyz, 20 minutdan gan basyşyňyz kadalaşar, ýüregiňiziň işi gowulanar.

Eger-de siz çilimi taşlasyňyz, 8 sagatdan ganda kislorodyň derejesi kadalaşar.

Eger-de siz çilimi taşlasyňyz, bir hepdeden deriňiziň reňki gowulanar, onuň we saçyňyzyň ýakymsyz ysy aýrylar.

Eger-de siz çilimi taşlasyňyz, bir aýdan dem alşyňyz kadalaşar, kellagyryňyz we üsgülewügiňiz aýrylar.

Çilim çekmeklik örän zyýanlydyr.

Çilim çekmek! Hawa ýa-da ýok?! Özüňiň çözüň!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: