Baýramaly:meşhur şypahananyň täze binalarynyň açylyş dabarasy

Baýramaly: täsin şypahana täze ömür berildi
Türkmenistanyň Prezidenti meşhur şypahananyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Irden şypahananyň ýanyndaky ýerde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürdi, daş-töwerekde milli aýdym-sazlar ýaňlandy. Ähli zat dabaranyň başlanmagyna taýýar edildi.

Şypahana toplumynyň giň çäginde milletiň Lideriniň gelmegine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalyrynyň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular we din işgärleri, Baýramaly şypahanasynyň işgärleri, çagyrylan köp sanly myhmanlar garaşýarlar.

Irden  Prezidentimiziň dikuçary şypahanynyň ýanyndaky ýörite meýdançada gondy.

Prezident şu wakanyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Baýramaly şypahanasynyň Merkezi Aziýada we Ýewropada böwrek kesellerini bejermek üçin niýetlenen ýeke-täk şypahanadygyny nygtady hem-de bu ýerdäki howanyň esasy bejeriji faktor bolup durýandygyny aýtdy, bu ýerdäki howa ýokary temperaturada saklanýar, ygal düşmeýär we çyglylygyň derejesi örän pesdir.

Döwlet Baştutany bu  şypahananyň irki döwürlerden bäri, diňe türkmenistanlylaryň arasynda däl-de, ýakynda we alysda ýerleşýän ýurtlardan, ýagny dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän köp sanly adamlaryň we myhmanlaryň arasynda giňden meşhurdygyny aýtdy.

Deňiz derejesinden 242 metr belentlikde ýerleşýän şypahana zolagynyň gurak we yssy mikroklimaty böwrek, ýürek—damar, iýmit siňdiriş we nerw ulgamlarynyň kesellerinden ejir çekýän adamlary bejermekde uly ähmiýete eýedir.

Beýik Watançylyk urşunda bu şypahana söweş meýdanlarynda ýaralanan esgerleriň müňlerçesiniň ýaralaryny bejermekde we saglygyny dikeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Döwlet Baştutany seýrek duşýan bejeriji häsiýetlere eýe bolan gadymy, taryhy şypahana zolaklarynyň biri bolan Baýramaly şypahanasynyň durkuny täzelemek baradaky Kararyň bu ýerde bejeriş—sagaldyş boýunça edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we bu hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen kabul edilendigini nygtady. Gurluşyk işleri alnyp barlan mahalynda hünärmenleri taýýarlamak işiniň hem geçirilmegi ýöne ýerden däldir, indi olar halkara derejeli şypahanalar babatda bildirilýän talaplara laýyk gelýän täze şertlerde zähmet çekerler.

Şunuň bilen baglylykda Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly diplomatlara bu şypahana bilen tanyşmagy hem-de isleg bildirýänlere şypahanada öz saglygyny bejertmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutany esasy bejeriş korpusynyň girelgesine tarap barýar. Gurbanguly Berdimuhamedow simwoliki lentany kesip, jaýyň içine girýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň her welaýatyna wekilçilik edýän ýaşulular, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary täze binanyň açylmagy bilen gutlaýarlar. Hormatly Prezidentimiz olar bilen hal-ahwal soraşyp, täze binanyň aýratyn ähmiýeti barada durup geçdi. Soňra milletiň Lideri şypahananyň amatly we ähli oňaýlyklary bolan otaglaryny içgin synlaýar.

Döwlet Baştutany şypahananyň işgärleri we myhmanlar bilen söhbetdeş bolan mahalynda, Baýramaly şypahanasynyň bejeriş häsiýetlerine hem-de aeroterapiýanyň /gyzgyn howa bilen bejerişiň/ we gelioterapiýanyň /günüň şöhleleri arkaly bejerişiň/ we gidroterapiýanyň /suw arkaly bejerişiň/ artykmaçlyklaryna eýedigini ýene-de bir gezek belledi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň halkara derejeli bu baýry şypahanasynyň döreýşiniň taryhy hem örän gyzyklydyr. 1921-nji ýylda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar aýratyn-da ýaz we güýz aýlarynda Mary oazisindäki howanyň ýokary bejerijilik häsiýetine eýedigini görkezdi. Birnäçe ýyl soňra—1929-njy ýylda Baýramaly böwrek kesellerini bejermek üçin ýaramly ýer diýlip ykrar edildi hem-de ozalky patyşanyň köşgi we seýilgähi klimat bilen bagly şypahana diýlip yglan edildi.

Häzirki wagtda  uly möçberli özgertmeler Baýramaly şypahanasyna hem öz täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça bu ýerde bejeriş korpusynyň durkuny düýpli täzeleýiş işleri geçirildi hem-de her biri 250 orunlyk korpuslaryň ikisi guruldy.

Şeýlelikde, indiden beýläk bu ýerde ozal bolşy ýaly, 500 adam däl-de, eýýäm 1 müň sany adam intensiw ýagdaýda bejeriş alyp biler, bular üçin dünýä standarlaryna laýyk gelýän derejede ähli oňaýlyklar döredildi. Türkmenistanyň beýleki şypahanalary ýaly, türkmen Lideriniň ýadawsyz alada etmegi we üns bermegi netijesinde Baýramaly şypahanasy Ýewropanyň öňdebaryjy, hususan-da, Germaniýanyň önüm öndüriji kompaniýalarynyň kämil tehnologik we medisina enjamlary bilen üpjün edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu şypahanany synlap bolanyndan soňra, medisina işgärlerine işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Şeýle hem Prezident bu ýerde dynç alýanlaryň we medisina işgärleriniň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra döwlet Baştutany häzir uly bolmadyk muzeý ýerleşýän taryhy bina tarap ugrady. Bu ýerde milletiň Liderini Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary aýratyn ruhubelentlik we şatlyk bilen garşyladylar. Olar durky täzelenilen şypahananyň ilkinji dynç alýanlary boldular.

Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunyň merdana esgerlerini mähirli mübärekläp, olaryň saglygy, hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandy, gerek-ýaraklaryny sorady. Şol ýerde weteranlara döwlet Baştutanynyň adyndan gül desseleri gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz frontçy esgerler bilen ýadygärlik surata düşdi we olara berk jan-saglyk, abadançylyk we uzak ömür arzuw etdi.

Adamzat taryhynda iň gazaply uruşlaryň biri bolan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş ýer ýüzüniň parahatçylyk, agzybirlik we dost-doganlyk ýörelgelerine eýerýän ähli hoşniýetli adamlaryň uly baýramydyr hem-de Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde gazanylan taryhy Ýeňişde biziň gahryman weteranlarymyzyň, mukaddes ojaga wepaly enelerimiziň, bütin halkymyzyň görkezen edermenligi, çeken gaýduwsyz zähmeti hiç haçan ýatdan çykmaz diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Prezidentiň aýdyşy ýaly, her ýyl biziň halkymyz Ýeňiş baýramçylygyny dabaraly belleýär we Watanymyzyň azatlygy, mähriban topragymyzyň parahatçylygy we asudalygy ugrunda baş goýan gahrymanlary, şöhratly watan ogullaryny sarpalaýar. Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygynyň öňüsyrasynda biziň Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, mekdeplerde, kärhanalarda we guramalarda dabaraly çäreler, weteranlar bilen duşuşyklar guralýar. Adamlar Beýik Ýeňşiň hatyrasyna gurban bolan watandaşlarymyzyň—halk gahrymanlarynyň belent başly heýkelleriniň etegine gül desselerini goýýarlar.

Şöhratly ata-babalarymyzyň Watany söýmek, Watany gözüň göreji ýaly goramak baradaky mukaddes wesýetlerine wepaly, är gaýratly gerçeklerimiz Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda mähriban topragymyzy, il-günümizi gorap, gahrymanlarça söweşdiler diýip, milli Liderimiz belledi we olaryň müňlerçesi ata Watanymyzyň, mukaddes ene topragymyzyň, mähriban halkymyzyň, eziz Diýarymyzyň asudalygy, parahatçylygy ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde gara başyny goýdular, türkmenistanly gerçekleriň onlarçasy söweş meýdanlarynda edermenligiň, merdanalygyň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezip, Watan Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldular.

Häzirki ajaýyp zamanamyzda mähriban halkymyz asuda, abadan, parahat durmuşyň hözirini görüp, erkana ýaşaýar. Ýurdumyzda düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler, ajaýyp ýeňişler gazanylýar diýip, bellemek bilen hormatly Prezidentimiz, häzirki döwürde Türkmenistanda halk gahrymanlarynyň hatyrasyny belentde tutmak, olara döwlet derejesinde hormat goýmak däbi täze many-mazmuna eýe bolýar diýip nygtady. Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, ýaňy-ýakynda hem uruş weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň, şeýle hem tylda zähmet çeken weteranlarymyzyň pensiýalarynyň möçberleri köpeldildi. Olara ähli beýleki durmuş kömekleri we ýeňillikler berilýär, şeýle hem biz Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlarymyzyň ýurdumyzyň şypahanalarynda öz saglygyny dikeldip, dynç almaklary üçin hem ähli şertleri döretdik diýip, milletiň Lideri belledi.

Soňra  Gurbanguly Berdimuhamedow biziň gahrymanlarymyz ýurdumyzyň şypahanalarynda öz saglyklaryny berkidip we ýagşy dynç alyp bilerler diýip belledi. Şeýle hem milletiň Lideri döwletiň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, frontda mertlerçe söweşip, ýokary sylag-hormata mynasyp bolanlar hakynda yzygiderli alada etjekdigi barada aýtdy.

Şu günki şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Baýramaly şypahanasynyň işgärleriniň adyndan gül desseleri gowşuryldy.

Konsert tamamlanan soň, döwlet Baştutany özüniň kabulhanasynda hökümet agzalary bilen gysgaça maslahat geçirdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şu günki şanly waka bilen tüýs ýürekden we mähirli gutladylar, döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurdylar. Milletiň Lideri hoşniýetli arzuwlar we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, maslahata gatnaşyjylaryň öňünde ýakyn hem-de uzak geljek üçin döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryndan gelip çykýan birnäçe, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynyň şypahana -dynç alyş pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün edýän çäreleriň yzygiderli ýola goýulmagy baradaky möhüm wezipeleri goýdy.

Dabaraly çäreler tamamlanandan soň, bu ýerede baýramçylyk saçagy giňden ýazylyp, dabara gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşdy we üstünlikleri arzuw edip, Baýramaly etrabynyň «Mekan» daýhan birleşigine tarap ugrady.

Ýoluň ugrunda türkmen Liderini oba adamlary mähirli garşylaýarlar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görlüpdir—daş-töweregi synlanyňda, pagta we bugdaý ekilip, göwnejaý ideg edilen meýdanlara gözüň düşýär.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Murgap jülgesiniň ekerançylary halal zähmet çekmek arkaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny düýpli özgertmek baradaky uly möçberli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga çalşyp, pagtanyň, bugdaýyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Mysal üçin aýdanyňda geçen ýylda Mary welaýatynda garaşsyzlyk döwründe ilkinji gezek 333 müň 300 tonna pagta ýygnaldy, munuň özi 2008-nji ýyldakydan 17 müň 400 tonna köpdür. Gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler hem öndürijilikli likli işläp, 138 müň 200 tonna gant şugundyryny ýygnadylar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6 müň tonna köpdür.

Şu ýylda-da maryly daýhanlar dänäniň bol hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýarlar, bu ekin üçin 200 müň gektar ýer bölünip berlipdir. Gowaçanyň irki döwürde ekilen ýerlerinde-de oňat gögeriş alnypdyr we ilkinji bejergi işleri geçirilýär.

Altyn Asyr

Advertisements

One Response

  1. Половые недуги”. Гепатит А

    C желтухой люди знакомы с древних времен, этот недуг описан еще в трудах Гиппократа, а в нашей стране более недалёкое знакомство с ним произошло в 19 веке, благодаря доктору Боткину, в результате и сама хворь стала именоваться его именем.
    И желая долгое время об этом заболевании было малюсенько что знаменито, но к концу прошлого века завеса сокровенны была приоткрыта.

    На нынешний день насчитывают шесть вирусов гепатита, но лишь три из них способны передаваться половым маршрутом, это вирус гепатита А, В и D.
    Вирус, скрывающийся под буквой А, был открыт в 1975 году и распространение свое он получил повсеместно, главным маршрутом его распространения является – фекально-оральный, но, как управляло, его именуют «болезнью грязных рук.

    Этим типом гепатита зачастую заболевают не только взрослые, но и дети, которые не придерживаются элементарных гигиенических требований.
    А это значит, что вирус может проникнуть в организм при употреблении в еду грязных плодов и овощей, через воду, недоброкачественные продукты, предметы обихода, игрушки и т.д.

    Что же дотрагивается полового пути передачи вируса, то он вероятен при анальных и оральных контактах.
    В группу риска попадают гомосексуалисты, или же гетеросексуальные пары, практикующие ласки сходственного рода, и о которых было сказано выше, или же те, которые имеют интимную связь не с одним половым партнером.

    Источником заражения могут служить как и тот человек, который в истинное время болен этим типом гепатита, так и тот, у которого он протекает в тайной форме.

    Вирус способен проникать вначале в желудочно-кишечный тракт, а затем и в кровь.
    Вместе с кровью вирусные частицы добираются до печени, начиная там свое размножение и повреждая ее клетки (гепатоциты), так и начинается желтуха.
    Проявляется она примерно через две-четыре недели, именно столько медли продолжается инкубационный период.

    На начальном этапе больной может испытывать что-то схожее с простудным заболеванием, когда происходит повышение температуры тела, появляются лихорадка, озноб, насморк, мышечные боли.
    Кстати, именно на этом этапе недуг может и закончиться, но все же, в большинстве случаев, наблюдаются симптомы желудочно-кишечных поражений, при которых вероятно появление чувства дискомфорта в животе или же наблюдаются такие симптомы, как снижение аппетита, тошнота, рвота после приема пищи.

    После того, как первичная симптоматика пропадает, ей на смену прибывает желтушность, которая поражает кожные покровы и слизистую, стул же может обесцветиться, а печень и селезенка увеличиться в объеме.

    В том случае, если организм вырабатывает долгий иммунитет, то заболевание может пройти самостоятельно.
    Если оно протекает в легкой или средней форме тяжести, то вероятно проведение амбулаторного лечения под руководством врачующего врача.
    Больному рекомендуется постельный режим, а его пищевой рацион не обязан включать в себя жирных, жареных и острых блюд, а вот питье обязано быть обильным.
    После выздоровления человек еще в течение девяноста дней обязан находиться на диспансерном учете.

    К методам главной профилактики недуга относится вакцинация против гепатита этого типа, тем более она показана практикующим анально-оральные ласки.
    Если провести вакцинацию в два тура, то, тем самым, можно обеспечить себе охрану от этого недуга на десять лет.
    Но, окончательно же, в первую очередь следует упорядочить свою интимную жизнь и избегать интимных отношений с несколькими или же малознакомыми партнерами.

    Как мы уже сказали, еще два типа гепатита имеют возможность попасть в организм посредством полового контакта, это гепатиты В и D, но о них мы расскажем в иных статьях.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: