Hoz gipertoniýada oňat serişde hasaplanylýar

Hoz bişende… 
Allamyrat Akmyradow,
ösümlik baýlyklaryny öwreniji.
Güljemal Gurbanmämmedowa,
Köpetdag döwlet goraghanasynyň ylmy bölüminiň
Köpler grek hozunyň watany (onuň adyndan çen tutup) Gresiýadyr öýdýärler.  Hakykatda welin, onuň watany Merkezi we Kiçi Aziýa bolup, oňa “grek hozy” diýen adyň dakylmagyna Russiýa Gresiýadan getirilmegi sebäp bolupdyr. Grekler Gresiýadan Italiýa getiren bu ösümliginiň daragtyny we miwelerini “eýran hozy”, “pars hozy”, “eýran-pars hozy”, “patyşa hozy” diýip atlandyrypdyr. Bu tötänden däl. Eýranyň (Persiýa) paýtagtynda ilkinji miweçilik mekdebiniň düýbüni tutan Kiriň patyşalyk eden döwründe hoz ýurduň ösümlikler dünýäsinde görnükli orun eýeläpdir.

Daragtyň latynça ady — “Juglans regia” (“Juglans” — “Ýupiteriň hozy” diýmegi aňladýan  “Lovisglan” ýa-da “Vovis glans” sözleriniň gysgaça aýdylyşy, “regia” — “patyşa” diýmegi aňladýan “regus” sözünden). Bu atlar b.e. 23-79-njy ýyllarynda ýaşap geçen meşhur grek alymy we akyldary Uly Pliniýiň “Tebigy taryh” diýen işinde, Gippokradyň, Dioskoridiň, Siseronyň, Wirgiliniň we beýleki gadymy grek we rim ylymdarlarynyň eserlerinde hem duş gelýär.    

Eger hozuň Merkezi we Kiçi Aziýada ýabany görnüşde has ir peýda bolandygyny, dünýäniň başga ýerlerinde, şol sanda Gresiýada-da onuň ilkinji gezek emeli ekilip ýetişdirlendigini göz öňünde tutsaň,  bu daragty “Aziýa hozy” diýip atlandyraýmaly. Şu nukdaýnazardan hoz biziň diýarymyzyň hem aborigenidir (gadymky ýerli ýaşaýjy). 

Gadymy hem uzak ýaşaýan, ýokary derejeli dermanlyk we azyklyk häsiýetli hozuň dünýäde takmynan 20 (käbir maglumatlara görä 40-a çenli), GDA ýurtlarynda 3, Türkmenistanda 1 ýabany görnüşi gabat gelýär.
Hoz (Juglans regia) — hozlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20-25 metre çenli ýetýän bir ýa-da köp sütün emele getirýän wekili.  Sütüniniň gabarasy 150-250 sm barabar. Ýapragy uly (uzynlygy 20-40(55) sm. Gülleri aýry jynsly, ownuk. Miweleri — ýalan şänik, ya-da  “hoz”.

Daragt adatça aprel-maý aýlarynda gülleýär. Miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär.

Hoz biziň ýurdumyzda deňiz derejesinden 900-1500 metr belentlikde ösýär. Tohumyndan we töňňeden çykýan ösüntgilerden kemala gelýär. Amatly şertlerde aýry-aýry agaçlar 300-400 ýyla çenli ýaşaýar.

Diýarymyzda Günorta-günbatar Köpetdagda: Aýyrdepede, Porderede, Hozlyda; Merkezi Köpetdagda: Amaratda, Hozlydagda, Ypaýgalada, Garaýalçyda, Galyňhozda, Kiçi Nyýazymda, Degirmenlide, Müsünewde; Köýtendagda duşýar.

Hoz ýurdumyzdaky seýrek ösümlikleriň biridir. Dermanlyk maksatlary üçin tebigy gory ýeterlik. Merkezi Köpetdagyň Garaýalçy jülgesinde 8 gektar, Galyňhoz deresinde 1 gektar ýeri hoz tokaýlygy tutýar. Biziň hasaplamalarymyza görä (2007-nji ýyl), häzirki wagtda bu derelerde 235 sany hoz agajy bitýär. Olaryň 80-si miwe berýär.

Dermanlyk maksatlary üçin hozuň ýapragy, bişmedik miweleri we miweýany çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapraklaryny maý aýynyň ahyryndan iýun aýynyň birinji ýarymyna çenli aralykda ýygnamaly. Ýaprajyklary esasy sapakdan ýolup almaly. Olary täzeligine peýdalanmaly.Agajyň ýapragynda 2250-4500 mg % çenli mukdarda C, P, B1 witaminleri, 0,33 mg % karotin, 0,01-0,03 % efir ýaglary, 3-5 % eý maddalary, kwersetin giperozid we kemiferol flawonidler, hinonlar, fenol-karbon turşulyklar, reňk beriji ýuglon saklanýar. Hozuň ýapragynda C witamini saklanýar.

Miweýanynyň gök gabygy askorbin turşusyna 3000 mg % çenli, karotine we eý maddalaryna (25 000 mg %) baýdyr. Olar tebigy witamin konsentratlaryny almak üçin oňaýly çig maldyr.

Hozuň maňzy — örän gymmatly önüm, düzüminde 75 %-e çenli ýag, 20 % töweregi beloklar, 7-16 % uglewodlar, 30-50 mg % C witamini, 0,3 mg % B1 witamini, karotin we E, P witaminleri, şeýle hem demriň we kobaltyň duzlary bar.

Hozuň dermanlyk häsiýetleri gadymy hekimlere-wraçlara mälim bolupdyr. Bukrat hekim (Gippokrat) onuň gök miweýanyny soguljany ýok ediji serişde hasaplapdyr. Gadymyýetde bu önüm has güýçli awular bilen zäherlenilende güýçli täsir edýän serişde hasap edilipdir. Rim goşunynyň  polk ýolbaşçysy Pompeý hozuň zäherleriň garşysyna ulanylyşy baradaky maglumatlary Matridantyň köşgündäki papirusdan tapypdyr.

Abu Aly ibn Sinanyň pikirine görä, hozuň injir we porsykert goşulyp taýýarlanan garyndysy ähli zäherlere garşy derman bolýar. Ol özüniň ”Şypanama” (“Žawdiýa”) diýen işinde hozuň maňzynyň porsykert bilen garyndysyny ýylan çakanda ulanmagy maslahat berýär. Hozuň ýapragy we miweýany diş etini berkidýär we ganamasyny duruzýar. Miweýanynyň şiresini goýy halyna geçýänçä gaýnatmaly. Ibn Sina hoz ýapragyndan sykylyp alnan şiräni ýyladyp gulakdan iriň gelmede haýyrlanmagy maslahat berýär. Onuň pikiriçe, hozuň ýagy etiň çüýremegine (gangrena), sowuklama we ittirsege garşy nepli, gabygy aýbaşyda köp ganyň akmagynyň öňüni alýar, maňzy soguljany bedenden daşary çykarmaga ýardam edýär. Meşhur tebip hoz sepbigi (kamed) bilen aşgazan, nerw, böwrek kesellerini, köriçegäni (şepgi ýa-da ýapgy-plastyr görnüşinde ulanmak arkaly) bejeripdir.

Meşhur hekim we alym Seýit Ysmaýyl Gürgenli (Jürjany) özüniň belli “Horezm şahyň genji-hazynasy” diýen nusgawy işinde arassalanan hoz maňzyny zäherlenme zerarly bedene zyýan ýetende iýmit görnüşinde ulanmagy maslahat berýär, diftteriýany bejermekde peýdalydygyny  aýdýar.

Muhammet Hüseýiniň “Melhemler hazynasy” (1777) atly nusgawy eserinde: ”Hoz bedeni ýumşadýar, aşgazanda iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär, duýgulary ýitileşdirýär, üzüm we injir bilen iýilende, garrylary kuwwatlandyrýar. Hozuň maňzy bäş günläp iýlende, togalak we ýasy soguljanlar gyrylýar” diýlip, bellenilýär. Hozuň oňurgada we göbek töwereginde agyry dörände haýyrlydygy tekrarlanýar.

Hozuň gök miweýanyndan taýýarlanylan toşaba arybaly ýa-da üzüm toşaby goşulyp peýdalanylanda, diş etiniň gan akmasy bes edilýär.Halk lukmançylygynda hoz agajy dürli maksatlar bilen peýdalanylýar. Il arasynda: “Hozuň yrýa zady ýok” diýilmegi hem tötänden däl. Onuň ýapraklaryndan taýýarlanylan jöwher maddalaryň alyş-çalşyna itergi berýär, soguljanlary ýok edýär, içgeçmede, süýji diabetinde peýdaly. Anginada (basyk) we gingiwitde agzy çaýkamak maslahat berilýär.  Ýapragynyň peti hem jöwheri aterosklerozda, çagalaryň diatezinde, sowuklamada, guragyryda peýdaly.

Hozuň miweýanyndan we ýapraklaryndan taýýarlanan şire gijilewükli demrewi ýok edýär. Öň miweýanynyň peti ötüşen weneriki keselleriň bejergisinde peýdalanylypdyr. Ter ýapragy ýaralara we çybana (furunkul) ýapylýar. Mäjumlanan ter ýapraklaryny mesgä garyp, kellagyryda we gözüň sowuklamasynda maňlaýa, gözlere, şeýle hem ýaralara we çybana ýapmak maslahat berilýär .

Türkmen halk lukmançylygynda bişmedik hoz we onuň dermanlyk şiresi gyzylödegiň geçmez keselinde haýyrlanylýar (Baharly we Köýtendag etraplarynyň daglyk obalarynda).

Mundan başga-da, hozuň içindäki perdejikleri we mäjumlanan maňzyny süýt bilen garyp, aýratyn içgi taýýarlaýarlar. Hozuň hoşboý ysy bark urýan gyzylymtyl şypaly içgi ýürek-damar we aşgazan-içege kesellerine örän nepli hasap edilýär. Hozuň gök miwelerinden taýýarlanan şerbet we melhem gany arassalamak, bedeni dikeltmek üçin, bagyr, galkan görnüşli mäziň kesellerinde, wena gan damarlarynyň warikoz giňelmesinde peýdaly.

Bişmedik hoz soguljanlaryň (askarit we solitera) garşysyna peýdalanylýar. Şahalarynyň we köküniň gabygyndan taýýarlanan jöwher we pet agyz boşlugynyň, damagyň we bokurdagyň sowuklama kesellerinde, diş gowşanda , diş eti zaýalananda, şeýle hem, iç sürüji we aşgazana haýyrly serişde hökmünde ulanylýar.

Daglyk obalaryň ýaşaýjylary hozuň içindäki perdejiklerden taýýarlanan peti we şerbeti zobda haýyrlanýarlar. Aşgazan-içege ulgamynyň sökelliklerinde hozuň maňzyny mäjumlap, kişmiş bilen bilelikde peýdalanýarlar. Akargülüň tohumyny we hoz maňzyny mäjumlap, bilagyryda ýapýarlar.

Hoz gipertoniýada oňat serişde hasaplanylýar. Maňzy süýjikeselde peýdaly.

Daragtyň miwesiniň ýagy irki wagtdan bäri iç gatamada, böwrekde daş emele gelende, bedende mugthor gurçuklar bolanda,  bagyr, peşew, jyns agzalarynyň, öýkeniň kesellerinde peýdalanylyp gelinýär, gulagagyryda gulaklara damdyrylýar, ýanyklara we bitmesi kyn ýaralara çalynýar. Hozuň ýagy içege gasynlarynyň işini güýçlendirýär. Munuň özi ony gartaşan hem-de semizlikden ejir çekýän adamlaryň iýmitinde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Fitoterapiýada hozuň ýapragyndan taýýarlanan jöwher limfa mäzleriniň, diş etiniň sowuklamasynda, gastroenteritde peýdalanylýar. Hozuň ýapragy örgünli, iriňli dömme ýaly çaga kesellerini we iglemäni bejermek üçin ulanylýar. Ýapragynyň jöwheri aşgazan-içege, deri, süýji diabeti kesellerinde nepli. Anginada (basyk) we gingiwitde agyz çaýkamak, deriniň inçekeselinde, skrofulýozda wanna kabul etmek maslahat berilýär.

Hozuň gök miweýanyndan alnan “ýuglon” dermany ylmy lukmançylykda inçekeseliň, demrewiň, paradontozyň bejergisinde (maz, suwuklyk görnüşinde) çalmak, ýapgy etmek, agyz çaýkamak usullary arkaly  ulanylýar. Ýapragyndan alnan “karion” dermany deri inçekeselini bejermekde peýdalanmak üçin hödürlenildi.  0,1 % spirt we 0,05-0,1 % ýag ergini görnüşinde haýyrlanylanda kokklary we kömelekli florany doly ýok edýär (esasan stafilokokk kömelekleri we gram položitel taýajyklary duýgur). Ter ýapragynyň ekstraktlary, edil “ýuglon” ýaly bakteriýa garşy häsiýetli. Hozuň süýdüniň ýetişýän döwründe ýaşajyk gök miwelerinden witaminli konsentratlar taýýarlanylýar. Hozuň mürepbesi bişirilende, onuň düzüminde witaminleriň 90 %-e çenlisiniň saklanmagy üpjün edilýän gaýnatma usuly işlenilip düzüldi. Adaty hozuň bişmedik miwelerinden taýýarlanylýan C witamininiň konsentraty, hoz ýapragynyň ysyny ýatladýan gowşagrak hoşboý ysly, gara-goňrumtyk reňkli suwuklykdyr. Onuň düzüminde akorbin turşusyndan başga-da, 1-3 % tanin, 2-3 % demriň we kalsiniň fosfor turşusyny saklaýar.

Keselden soň kuwwatlandyryjy we iýmit siňdirişi gowlandyryjy nygmat hökmünde hozuň maňzynyň deňi-taýy ýok. Onuň täze ýagy konýunktiwitde we ortagulagyň sowuklamasynda peýdalanylýar. Miwesiniň peti gipertoniýada içilýär. Ýapragy atylan çaý süýjikeselde peýdaly.

Hozuň maňzy kulinariýada, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda  ulanylýar. Agajynyň miweýanlary, gabygy, ýapraklary deri eýlenende, mata, ýüň, haly, saç boýalanda, surat-bezeg işlerinde peýdalanylýar. Magtymguly Pyragynyň: 

“Hozuň daş gabygy, gülälek suwy,

Garyp saça çalsaň, gara reň bolar.”

diýen goşgy setirleri türkmen halkynyň hozy öz durmuşynda irki wagtdan bäri haýyrlanyp gelendigine güwä geçýär.

Dermanlyk taýýarlanylyşy hem ulanylyşy:

  Hozuň 1 nahar çemçe (15g) guradylan ownuk ýapragyny 1 bulgur (200 ml) suwa atyp, 30-40 minut saklamaly, hasada süzmeli. Jöwheri her gün 4 gezek 1 nahar çemçeden  içmeli.

Agajyň 3-5 nahar çemçe (45-75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasadan geçirip, deri kesellerinde, iriňli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüşinde haýyrlanmaly.

Hozuň 1-2 çaý çemçe (5-10 g) ýapragyny 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa demlemeli. Sowadyp, hasada süzmeli. Içgeçmede, aterosklerozda her gün 3-4 gezek ýarym bulgurdan (100 ml) kabul etmeli.

1 nahar çemçe (15 g.) owradylan ýapragy 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa demlemeli. Jöwheri süzmeli. Sowandan soň çagalara her gün 3 sapar nahardan öň 1-2 çaý çemçeden (5-10 g) içirmeli.

Ösümligiň 1 nahar çemçe owradylan gury ýapraklaryny ýarym bulgur (100 ml) günebakar ýagy bilen garmaly. Agzy ykjam ýapylýan aýna gapda bir hepde saklamaly. Arasynda bulap durmaly. Soňra ony suw wannasynda üç sagatlap gaýnatmaly. Iki gezek hasada süzmeli. Ýene 30 minut gaýnatmaly. Soňra 15 g ary mumyny goşmaly we tä sowaýança garyşdyryp durmaly. Derman ýaralara we çybanlara ýygy-ýygydan ýapylýar.

Hozuň 1 kg ter ýa-da guradylan ýapraklaryny 10 litr suwa atyp, agzy mäkäm ýapylýan gapda pessaý otda 30 minut gaýnatmaly. Taýyar bolan pet bilen iriňli dömme çişlerine ýolugan çagalaryň, mäzleriň limfatik kesellerine uçran syrkawlaryň endamyny ýuwmaly.

Gök hozlary ýygnap, üweýjiden geçirmeli. Deň möçberde arybalyny goşup, agzy ykjam ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 37 günläp goýmaly. Bu dermany günüň dowamynda 4 gezek nahardan öň 1 çaý çemçeden (5 g) içmeli. Bejeriş möhleti — 4 aý.

Üwelen hozlary zeýtun ýagy bilen goşup, agzy berk ýapylýan gapda 40 gün gün düşýän ýerde saklamaly. Taýýar bolan emligi süzmeli. Her gün irden we agşam wena gan damarlarynyň çişen ýerlerine tä syrkaw doly gutulýança çalmaly.

Информационного Центра здравоохранения Туркменистана

Advertisements

2 Responses

  1. Попала лицом под винт катера

    Пластические хирурги из США совершили очередное чудо, буквально по кусочкам восстановив лицо девушки, которая перенесла чудовищную травму. По сравнению с ней даже колото-резаные раны, нанесенные ножом, кажутся детскими царапинами.

    Около года назад Эрин МакКормик попала под катер. По ее лицу прошелся острый винт, который раскромсал кожу и кости практически до основания. Настоящим чудом было то, что жизнь Эрин удалось спасти. Впрочем она сама очень жалела об этом, когда очнулась в реанимации и увидела, что с ней стало.

    “Представьте себя, что по вашему лицу наносит удары винт с острыми лопастями, которые вращаются со скоростью тысячу оборотов в минуту, – говорит доктор Пабло Причард, медицинский директор отделения пластической хирургии в госпитале John C. Lincoln North Mountain. – По большей части наша работа была очень нудной и утомительной – мы соединяли воедино крошечные фрагменты костей, сживали ошметки мускулов и нервов”.

    Врачам также понадобилось сделать все, для того чтобы предотвратить паралич и восстановить чувствительность лица Эрин. Доктор Причард отмечает, что данный участок тела представляет собой самую сложную в комплексом отношении зону, и восстанавливать лицо значительно тяжелее, чем какой-нибудь коленный сустав.

    Пластические хирурги использовали новейший коллагеновой панцирь, который был нанесен вокруг поврежденных нервных фрагментов лица, чтобы защитить их от образования рубцов и шрамов, возникающих при росте нервов. “Мы защищали нервы от самого тела, что обеспечивало самое лучшее функциональное восстановление”.

    Теперь Эрин снова может улыбаться, и ей нравится отражение в зеркале. “Большинство людей просто не верят, когда я им говорю о катере, – рассказывает девушка. – Они мне отвечают: “Да перестань, это невозможно! Ты потрясающе выглядишь!” Люди не знают, что я перенесла 19 операций. А впереди новые – мне еще надо восстанавливать до конца руку”.

    19-летняя Эрин после всего случившегося решила стать медсестрой.

  2. […] Hoz gipertoniýada oňat serişde hasaplanylýar […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: