Bagt­ly pur­sat­la­ry duý­ma­gy ba­şa­ryň!

Pa­ra­hat Sa­pa­row
Bagtly bolmagyň bäş şerti
Dur­muş­da bagt­ly bol­mak­lyk on­dan çu­wal do­lu­sy zat al­mak däl-de, yzyň­da gi­den bir har­man gal­dy­ryp bil­mek­lik­dir. Bagt­ly bol­mak üçin dur­mu­şyň sa­ňa be­ren nyg­ma­tyn­dan has kän­rä­gi­ni oňa gaý­tar­mak ze­rur­dyr.
Dün­ýä dö­rä­li bä­ri yn­san og­lu­nyň iň uly ar­zu­wy bagt­ly bol­mak­dyr. Hat­da iň bir ýag­şy di­leg­le­riň, iň aja­ýyp söz­le­riň, iň go­wy gut­lag­la­ryň, iň päk ar­zuw­la­ryň hem so­ňy “Bagt­ly bol! Al­nyň, bag­tyň açyk bol­sun!” diý­len söz­ler bi­len jem­len­ýär. Eý­sem, bagt­ly bol­ma­gyň syr­la­ry nä­me­de?!

Bu ba­ra­da ta­ny­mal pe­da­gog-psi­ho­log, ýa­zy­jy Jon Iz­zo dür­li kär­dä­ki adam­lar­dan baş­lap, ýüz­ler­çe, müň­ler­çe ýyl mun­dan ozal ýa­şap ge­çen söz us­sat­la­ry­nyň, akyl­dar­la­ryň aý­dyp ge­çen da­na pä­him­le­ri­ne, be­ren öwüt-ün­dew­le­ri­ne, pi­kir­le­ri­ne, şeý­le hem na­za­ry ga­ra­ýyş­la­ry­na sal­gy­lan­mak ar­ka­ly özü­niň “Dur­muş­da bagt­ly bol­ma­gyň bäş şer­ti” at­ly ki­ta­by­ny ýaz­ýar. Bu ki­tap bag­ty­ýar dur­mu­şyň iň ýö­ne­keý, şol bir wag­tyň özün­de hem iň mö­hüm esas­la­ry­ny be­ýan ed­ýär. Jon Iz­zo 18 müň ýy­lyň dur­muş tej­ri­be­si­ni ar­ka atan da­na­la­ryň pä­him-paý­ha­sy­na giň orun ber­mek bi­len, her bir ada­myň şu aşak­da­ky bäş ýö­rel­gä­ni ber­jaý eden ha­la­tyn­da özü­ne bagt­ly dur­mu­şy ga­za­nyp bil­jek­di­gi­ne ynan­ýar. Bu ha­ky­kat en­çe­me ki­şi ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­ýär.

Öz-özü­ňiz ba­ba­tyn­da dog­ru­çyl bo­luň!

Öz-özü­ňe ýa­lan söz­le­mek ýa­ly gys­ga wagt­lyk ne­pi deg­ýän ýag­daý­lar köp­lenç ha­lat­da dur­muş­da en­täk ýe­ter­lik tej­ri­bä­mi­ziň bol­ma­dyk döw­rün­de ýü­ze çyk­ýar. Şol dö­wür­de nä­me et­me­li­di­gi­ni, nä­hi­li ýo­ly saý­la­ma­ly­dy­gy­ny ýü­re­gi­mi­ze ge­ňeş­me­giň ýe­ri­ne, özü­mi­zi beý­le­ki ki­şi­ler, aý­ra­tyn hem deň-duş­la­ry­myz bi­len de­ňeş­dir­mek ar­ka­ly anyk ka­ra­ra gel­ýä­ris. Bu bol­sa so­ňy bi­len ýü­ze çyk­jak en­çe­me şow­suz­lyk­la­ryň ba­şy­ny baş­lad­ýar. Iz­zo Jo­na gö­rä, bagt mu­nuň özi hem­me­ler üçin gym­mat­ly bo­lan zat däl-de, di­ňe se­niň üçin gym­mat­ly bo­lan zat­dyr. Şu ka­da eýe­rip ýa­şap bil­ýän adam bagt­ly bol­ma­gyň il­kin­ji sy­ry­ny öz­leş­dir­di diý­mek­dir. Kal­by­my­za gu­lak go­ýup, öz-özü­mi­ze “Me­niň bar­ýan ýo­lum me­ni bag­ta elt­ýär­mi?” di­ýen so­wa­la ýü­rek bi­len jo­gap ber­sek, en­çe­me ge­zek puş­man et­mek­lik­den sak­la­nyp bi­le­ris.

Puş­man et­mäň!

“Ýal­ňyş­mak­dan gork­maň. Çün­ki, hiç ha­çan ýal­ňyş­ma­dyk adam hiç bir iş et­me­dik adam­dyr” di­ýil­ýär. As­lyn­da, so­ňy go­wy ne­ti­je­ler bi­len ta­mam­lan­ýan iş­le­re ba­tyr­gaý çe­me­le­şil­me­li­dir. As­ly­ýe­tin­de puş­man et­mek haý­sy­dyr bir za­dyň anyk dog­ry ýa-da ýal­ňyş­dy­gy­ny bi­lip, şol işi et­mek­lik ýa-da et­mez­lik­dir. Dos­tuň kö­me­ge mä­täç ha­la­tyn­da oňa ýar­dam ber­mez­lik, ata-enä­niň di­ýe­nin­den çy­kyp, ola­ryň ter­si­ne git­mek­lik so­ňun­dan puş­man et­me­gi mej­bur ed­ýän ýag­daý­la­ryň kä­bir­le­ri­dir. Puş­man et­mez­lik üçin dur­mu­şyň bi­ziň öňü­mi­ze dik­ýän päs­gel­çi­lik­le­rin­den baş alyp çyk­mak­ly­gy ba­şar­ma­ly­dy­rys. Puş­man et­mek ejiz­li­giň mi­we­si­dir. Ha­çan-da, bir işi amal et­mä­ge ejiz­le­sek, on­da er­tir şol işi et­me­di­gi­miz üçin puş­man et­jek­di­gi­mi­z hak­dyr. Wyž­da­ny­ňa ge­ňeş, dur­mu­şa ba­tyr­gaý çe­me­leş!

Söý­me­gi ba­şa­ryň!

Be­ýik ital­ýan-ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Leo Bus­kag­lia şeý­le diý­ýär: “Dur­muş söý­gü­den yba­rat­dyr we söý­gü­ni ýi­tir­seň, dur­mu­şy-da ýi­tir­di­giň­dir”. Söý­mek hem-de sö­ýül­mek bagt­ly we ma­ny­ly öm­ri ýa­şa­ma­gyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Bag­ty­ýar we ma­ny­ly öm­rüň baş şer­ti­niň söý­gü­di­gi­ne do­ly göz ýe­ti­rip, ýe­ne-de söý­mez­lik, bet­bagt­ly­gy özü­mi­ze ka­bul et­mek­lik­dir. Nä­dip söý­ýän we sö­ýül­ýän yn­san bol­ma­ly?! Bu so­ra­gyň jo­ga­by söý­gü­ni duý­ma­gy we beý­le­ki bi­ri­niň kal­by­na or­naş­dyr­ma­gy ba­şar­mak­dan ge­lip çyk­ýar. Il­ki bi­len özü­mi­ze hor­mat goý­şu­myz ýa­ly, özü­mi­zi hem söý­me­li­di­ris. Ikin­ji­den, bi­ze ýa­kyn bo­lan yn­san­la­ry söý­me­gi, üçün­ji­den bol­sa ola­ra söý­gü­mi­zi ýe­tir­me­gi ba­şar­ma­ly­dy­rys.

Bagt­ly pur­sat­la­ry duý­ma­gy ba­şa­ryň!

Jon Iz­zo “Bag­ta bar­ýan ýol, bagt­ly gün­le­riň bar­dy­gy­ny duý­mak­dan baş­lan­ýar” diý­ýär. Eger is­le­sek, her gü­nü­mi­zi öm­rü­mi­ziň iň bagt­ly gün­le­rin­den bi­ri­ne öwür­mek bi­ziň özü­mi­ze bag­ly­dyr. Sä­her bi­len sag-aman ör­mek, maş­ga­la bo­lup, ba­şy jem er­tir­lik edin­mek, ru­hu­be­lent­lik bi­len iş­li-işiň­de bol­mak, öňüň­den çy­kan ta­nyş­la­ry­ňa mä­hir­li sa­lam be­rip, ola­ryň hal-ýag­da­ýy­ny so­ra­mak, işiň­de, oku­wyň­da öz pa­ýy­ňa düş­ýän borç­la­ry do­ly ama­la aşy­ryp, ne­ti­je­li we ha­lal zäh­met çek­mek­li­giň lez­ze­ti bi­len öýü­ňe do­lan­mak, ýol­da guş­la­ryň jür­kül­di­si­ne, bag­lar­da açy­lan gül­le­re, adam­la­ryň ýü­zün­dä­ki şat­ly­ga gu­wan­mak, öýü­ňe ge­lip, bir iş gü­nü­niň ýa-da okuw gü­nü­niň ne­ti­je­sin­de Wa­ta­nyň ösü­şi­ne zer­re go­şant goş­ma­gyň buý­san­jy bi­len gök ça­ýyň ba­şyn­da dem-dynç al­mak mu­nuň özi äh­li aja­ýyp­lyk­la­ryň öze­ni bo­lan bagt­dyr.

Ne­ti­je­li ýa­şa­mak­ly­ga çal­şyň!

Jon Iz­zo­nyň gür­rüň­deş bo­lan äh­li pä­him­dar­la­ry, da­na adam­la­ry üçin iň mö­hüm we­zi­pe özüň­den soň­ku­la­ra ha­ýyr­ly bir za­dy go­ýup git­mek­lik­dir. As­lyn­da, bu pi­kir akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň:

Mag­tym­gu­ly söz­le her­ne bi­le­niň,

Özü­ňe kem­lik bil, aýt­man öle­niň,

Ta­raş­lap, şag­lat­gyl köň­le ge­le­niň,

Sen­den soň­ku­la­ra ýa­dy­gär bol­sun

– di­ýen se­tir­le­ri bi­len has hem berk bag­la­nyş­ýar.

Dur­mu­şyň baş mak­sa­dy hem şun­dan yba­rat­dyr. Dur­muş­da bagt­ly bol­mak­lyk on­dan çu­wal do­lu­sy zat al­mak däl-de, yzyň­da gi­den bir har­man gal­dy­ryp bil­mek­lik­dir. Bagt­ly bol­mak üçin dur­mu­şyň sa­ňa be­ren nyg­ma­tyn­dan has kän­rä­gi­ni oňa gaý­tar­mak ze­rur­dyr.

Syr­la­ry bil­mek dur­muş­da bagt­ly bol­mak­ly­gy aň­lat­ma­ýar. Esa­sy zat şol aý­dy­lan­la­ry amal et­mek­den yba­rat­dyr. Çün­ki bi­ziň ag­la­ba­myz nä­me et­me­li­di­gi­ni bil­ýä­ris, em­ma di­ňe kä­bi­ri­miz bil­ýän zat­la­ry­my­zy amal edýä­ris.

Pa­ra­hat Sa­pa­row,

HTTU-nyň ta­ly­by.

Zaman

One Response

  1. Курение и потребление фруктозы усугубляют прогрессию безалкогольной жировой болезни печени
    Курение сигарет и высокое потребление фруктозы ухудшают прогрессию безалкогольной жировой болезни печени. При заболевании на печени образуются рубцы из-за накопления жира, несмотря на малые дозы потребления алкоголя – известного фактора риска повреждения печени, – которые могут привести к печёночной недостаточности.

    Безалкогольная жировая болезнь печени является наиболее распространённой причиной заболевания печени во всём мире, и, по прогнозам, число случаев заболеваемости будет расти в ближайшее время по причине высокой сферы действия ожирения, сахарного диабета и недостаточной физической активности.

    Испанские гепатологи клинической больницы в Барселоне исследовали влияние курения на лабораторных крысах с лишним весом. Грызуны подвергались воздействию курения, эквивалентному двум сигаретам в день по пять дней в неделю в течение четырёх недель. Было отмечено, что животные с ожирением из-за влияния сигаретного дыма испытали значительный рост уровня сыворотки АЛТ, указывающей на болезнь печени. Врачи утверждают, что курение приводит к внутреннему окислительному стрессу и усиливает тяжесть нарушения работы печени.

    Кроме того, медики Университета Дьюка /США/ обнаружили, что высокое употребление фруктозы, главным образом в виде сладких безалкогольных напитков, также способствует безалкогольной жировой болезни печени. Это исследование проводилось на людях – в обследовании приняли участие 341 доброволец. Как оказалось, высокое содержание фруктозы в питании вызывало метаболическую дисфункцию и накопление жиров в печени. За последние 40 лет потребление фруктозы увеличилось на все 1000%, и предполагается, что эта тенденция станет одной из основных причин болезней печени.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: