wenerologiýa, Inçekesel,Ýokanç keseller barada maslahatlaşyldy

Saglygy goraýşyň nobatdaky wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
16 Aprelda   Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň merkezi we welaýat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň giňişleýin maslahaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly,  Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokarda agzalyp geçilen Kararynda Aşgabat şäherinde gurlan täze saglygy goraýyş edaralaryny ulanmaga bermek we netijeli dolandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasyny, Inçekeseliň öňüni alyş merkezini, Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezini, Gan merkezini we Aşgabat şäher Ýokanç keseller hassahanasyny edara görnüşli tarap hökmünde ýapmak we olaryň binýadynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetini döretmek bellenildi. Resminama bilen bu müdiriýet hakyndaky Düzgünnama, onuň düzüm birlikleriniň sanawy, Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden maliýeleşdirilýän düzüm birlikleriniň sanawy, hojalyk hasaplaşygynda işleýän düzüm birlikleriniň sanawy tassyklanyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň täze Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň ähli düzümleriniň, şeýle hem welaýat düzümleriniň ýolbaşçylary, lukmanlar, lukman-alymlar çykyş edip, bu çözgüdiň maksada laýyklygyny we öz wagtynda kabul edilendigini nygtadylar hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek barada yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Lukman-alymlar we beýleki hünärmenler öz çykyşlarynda häzirki Türkmenistan özboluşly we oňat ýola goýlan saglygy goraýyş ulgamyna eýedir diýip bellediler. Bu saglygy goraýyş ulgamy garaşsyzlyk ýyllarynda özüniň eleterlidigini we netijelidigini iş ýüzünde subut etdi. Bu ulgamyň ileri tutulýan ugurlary «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow şol maksatnamanyň başyny başlady we işläp taýýarlady.

Bu maksatnama kabul edilenden soň, geçen 15 ýylyň dowamynda halkymyzyň saglygyny goramak ulgamynda, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde we ilata edilýän lukmançylyk kömeginiň ýokary derejesini üpjün etmekde düýpli özgerişlikler amala aşyryldy, onuň hili bolsa biziň döwletimiziň ösüşiniň möhüm görkezijileriniň biridir we şeýle bolmagynda galýar.

Türkmenistanda milli derejede gazananylanlara, şeýle hem dünýädäki öňdebaryjy gazananlary ornaşdyrmaga esaslanýan baý tejribe toplanyldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň toplumlaýyn infrastrukturasy, ilkinji nobatda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri we hassahanalar döredildi.

Her ýyl ýurdumyzda täze keseli anyklaýyş we bejeriş-öňüni alyş edaralary ulanmaga berilýär hem-de täze iri lukmançylyk maksatly desgalaryň binýady tutulýar. Diňe soňky döwürde Kelle we boýun kesellerini bejermegiň halkara merkezi, Onkologiýa merkezi, Arçman, Ýyly suw, Baýramalynyň böwrek sanatoriýasy ýaly şypahana-kurort toplumlarynyň birnäçesi ulanmaga berildi.

Biziň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde keseli anyklaýyş merkezleri işleýär. Eneligi we çagalygy goramak boýunça maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmek saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan «Ene mähri» lukmançylyk merkezleriniň ähli ýerde döredilmegi, ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we gany azlyga garşy göreşmek iri halkara guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Hususan-da, çaga dogurmaga kömek berýän edaralarynyň ählisi diýen ýaly «Çaga mähirli garamagyň hassahanasy» diýen belent derejä eýe boldy. Munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş /BSG/ guramasynyň ekspertleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy.

Ilatyň näsaglamagynyň derejesini peseltmek babatda yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistan immunoprofilaktika boýunça çäreleri üstünlikli amala aşyrýan döwletleriň hatarynda bolup, ilaty sanjymlar bilen üpjün etmek boýunça sebitde öňdäkileriň hatarynda durýar. Türkmenistanda sanjym mugt, döwletiň hasabyna geçirilýär. 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Hib-sanjym çäresi başlandy. Ol hem ilat üçin möhüm öňüni alyş çäreleriniň biri bolup durýar.

2002-nji ýylda Türkmenistana biziň ýurdumyzyň çäginde ýabany poliwirusyň sirkulýasiýasynyň bes edilendigi hakyndaky sertifikat gowşuryldy. Munuň özi bizde poliomiýelitiň doly aradan aýrylandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň möhüm gazananlarynyň ýene-de biri 2000-nji ýylda biziň ýurdumyzyň drakunkulezi ýok etmek hakynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sertifikatyna mynasyp bolmagydyr.

Türkmenistan GDA ýurtlarynda we Merkezi Aziýada ilkinji hem-de dünýäde dördünji bolup umumylykda kabul edilen halkara standartlaryna laýyklykda duzy köpugurly ýodlaşdyrmagy üpjün etdi hem-de şunluk bilen adamzadyň möhüm meseleleriniň biri bolan ýod ýetmezçiligini ýok eden ýurt hökmünde ykrar edildi. Bu barada Türkmenistan 2004-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sertifikatyny aldy.

Adam bedeninde demriň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda azyk önümlerini, hususan-da, uny we duzy baýlaşdyrmak boýunça giň möçberli taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar.

Beýleki giňden ýaýran kesellere, şol sanda gyzamyga, garamyga we gyzylja garşy göreş alyp barmakda hem anyk üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanyň WIÇ-ýokanjy hem-de SPID keseli ýaýramadyk az sanly ýurtlara degişlidigi WIÇ-ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak hem-de öňünden duýdurmak boýunça üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýar.

Biziň ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary netijeli bejermek, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, innowasion usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak babatda abraýly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde yzygiderli çäreleri amala aşyrýar.

Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň we ýurdumyzyň esasy ylmy-kliniki lukmançylyk merkezleriniň binýadynda döredilen kliniki ordinaturalarda ýurdumyzyň ähli welaýatlardan lukmanlar öz bilim derejelerini kämilleşdirýärler hem-de hünärini ýokarlandyrýarlar. Telemedisina ýaly usullar işjeň ornaşdyrylýar, şonuň netijesinde «on-laýn» düzgüninde çylşyrymly operasiýalar yzygiderli geçirilýär.

Ýakyn wagtlarda biziň ýurdumyzda Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy, Inçekesel bejeriş-öňüni alyş merkezi, SPID-iň öňüni alyş merkezi, Ýokanç keselleriň bejeriş-öňüni alyş merkezi, Merkezi laboratoriýa we Gan merkezi ýaly ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň häzirki zaman toplumy işläp başlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokarda görkezilen Kararyna laýyklykda bu edaralaryň hemmesi indi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň täze döredilen Ýokanç keseller merkezleri müdiriýetiniň düzüm birlikleri bolarlar.

Ýurdumyzyň merkezi we welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu günki giňeldilen mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar lukmançylyk edaralarynyň ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň ilatyna edilýän lukmançylyk hyzmatynyň derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak boýunça milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribesini sarp etjekdigine ynandyrdylar.

Altyn Asyr

3 Responses

  1. “Тяжеловесная” беременность

    К большому раскаянию, такой великолепный период в жизни женщины, как беременность, зачастую печалится и досадными моментами.
    К таковым можно отнести токсикоз, пигментацию, отечность, частые позывы к мочеиспусканию, веское увеличение в размерах живота, да и веса в целом.

    Никто не спорит с тем, что некоторый набор килограммов в этот период вполне природен и вполне обоснован, ведь всем знаменито о том, что до момента зачатия размер матки не превышает сжатого кулака, а к концу беременности она уже подсказывает по своей величине приличный арбуз.
    Вес женщины увеличивается за счет растущего плода, плаценты, околоплодных вод, жировой ткани, необходимой для охраны будущего малыша, утяжеления груди.

    Как знаменито, в норме «привес» обязан составить от двенадцати до пятнадцати килограммов, это в случае вынашивания одного малыша. И после появления его на свет великая часть набранных килограммов уходит, в период грудного вскармливания женщина утрачивает в среднем еще от полутора до трех килограммов и происходит это примерно в течение двух месяцев после родов.

    Но, к раскаянию, приключается и так, что за девять месяцев ожидания будущая мама рискует набрать веско больше излишних килограммов – двадцать, а то и тридцать.
    И сходственные «излишества» моментально заявляют о себе в полный глас: появляются боли в ногах и тазовой доли, развивается варикоз и женщина испытывает постоянную усталость.
    Да и после родов избавиться от веса достаточно проблематично.

    Давайте же выясним, откуда же берутся эти излишние килограммы.
    Окончательно же, главный причиной комплекта излишнего веса при беременности (и не только) является любовь к обильной пище.
    А, как мы знаем, во время беременности, в организме происходит серьезная гормональная перестройка, что может привести к утрате женщиной контроля над калорийностью своего рациона, то есть она вполне может позволить себе фаст-фуд, сладости в безграничном количестве и т.д.
    У будущей мамы может попросту притупиться чувство насыщения, да и на нее действуют стереотипы о том, что ей следует кормиться «за двоих».
    То, что беременной женщине необходимо есть больше, никто не спорит, но ее обыкновенный рацион обязан возрасти не более, чем на триста пятьдесят калорий, да и происходить это обязано лишь в третьем триместре.
    А все что съедено сверх этого, только навредит, как самой женщине, так и ее будущему малышу.
    Это означает, что беременной необходимо следить за своим рационом, ограничивая количество жирной, сладостной и мучной пищи, даже если ей очень хочется кормиться именно таким образом.
    Каким обязано быть меню будущей мамы мы уже разговаривали не раз, напомним только, что оно обязано быть максимально полезным и для нее самой, и для будущего крохи.
    Не стоит насытиться на ночь, так как, помимо излишнего веса, это приведет к появлению изжоги, которая зачастую сопутствует беременности, да и сон едва ли будет безмятежным после несвоевременного ужина.

    Способствует комплекту излишнего веса и пассивность, когда будущая мама может проводить лежа на диване массу медли, но ведь беременность не является хворью, требующей соблюдения постельного режима.
    Окончательно, никто не разговаривает о том, что нужно заниматься спортом с полной отдачей, но вот прогулки, плавание, йога для беременных только приветствуются.
    Ведь такие мероприятия позволят организму не накапливать “лишнего”, при этом они еще укрепят здоровье, как мамы, так и ее будущего малыша, насытят материнский организм кислородом, что очень важно.
    Нужно стараться проходить пешком не менее четырех километров за день.
    Утро рекомендуется начинать с зарядки, при этом следует прислушиваться к собственным чувствам, не перегружая лишне организм.

    Еще одним неприятелем беременной является отечность, так как ее почки начинают функционировать «за двоих», что затрудняет их нормальную работу, это проявляется в отечности конечностей.
    Единственным советом в этой ситуации может быть лишь такой, как ограничение в потреблении жидкости и соли, которая удерживает ее в организме, что становится причиной увеличения веса.
    А вот пользоваться мочегонными средствами при беременности нельзя.

    Хотелось бы еще сказать будущим мамам: «Любите себя и свое тело, и тогда ваш животик будет лишь вашим дополнительным украшением!», начиная со срока два-три месяца, используйте специальные средства, предотвращающие появление растяжек, увлажняющие крема и скрабы для ухода за телом.
    Можете время от медли устраивать шопинг.

    Не забывайте ни на минуту, что и во время беременности, в первую очередь, вы женщина, а означает внешность и фигура для вас имеют немаловажное значение, и драться за их сохранение следует с первых дней зачатия.

  2. Dün­ýä­niň iň uly gü­li
    In­do­ne­zi­ýa­nyň to­kaý­lyk­la­ryn­da ýe­tiş­ýän “Raff­le­sia” at­ly gül dün­ýä­niň iň uly gü­li ha­sap­lan­ýar.
    Onuň aç­ýan gü­lü­niň dia­met­ri 1 met­re go­laý­la­ýar. Iki hep­de­lik öm­ri bo­lan bu gül­ler dün­ýä­de di­ňe In­do­ne­zi­ýa­nyň Su­mat­ra we Bor­neo Ada­la­ry hem-de Gü­nor­ta Taý­land­da­ky “Khao Sok” go­rag­ha­na­syn­da ýe­tiş­ýär. Bir hep­de­de gül­le­ýän gül ikin­ji hep­de­de sol­ýar. Gü­lü­niň agyr­ly­gy bol­sa 11 ki­log­ra­ma çen­li bol­ýar. Goň­rum­tyl gy­zyl reň­ki bo­lan gül gu­ran­dan soň­ra mi­siň reň­ki­ne meň­zeş bol­ýar.

  3. 404 mil­li­on adam in­ter­net ulan­ýar
    Hy­taý­da soň­ky üç aý­da 20 mil­li­on adam in­ter­net dün­ýä­si­ne ädim ät­di.Hy­ta­ýyň se­na­gat we mag­lu­mat­lar mi­nistr­li­gi in­ter­net ula­ny­jy­la­ryň sa­ny­nyň mart aýy­nyň ahy­ry­na çen­li 404 mil­lio­na ýe­ten­di­gi mä­lim et­di.
    Mi­nistr­li­giň met­bu­gat kä­ti­bi Zhu Jun ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da 384 mil­li­on ada­ma ýe­ten in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­na üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň il­kin­ji 3 aýyn­da ýe­ne-de 20 mil­li­on ada­myň go­şu­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Zhu so­si­al paý­la­şyk saýt­la­ry­na ag­za bo­lan ula­ny­jy­la­ryň sa­ny­nyň hem 191 mil­lio­na ýe­ten­di­gi­ni mä­lim et­di.

    Res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Hy­taý­da 3 mil­li­on 230 müň in­ter­net saý­ty bar. In­ter­ne­de bo­lan jem­gy­ýet­çi­lik gy­zyk­lan­ma­sy bol­sa git­di­gi­çe art­ýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: