Mollanepesiň hormatyna geçirilýän ýubileý

Mollanepesiň hormatyna dabaralar guralýar
Türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyry Mollanepesiň 200 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralar hakykatdan-da ýatdan çykmajak we täsirli baýramçylyk çärelerine öwrüldi. Şahyryň döreden eserleri diňe bir milli däl-de, eýsem dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna goşuldy.

Mollanepesiň baý medeni mirasy türkmen halkynyň ruhy genji-hazynasynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly medeniýetiniň möhüm ähmiýetli we aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Ýüz ýyldan gowrak mundan ozal şahyryň dogduk topragyň gözelligini, adamlaryň gatnaşyklarynyň sazlaşygyny, türkmenleriň ahlak tämizligini we ruhy dünýäsiniň baýlygyny wasp edýän liriki eserleri häzirki wagtda-da öz ähmiýetini we şahyrana tämizligini ýitirmän, döwrüň ruhuna laýyk gelýän görnüşde ýaňlanýar. Mollanepesiň goşgulary adamzadyň medeni genji-hazynasyna goşuldy hem-de häzirki wagtda dünýäniň köp dillerinde ýaňlanmak bilen, adamlaryň kalplarynda gözellige sarpa goýýan duýgyny oýarýar.

Ynsanperwer şahyr Mollanepesiň hormatyna guralýan dabaralaryň şanly waka—BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Aşgabada ilkinji resmi sapary bilen gabat gelmegi çuňňur simwoliki ähmiýete eýe boldy. Mollanepesiň poeziýasynda wasp edilen ajaýyp ýörelgeler häzirki wagtda parahatçylyk dörediji hökmünde tanalýan, türkmen jemgyýetinde gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän belent ynsanperwer däp-dessurlarynyň we adatlarynyň saklanyp galmagy hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegi ugrunda çykyş edýän türkmen döwletiniň durmuşynyň kadasyna öwrüldi.

Mollanepesiň hormatyna yglan edilen ongünlügiň çäklerinde tutuş Türkmenistan boýunça beýik söz ussadynyň ömrüne we döredijilik ýoluna bagyşlanan ylmy maslahatlar, edebi—sazly agşamlar, döredijilik bäsleşikleri, sergiler we konsertler geçirilýär, sahna oýunlary goýulýar.

Konsertlerde tanymal bagşylaryň ýerine ýetirmeginde şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlanýar.

Ozal habar berlişi ýaly, Mollanepesiň eserlerinden ybarat bolan täze neşirler poeziýanyň ähli muşdaklary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgada öwrüldi. Olaryň arasynda liriki şahyryň goşgularynyň täze ýygyndysy hem bar, ony bu şanly senä gabatlap, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri taýýarlapdyrlar. Bu ýygyndy 119 sany goşgudan ybaratdyr. Olaryň köpüsi şahyryň gahrymançylyga, watançylyga bagyşlanan we entek çap edilmedik eserleridir, bular Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Tatarystanyň we Russiýanyň golýazmalar fondlarynda ýüze çykaryldy, bu ýygyndy okyjylaryň Mollanepesiň şahsyýetine we döredijiligine täzeden göz aýlamagyna mümkinçilik berýär.

Ýubileý ýylynda türkmen nusgawy şahyrynyň poeziýasynyň muşdaklaryna onuň meşhur «Zöhre- Tahyr» atly dessanynyň türkmen we rus dillerinde çap edilen neşirleri, şeýle hem şahyryň azerbaýjan we özbek dillerindäki goşgularynyň ýygyndylary eýýäm sowgat edildi. Şu hepdede Mollanepesiň dünýäniň halklarynyň dürli dillerinde neşir edilen eserleri bilen tanyşdyrylyş dabarasy Milli golýazmalar institutynda dowam etdiriler. Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bu ylmy-barlag edarasynda şahyryň döredijiliginiň muşdaklaryny Mollanepesiň öz eli bilen ýazan we institutyň fondlarynda saklanýan gadymy golýazmalary, şeýle hem onuň häzirki döwürde neşir edilen eserleri bilen tanyşdyrýan sergi öz işini dowam etdirýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda we Milli medeniýet merkeziniň Prezident muzeýinde hem şahyryň dürli ýyllarda dürli dillerde çap edilen eserleri hem-de onuň durmuşy we döredijiligi baradaky edebiýat bilen tanyşdyrýan kitap sergileri guraldy.

Geçen hepdede Taryh institutynda, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynda geçirilen ylmy-amaly maslahatlar, şeýle hem gumanitar ugurly ýokary okuw mekdeplerinde guralýan forumlar türkmen nusgawy şahyrynyň ykbaly we döredijilik mirasy baradaky düşünjeleriň has-da giňeldilmegine ýardam berýär.

Häzirki wagtda şahyryň keşbi kino we teatr arkaly hem «janlandyrylýar». 6-njy aprelde «Türkmenistan» kino-konsert merkezinde «Mollanepes» atly çeper-publisistik film ilkinji gezek görkeziler. Kino lentasyny döredijiler tomaşaçylaryň ünsüni taryhyň pajygaly döwrüni başdan geçiren, ýöne öz däp-dessurlaryny ýitirmän saklan türkmen halkynyň ruhunyň güýjüne, kalbyna gönükdirýärler. Halkymyzyň kalbynda beslän arzuwlary beýik şahyr Magtymguly Pyragy, şeýle hem türkmen şahyrlarynyň we halk bagşylarynyň tutuş nesli tarapyndan täsirli beýan edildi, bularyň döredijiligi şol şahyrana akabadan gözbaş alyp gaýdýar. Mollanepesiň keşbi şahyrana sözler we sazly öwüşginler, täsirli şekiller, geçmişe we häzirki döwre degişli keşpler, hakykat we göz öňünde tutulýan zatlar arkaly suratlandyrylýar. Bir söz bilen aýdanyňda, şol keşp arkaly Adamy, Ýeri we Asmany özüniň çuňňur liriki we filosofiki poeziýasynda birikdirmäge çalşan şahyryň durmuşy görkezilýär.

Ýurdumyzyň teatral toparlary hem öz döredijilik işlerini söýginiň aýdymçysyna bagyşlapdyrlar. Şu günler A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Zöhre we Tahyr» atly spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi üstünlikli geçdi. Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynyň, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynyň artistleri ýubileý ýylynda sahnalaşdyrylan oýunlaryny baýramçylyk bilen bagly maksatnama goşdular. Liriki şahyra bagyşlanan teatr oýunlarynyň tapgyry «Nepes sen!» atly oýnuň ilkinji gezek görkezilmegi bilen jemlener, bu oýun 10-njy aprelde Türkmenistanyň Baş drama teatrynda görkeziler.

«Mollanepes we HIH asyr türkmen durmuşy» atly Halkara ylmy maslahat Mollanepese bagyşlanan ongünlügiň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda bu maslahat 8—10-njy aprelde Maryda geçiriler. Bu wekilçilikli forumyň gadymy türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlaryny ýygnap, biziň Mollanepesiň ömri we döredijilik ýoly, onuň döwürdeşleri we şägirtleri baradaky düşünjelerimizi has-da giňeldip, halkara derejesindäki ylmy we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine we çuňlaşdyrylymagyna mynasyp goşant goşjakdygyna söz ýok. Şeýle hem foruma gatnaşyjylara şahyryň dogduk mekany—Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mülkýazy obasynda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga mümkinçilik dörediler. Hut şol ýerde, köp sanly beýik türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň ruhy ojagyna öwrülen gadymy Merw topragynda Mollanepesiň gözelligi we akgynlylygy boýunça haýran galdyrýan hem-de häzirki döwürde-de öz ähmiýetini we tämizligini ýitirmän gelýän poeziýasynyň çeşmesi akyp ugrapdy.

8-nji aprelde Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ajaýyp şahyryň, söýginiň we gözelligiň aýdymçysynyň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryny jemlär.

Mollanepesiň hormatyna geçirilýän ýubileý dabaralary täze Galkynyş eýýamynda halkymyzy birleşdirýän medeniýetiň we ruhubelentligiň baýramçylygyna öwrüldi, çünki onuň poeziýasynyň özeni ata-babalarymyzyň ynsanperwerligine, olaryň ahlak ýörelgelerine we edep-ekramyna, watançylygyň ileri tutulmagyna, gözellige we päk söýgä baş egilmegine esaslanýar.

Altyn Asyr

2 Responses

  1. Увеличивать грудь Макроланом опасно

    Скоростная процедура увеличения бюста, продолжительность которой занимает всего 45 минут, опасна для жизни женщин. Эксперты выяснили, что после инъекций геля Макролан дамы могут не заметить признаков рака груди. А значит, эта тяжелая болезнь будет обнаружена слишком поздно.

    Стоимость этой процедуры в Великобритании составляет 2 500 фунтов, она длится 45 минут и позволяет увеличить грудь до размера “чашки”. Все это привлекает большое количество пациенток. Однако в ходе одного исследования удалось установить, что 16 из 20 женщин, прошедших через инъекции Макролана, предъявили 44 отдельные жалобы на различную боль и аномальную форму груди.

    Трем женщинам пришлось пройти через реконструктивную хирургию, в ходе которой Макролан был удален. Но самое опасное заключается не в этом. Проведенные вскоре после инъекций нового геля маммограммы показали “сокращение визуализации железистой ткани”, а ведь именно оттуда начинают свой рост раковые клетки. Вывод исследования категоричен: “Применение Макролана для увеличения объема бюста может оказать негативное воздействие на диагностику рака груди”.

    Одна из пациенток пожаловалась через три месяца после инъекции на то, что Макролан сформировал у нее в груди комки, которые были “четкими и гранулированными, как тапиока”. Автором отчета стал пластический хирург Барри Миллер из Госпиталя короля Эдуарда VII в Лондоне. Он предупреждает, что в отношении использования Макролана было проведено недостаточно исследований.

    Макролан содержит гиалуроновую кислоту, которая связывает воду в тканях, что позволяет создавать необходимый объем. Эффект от укола в среднем длится полтора года. “Грудь – это очень специфическая часть женского тела, – говорит доктор Миллер. – Мы имеем дело с гормонально активной областью, предрасположенной к опухолям. Макролан просто недостаточно изучен”.

  2. […] Mollanepesiň hormatyna geçirilýän ýubileý […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: