Bi­ziň te­bi­ga­ta mä­täç­li­gi­mi­z

Bagt­ly­ly­gyň sy­ry 
Ro­çes­ter uni­wer­si­te­ti­niň ge­çi­ren yl­my-der­ňew işi te­bi­ga­tyň yn­sa­ny has-da gö­zel­leş­dir­ýän­di­gi­ni su­but et­di. Der­ňe­wiň bar­şyn­da 400 ada­myň te­bi­ga­tyň su­ra­ty­na we şä­he­riň su­ra­ty­na se­re­di­şi syn­lan­dy. 
Soň­ra sy­na­ga gat­na­şy­jy­lar öz­le­ri ha­kyn­da ber­len so­rag­la­ra jo­gap ber­di­ler. So­rag­lar yn­san­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň wa­jyp­ly­gy, şöh­rat we baý­lyk ha­kyn­da­dy.

Der­ňe­wiň do­wa­myn­da kä­bir adam­la­ra 5 ame­ri­kan dol­la­ry be­ril­di we bu mad­dy gym­ma­ty öz­le­rin­de sak­lap bil­jek­dik­le­ri ýa-da bi­ri­ne be­rip bil­jek­dik­le­ri ba­ra­da so­ral­dy. Te­bi­ga­tyň su­ra­ty­na se­red­ýän­ler öz dur­muş­la­ryn­da yn­san­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň diý­seň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy­lar we şol bir wag­tda öz­le­rin­de bar bo­lan 5 ame­ri­kan dol­la­ry­ny paý­laş­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry­ny bel­le­di­ler. Şä­he­riň su­ra­ty­na se­red­ýän­ler bol­sa bu gat­na­şyk­la­ryň ju­da ze­rur däl­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Olar üçin şöh­rat we baý­lyk has-da mö­hüm bo­lup gö­rün­di. Ýan­la­ryn­da­ky 5 ame­ri­kan dol­la­ry­ny bol­sa paý­laş­makçy däl­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar.
Der­ňe­wi ge­çi­ren­le­riň ara­syn­dan psi­ho­lo­gi­ýa bo­ýun­ça pro­fes­sor Ri­çard Rýan yn­sa­nyň te­bi­gat bi­len öza­ra gat­na­şy­gy­nyň ke­sil­me­gi­niň di­ňe bir öz­baş­dak ada­ma däl, eý­sem-de bol­sa, jem­gy­ýet­çi­li­ge-de oňyn bol­ma­dyk tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­läp geç­di. Alym Net­ta Weýnş­teýn: “Biz- yn­san­lar te­bi­ga­tyň tä­si­ri as­tyn­da gal­ýa­rys we kä­wagt­lar mu­ny duý­ma­ýa­rys. Bu der­ňew bi­ze ýa­şa­ýan ýer­le­ri­miz­de ýa­şyl meý­dan­la­ry­my­zy kö­pelt­me­li­di­gi­mi­zi, bi­ziň te­bi­ga­ta mä­täç­li­gi­mi­zi tas­syk­la­ýar” di­ýip, sö­zü­ni jem­le­di.

 Ref. Zaman

2 Responses

  1. SAGLYK WE IÝMIT

    15-24- ýaşyndaky göwreli aýallaryň AIW/AIDS bilen keselleýjiligi

    Yokary hünär taýýarlykly saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda çaga dogluşynyň paýy

    Gyzamyga garşy sanjym edilen 2 yaşdan kiçi çagalaryň paýy

    Gowulandyrylan suw çeşmesi/ howpsyz agyz suwy elýeterli bolan ilatyň paýy

    Nejesatlary aýyrmagyň arassaçylyk serişdeleri elýeterli bolan ilatyň paýy

    Ene ölümiiniň derejesi

    Kontrasepsiýadan peýdalanmagyň koeffisiýentinde prezerwatiwden peýdalanmagyň paýy

    AIW/AIDS barada her taraply bilimli bolan 15-24 ýaşyndaky adamlaryň paýy

    AGTB garşy sanjym edilen 1 ýaşa çenli çagalaryň paýy

    15-19 ýaşyndaky eneleriň çaga dogryş koeffisiýenti

    Kontrasepsiýa usullary barada ilatyň habardarlygy

    Fertilligiň derejesi

    15-24-ýaşyndaky göwreli aýallaryň AIW/AIDS bilen keselleýjiligi

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    15-24-ýaşyndaky göwreli aýallaryň AIW/AIDS bilen keselleýjiligi

    Ölçeg birligi:

    Müňe

    Ölçegiň görnüşi:

    Göterim gatnaşygy

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

    FoC (Ugur 1), CCA, IÖHK , MÖM ( 6 Maksat, 7 Wezipe, 18 Indikator)

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    AIW-iň duş gelmeginiň ähli täze hadysalarynyň ýarsyna golaýy 24 ýaşyndaky ýa-da ondan ýaşrak adamlaryň arasynda duş gelýär. Bäbeklere we 15 ýaşa çenli çagalara AIW-iň ýokuşmagynyň 90%-i wirusyň çaga ejesinden göwreli wagtynda, dogran wagtynda we ene süýdi bilen emdiren wagty geçmegi bilen bolup geçýär. Muňa dünýäniň köp ýurtlarynda ileri tutulýan saglygy goraýyş gulluklarynyň mätäçlik çekýän çäklendirilen döwlet serişdeleriniň uly bölegi harçlanylýar.

    Kesgitleme:

    15-24-ýaşyndaky göwreli aýallaryň AIW/AIDS bilen keselleýjiligi – bu AIW üçin ganynyň seljerişi oňyn netije beren 15 – 24-ýaşyndaky göwreli aýallaryň göterimi.

    Öňde baryjy gurama:

    Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-nyň AIW/AIDS boýunça Birleşen Maksatnamasy.

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Göwreli aýallarda AIW boýunça maglumatlar aýallar göwreli wagty başga maksatlar üçin aýallardan alynýan ganyň galyndylarynyň seljerişiniň netijelerinden ýygnalýar. Synaglar adaty gözegçilik wagty alnan antenatal klinikalardan gelýär.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. Döwürleýinligi – ýyllyk.

    Halkara we milli hasabatlylyk : BMG, BSGG, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

    Bellik:

    Dünýäde ähli ene ölümleriniň dörtden üç bölegi çaga dogrulan wagty we göniden-göni çaga dogrulandan soňky döwürde bolup geçýär. Her bir çaga dogrulanda akuşerçilik endikleri bolan ýokary hünär derejeli saglygy goraýyş işgäriniň gatnaşmagy we gaýragoýulmasyz kömegiň talap edilýän ýagdaýlarynda çaga dogurýanlary saglygy goraýyş edarasyna ugratmak üçin ulagyň bolmagy eneligiň howpsuzlygynyň ýeke-täk aýgytly şerti bolup durýar.

    Ýokary hünär taýýarlykly saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda çaga dogluşynyň paýy

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    Ýokary hünär taýýarlykly saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda çaga dogluşynyň paýy

    Ölçeg birligi:

    Göterim

    Ölçegiň görnüşi:

    Göterim gatnaşygy

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

    FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM ( 5 Maksat, 6 Wezipe, 17 Indikator), MICS3

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Bu indikator çaga dogrulanda göwreli aýallara seredilişiniň şunuň ýaly elýeterli bolmagyny üpjün etmekde saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleriniň gytaklaýyn ölçegi bolup durýar we çaga dogrulanda ýokary derejeli kömekden peýdalanmak boýunça gündelik maglumaty berýär.

    “Çagalaryň ýaşaýşy üçin ýaramly dünýä” resminamasynda öňde goýlan maksatlaryň biri hem çaga dogrulanda aýallara çalt we gymmat bolmadyk ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmekden ybarat . Bu ýerde ýokary hünär derejeli hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen çaga dogrulyşynyň paýy we saglygy goraýyş edarasy şertlerinde çaga dogrulyşynyň paýy görkeziji bolup durýar. Çaga dogrulanda ýokary hünär derejeli hyzmatlary ýerine ýetirmegiň görkezijisi MÖM- da bellenen 1990-2015-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ene ölümçiligini dörtden üç esse azaltmak maksadyna ýetmegiň gidişiniň monitoringi üçin hem peýdalanylýar.

    Kesgitleme:

    Bu tejribeli saglygy goraýyş işgäriniň gatnaşmagynda görkezilen döwürde çaga dogrulyşynyň şol döwürde çaga dogrulyşynyň umumy sanyna göterimde möçberini görkezýär. Ýokary hünär derejeli saglygy goraýyş işgärleriniň sanyna bolmalysy ýaly taýýarlananlar we degişli enjamy we dermanlary bar bolanlar girýär. Eger gysgaça taýýarlyk kursuny geçen bolsa-da, adaty gatnaşýanlar hasap edilmeýär.

    Öňde baryjy gurama:

    BMG: BSGG, ÝUNISEF, IG

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Tejribeli saglygy goraýyş işgäriniň gatnaşmagynda çaga dogrulyşynyň möçberi barada maglumatlary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan yzygiderli ýygnalýan hasabat maglumatlaryndan almak bolýar. Ýöne diri doglan çagalaryň sany barada maglumatlary raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alyş ulgamyndan almak bolýar. Standart hyzmat edilişinde ýazgylara esaslanýan maglumatlar sanawjy üçin maglumat berse-de, adatça doly däl ýazgylar bilen baglanyşykly meseleler bolýar we olara hususy saglygy goraýyş edaralaryndan maglumatlar girizilmeýär. Eger şeýle maglumatlar ýok bolsa, ýa-da olaryň hili pes bolsa, şu maglumaty ýygnamak üçin öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň, hususan-da DHS we MICS maglumatlaryndan peýdalanmak bolýar.

    Milli derejede maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş-Demografiýa gözegçiligi ( 2000 ýyl), MICS3 (2006 ý.).

    Halkara we milli hasabatlylyk : BMG, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

    Bellik:

    Dünýäde ähli ene ölümleriniň dörtden üç bölegi çaga dogrulan wagty we göniden-göni çaga dogrulandan soňky döwürde bolup geçýär. Her bir çaga dogrulanda akuşerçilik endikleri bolan ýokary hünär derejeli saglygy goraýyş işgäriniň gatnaşmagy we gaýragoýulmasyz kömegiň talap edilýän ýagdaýlarynda çaga dogurýanlary saglygy goraýyş edarasyna ugratmak üçin ulagyň bolmagy eneligiň howpsuzlygynyň ýeke-täk aýgytly şerti bolup durýar.

    Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

    Türkmenistanyň SG we DSM, MICS – 3, (2006 ýyl).

    Gyzamyga garşy sanjym edilen 2 ýaşdan kiçi çagalaryň paýy

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk

    Indikatoryň ady:

    Gyzamyga garşy sanjym edilen 2 ýaşdan kiçi çagalaryň paýy

    Ölçeg birligi:

    Göterim

    Ölçegiň görnüşi:

    Proporsiýa, göterim gatnaşygy

    Toparlara bölmek/Derejesi:

    Bu indikator regional we milli derejelerde hem-de jyns – ýaş toparlary boýunça işlenip taýýarlanylýar.

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy :

    FoC (Ugur 1), I, CCA, MÖM ( 4 Maksat, 5 Wezipe, 15 Indikator), MICS – 3

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Indikator ýurtda çagalaryň saglygyny goramak ulgamynyň gurşap alyşyny we hilini görkezýär. Immunizasiýa – 5 ýaşa çenli çagalaryň arasynda ölümçiligi azaltmak boýunça işleriň düýpli düzüji bölegi bolup durýar. Ösüp barýan ýurtlarda Hökümetler gyzamygyň we difteriýanyň, gökbogmanyň we bürmäniň garşysyna sanjymy adatça saglygy goraýşyň esasy toplumynyň bölegi hökmünde maliýeleşdirýärler. Sanjym arkaly öňi alynýan bu çaga keselleriniň arasynda gyzamyk çaga ölümiiniň esasy sebäbi bolup durýar.

    Kesgitleme:

    Gyzamyga garşy iň bolmanda bir sanjym edilen 2 ýaşdan kiçi çagalaryň paýy

    Öňde baryjy gurama:

    ÝUNISEF we BSGG

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Sanjym bilen gurşalyp alyş barada maglumatlar iki sany esasy çeşmeden alynýar: Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň yzygiderli hasabatlary we öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň maglumatlary. Taýýar maglumatlar ýurtlaryň köpüsinde, iň bolmanda milli derejede, sanjymyň milli maksatnamalarynda bar. Iň ýaýran çeşmeler – edilen sanjymlar barada her ýyllyk hasabatlar we milli gerimdäki gözegçilikler.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Maglumaty hemişe döwlet sanjym maksatnamalaryndan almak bolýar. Sanjym barada maglumatlar her çärýekde tabşyrylýar. Sanjym bilen gurşalyp alyş boýunça maglumat iki sany esasy çeşmä esaslanýar: SG we DSM-niň yzygiderli hasabatlary we öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň maglumatlary.

    Halkara we milli hasabatlylyk : BMG, BSGG, ÝUNISEF, BMG IG, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

    Bellik:

    Sanjym edilişi boýunça maglumatlaryň anyklygyny ýokarlandyrmak üçin edilýän tagallalary sanjym kartoçkasynyň jikme-jik öwrenilmegine gönükdirmeli. Bulardan başga-da, saglygy goraýyş edaralaryndan alynýan maglumat hem barlanylmaly.

    Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

    Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, MICS – 3 (2006 ýyl).

    Gowulandyrylan suw çeşmesi /howpsuz agyz suwy elýeterli bolan ilatyň paýy

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    Gowulandyrylan suw çeşmesi/howpsuz agyz suwy elýeterli bolan ilatyň paýy

    Ölçeg birligi:

    Göterim

    Ölçegiň görnüşi:

    Proporsiýa, göterim gatnaşygy

    Toparlara bölmek/Derejesi:

    Bu indikator regional we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar, mundane başgada, çäkler boýunça: şäher ýerleri we oba ýerleri.

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

    FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM ( 7 Maksat, 10 Wezipe, 30 Indikator), MICS – 3

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Howpsuz agyz suwunyň we ýönekeý sanitariýanyň elýeterliligi – saglygy goraýşyň ilkinji aýrylmaz bölegi we bäbek hem çaga ölümçiligini azaltmakda üstünligiň girewi. Ol şeýle-de adamyň esasy hukuklarynyň biri bolup durýar. Onuň

    bilimi we garyplygy goşmak bilen, beýleki durmuş-ykdysady häsiýetnamalar bilen baglanyşygy ony adam ösüşiniň hemme taraplaýyn indikatory edýär.

    Kesgitleme:

    Gowulandyrylan suw çeşmesi durnukly elýeterli bolan ilatyň paýy – bu içmek üçin suw üpjünçiliginiň aşakdaky görnüşleriniň birinden peýdalanýan ilatyň göterimi: suw geçiriji, jemgyýetçilik krany, guýy ýa-da nasos, berkidilen guýy, bronlanan çeşme ýa-da ýagyş suwy. Maşynlar bilen satylýan suw, çüýşelerdäki suw, sisternalar ýa-da bronlanmadyk guýylar we çeşmeler gowulandyrylan suw çeşmelerine girmeýär. Suwuň elýeterliligi «gowulandyrylan» suw çeşmesinden peýdalanýan ilatyň göterimi bilen ölçelýär, sebäbi «howpsuz» standart ylmy kesgitleme ýurtlaryň köpüsinde peýdalanmak üçin oňaýsyz.

    Howpsuz suwuň elýeterliligi ýaşalýan ýerde ýa-da ýaşaýyş jaýyndan oňaýly aralykda howpsuz suw bilen üpjünçiligiň degişli serişdesi elýeterli bolan ilatyň göterimine degişli. 2000-nji ýylda Suw üpjünçiliginiň Bahalandyrmasy barada Global Hasabat ýaşaýyş jaýyna müň metrden köp bolmadyk aralykda bir günde ilatyň adam başyna 20 litr suwy ýerlikli elýeterlilik diýip kesgitleýär (BSGG we ÝUNISEF, 2000 ý.).

    Öňde baryjy gurama:

    Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Iki maglumat çeşmesi bar: 1) аdministratiw we infrastruktura maglumatlary, täze we bar bolan üpjünçilik serişdeleri barada habar berýär, we 2) ýaşaýyş derejesini ölçemek boýunça Köp görkezijili Klasterleýin Syny öz içine alýan öý hojalyklarynyň gözegçilikleriniň maglumatlary.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    2000-nji ýylyň Demografik Hasabaty, MICS-3, 2006 ýyl, şeýle hem Türkmenistanuşyň Statistika baradaky döwlet komiteti. Indikator üçin zerur goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň maglumatlary esasynda alnyp bilner.

    Bellik:

    Göwnejaý aralykda suwuň bar bolmagy howpsuz suwuň barlygynyň alamaty Öý hojalyklary, eger olaryň el nasoslary döwlen bolsa ýa-da adam hakykatda nasosyň ýanyna baryp bilmese-de, suw elýeterli diýlip bellenip bilner. Howpsuz agyz suwunyň kesgitlemesi wagtyň geçmegi bilen üýtgedi we häzire çenli ýurduň içinde standartlarda, meselem «göwnejaý elýeterlilik» üçin aralykda entek tapawut bar. Bu indikatory howpsuz agyz suwy elýeterli bolmadyk adamlaryň göterim gatnaşygy hökmünde hem görkezmek bolardy.

    Bu indikator üçin maglumatlary milli demografik görkezijileriň kömegi arkaly almak gerek. Emma halkara deňeşdirmelerini geçirmek üçin peýdalanylyp bilinjek maglumatlary ýygnamak maksady bilen şu indikatory emele getirmek üçin peýdalanylýan meselelere aýratyn üns bermeli.

    Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

    Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkez (EÇSGYKM), Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, we ORC Macro. 2001, Тürkmenistanyň DHS 2000 ý., Kalwerton, Мerilend, ABŞ: EÇSGYKM we ORC Macro.

    BSGG we ÝUNISEF, 2000 ý., 2000-nji ýylda Suw üpjünçiliginiň we sanitariýanyň Bahalandyrmasy barada Global Hasabat, Suw üpjünçiligi we sanitariýa boýunça BSGG we ÝUNISEF Birleşdirilen Geňeşi, Ženewa we Nýu-Ýork, MICS – 3, 2006 ýyl.

    Nejasatlary aýyrmagyň arassaçylyk serişdeleri elýeterli bolan ilatyň paýy

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady: Nejasatlary aýyrmagyň arassaçylyk serişdeleri elýeterli bolan ilatyň paýy

    Ölçeg birligi:

    Göterim

    Ölçegiň görnüşi:

    Göterim gatnaşygy

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

    FoC (Ugur 1), CCA, MÖM ( 7 Maksat, 10 Wezipe, 31 Indikator), MICS-3

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Bu indikator – durnukly ösüşi, aýratyn-da adam saglygyny bahalandyrmak üçin zerur bolan esasy görkezijidir. Lagym arkaly aýyrmagyň şeýle serişdeleriniň elýeterliligi – nejasat gelip çykma töwekgelçiligini we onuň bilen baglanyşykly keselleriň ýygylygyny azaltmagyň esasy şertidir. Onuň beýleki durmuş-ykdysady häsiýetnamalar bilen baglanyşygy we onuň umumy gigiýena we ýaşaýşyň hiline täsiri ony adam ösüşiniň hemme taraplaýyn indikatory edýär. Eger ol geografik, durmuş we ykdysady ölçegler boýunça bölünse, ol deňsizligiň görnüp duran subutnamasy bolup durýar. Gowy arassaçylyk hem şäher hem oba ýerleri üçin möhüm, ýöne taşlandylardan gaça durmak kyn bolan oba ýerlerinde töwekgelçilik güýçliräk.

    Kesgitleme:

    Ýaşaýan ýerinde ýa-da goşmaça salnan jaýynda lagym ulgamyna birikdirilen hajathana bar bolan, islendik ýuwulýan beýleki hajathana bolan, kämilleşdirilen ýa-da adaty hajathana bolan ilatyň paýy. Şeýle lagym arkaly aýyrmak “Arassaçylyk serişdesi adam nejasatlaryny adamlardan, haýwanlardan, ekinlerden we suw çeşmelerinden daşlaşdyrýan gurluş” hökmünde kesgitlenilýär. Laýyk serişdeler ýönekeý, ýöne goragly hajathanalardan lagymly ýuwulýan hajathanalara çenli bolýar. Şu serişdeleriň ählisiniň netijeli bolmagy üçin olar dogry gurlan bolmaly we dogry hyzmat edilmeli.

    Öňde baryjy gurama:

    Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Bu indikator ýurtlaryň köpüsinde ilat ýazuwlaryndan we gözegçiliklerden peýdalanmak bilen, milli we sub-nasional derejelerde yzygiderli ýygnalýar. Sanitariýa bilen gurşalyp alnyşyň has ygtybarly hasaplamasynyň bolmagy üçin iki görnüşli esasy maglumat çeşmesi bolmaly: täze we bar bolan serişdeler barada habar berýän administratiw ýa-da infrastruktura maglumatlary, öý hojalyklarynyň milli gözegçiliginiň belli bir görnüşinden ugur alýan ilat boýunça maglumatlar.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatynyň maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner, MICS – 3, 2006 ýyl.

    Halkara we milli hasabatlylyk : BMG, ÝUNISEF, BMG IG, BSGG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.
    Bellik:

    Lagym desgalarynyň bar bolmagy köplenç desgalaryň dogry ulanylmagynyň subutnamasy hökmünde peýdalanylýar. Emma öý hojalygynyň lagym desgasy bolup, ýöne bu desga şeýle bir gowy ýagdaýda däl bolup biler ýa-da zerur bolan arassaçylyk seresapçylygy bolmazdan peýdalanylyp bilner.

    Bu indikator kämilleşdirilen lagym desgasy elýeterli bolmadyk adamlaryň göterim gatnaşygy hökmünde aňladylyp bilner.

    Bu maglumat gözegçilikleriň kömegi arkaly aňsat ýygnalýar, şu indikator bilen baglanyşykly mesele geljekki demografik gözegçiliklere goşulmaly.

    Ene ölümiiniň derejesi

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    Ene ölümiiniň derejesi

    Ölçeg birligi:

    Ýüz müňe

    Ölçegiň görnüşi:

    Gatnaşyk

    Toparlara bölmek/Derejesi:

    Bu indikator regional we milli derejelerde, ýaşlary boýunça işlenip taýýarlanylýar

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:
    IÖHK, CCA, MÖM ( 5 Maksat, 6 Wezipe, 16 Indikator), FoC (Ugur 2), MICS-3

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Ene ölümiiniň derejesi enäniň saglygynyň goralmagyny üpjün etmekde ösüşi ölçeýär. Ene ölümçiligini azaltmagyň halkara jemgyýetçiliginiň maksatlary bilen bitewiligi onuň adam we durmuş ösüşiniň görkezijisi hökmünde möhümdigini görkezýär. Ene ölümçiligi diňe bir aýallara göwreli wagty we çaga dogran wagty saglygy goraýyş hyzmatlarynyň esasy görnüşleriniň elýeterliligini we olardan peýdalanmak mümkinçiligini görkezmän, eýsem aýallaryň umumy saglygyny, iýmitleniş derejesini goşmak bilen, durmuş-ykdysady faktorlaryň has giňişleýin görkezijilerini, şeýle-de maşgalany meýilleşdirmegi, serişdeleriň elýeterliligini, bilim, durmuş, ykdysady derejelerini goşmak bilen, reproduktiw saglyk gullugynyň elýeterliligini görkezýär.

    Kesgitleme:

    Ene ölümiiniň derejesi – bu 100000 diri doglan çaga hasaplananda ene ölümiiniň her ýylky sany. Ene ölümçiligi – bu aýalyň göwreliligiň uzaklygyna we çäkliligine garamazdan, göwreli wagty ýa-da göwreliligiň arasy kesilenden soň 42 günüň dowamynda göwrelilik bilen baglanyşykly ýa-da onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy bilen baglanyşykly, ýöne tötänleýin bolmadyk ölümi.

    Öňde baryjy gurama:

    ÝUNISEF, BSGG we BMG IG.

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Bu indikatory hasaplamak üçin göwrelilik bilen baglanyşykly sebäpler boýunça ölümleriň umumy sany we belli bir ýylda çaga dogluşynyň umumy sany gerek. Bu maglumatlary raýat ýagdaýynyň namalarynyň ulgamynda ölümiň we dogluşyň bellige alnyşyndan almak bolýar. Ölümleriň sany ölümleriň sebäpleri boýunça toparlara bölünmeli. Bu indikator üçin maglumatlary gözegçilikde ýygnalan maglumatlardan peýdalanmak arkaly hasaplamak bolýar.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Bu maglumaty raýat ýagdaýynyň namalarynda bellige alyşdan almak bolýar. Ölümleriň sany ölümleriň sebäpleri boýunça toparlara bölünmeli. Bu indikator üçin zerur bolan maglumatlar gözegçiligiň maglumatlarynyň esasynda bahalandyrylyp bilner.

    Raýat ýagdaýynyň namalarynda bellige alyş jogap bermekden boýun gaçyrmak, maglumatlaryň peseldilmegi, ene ölümiiniň toparlara nädogry bölünmegi ýaly meseleler bilen baglanyşykly, saglygy goraýyş kartoçkalarynda bolsa faktyň nädogry görkezilmegi ýaly meseleler bolup biler. Beýleki bir tarapdan ilatyň gözegçiligi bahalandyrmagyň göni usullary bar bolanda, durnukly häsiýetnama emele getirmek üçin giňişleýin seçimlere mätäçlik çekýär, başga çeşmelerden alnan maglumatlardan peýdalanmak usuly diňe retrospektiw maglumaty berýär. Döwürleýinligi – ýyllyk.

    Halkara we milli hasabatlylyk : ÝUNISEF, BSGG, BMG IG, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

    Bellik:

    Raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alnyş ulgamyny kämilleşdirmeli we bu çeşmäniň esasynda ene ölümiiniň derejesini hasaplamak boýunça netijeli işleri başlamaly. Şeýle-de ähli göwreli aýallary çaga dogruşdan öň irki saglygy goraýyş hyzmaty bilen üpjün etmeli, bu göwreliligiň irki döwründe maýyplyk töwekgelçiligini ýüze çykarmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, ähli dogrumlar saglygy goraýyş edaralarynda geçirilmeli. Şu modifikasiýalar bolmazdan, ene ölümiiniň derejesi boýunça maglumaty uly seçim bilen ilatyň gözegçiliklerinden ýa-da başga çeşmelerden alnan maglumatlardan peýdalanmak usuly arkaly almak bolýar.

    Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek:

    Türkmenistanyň saglygy goraý we derman senagaty ministrligi.

    Kontrasepsiýadan peýdalanmagyň koeffisiýentinde prezerwatiwden peýdalanmagyň paýy

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    Kontrasepsiýadan peýdalanmagyň koeffisiýentinde prezerwatiwden peýdalanmagyň paýy

    Ölçeg birligi:

    Göterim

    Ölçegiň görnüşi:

    Göterim gatnaşygy

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:
    MÖM ( 6 Maksat, 7 Wezipe, 19 Indikator)

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Prezerwatiwden peýdalanmagyň görkezijisi AIW\AIDS-iň ýaýramagyny saklamak we togtatmakda ösüşiň monitoringi üçin peýdalanylýar, sebäbi prezerwatiwler – kontrasepsiýanyň, AIW-iň ýaýramagyny azaltmak işinde netijeli ýeke-täk usuly. Sebäbi prezerwatiwden peýdalanmagyň derejesi diňe jynsy hyzmatdaşy bolan aýallaryň arasynda ölçelýär, indikatory ýokary töwekgelçilik bar bolan wagty prezerwatiwden peýdalanmagyň indikatory bilen doldurmaly (B10 Indikatora seret).

    Kesgitleme:

    Kontrasepsiýadan peýdalanmagyň umumy koeffisiýentinde prezerwatiwden peýdalanmagyň paýy – bu nika bileleşiginde ýa-da jynsy hyzmatdaşlykda bolan kontrasepsiýany prezerwatiw hökmünde peýdalanýan 15-49 ýaşyndaky aýallaryň sany, şol ýaşdaky kontrasepsiýanyň haýsy hem bolsa bir görnüşinden peýdalanýan jynsy hyzmatdaşy bolan ähli şol ýaşdaky aýallaryň umumy sanyndan göterim hökmünde hasaplanylýar.

    Öňde baryjy gurama:

    BMG-nyň AIW|AIDS boýunça Birleşen Maksatnamasy

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Kontrasepsiýadan peýdalanmagyň ýaýramaklygy barada maglumatlary öý hojalyklarynyň gözegçiliginden, aýratyn-da DHS, MICS-den we kontrasepsiýadan peýdalanmagyň ýaýramaklygy boýunça gözegçilikden alýarlar. Prezerwatiwden peýdalanylyşy barada maglumat almak üçin ärli aýallardan olar haçan-da bolsa prezerwatiwler barada eşitdilermi diýip, soňra bolsa häzirki wagtda göwreli bolmaz ýaly prezerwatiwlerden peýdalanýarlarmy diýip soralýar.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatlary , MICS ( 2006 ýyl).

    AIW|AIDS barada her taraplaýyn bilimi bolan 15-24 ýaşyndaky adamlaryň paýy

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    AIW|AIDS barada her taraplaýyn bilimi bolan 15-24 ýaşyndaky adamlaryň paýy.

    Ölçeg birligi:

    Göterim

    Ölçegiň görnüşi:

    Proporsiýa, göterim gatnaşygy

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:
    MÖM ( 6 Maksat. 7 Wezipe, 19b Indikator), MICS-3

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Bu indikator milli bilim maksatnamalarynyň üstünligini, maglumat we aragatnaşygy we AIW-iň öňüni almagyň degerli usullaryny bilmäge ýardam edýän we bu kesel barada ýalňyş düşünjäniň öňüni alýan beýleki çäreleri görkezýär. Ýerli ýoýulan düşünjäniň ýaýramagy yurt bilen baglanyşykda şertlendirilip bilner.

    Kesgitleme:

    AIW|AIDS barada her taraplaýyn bilimi bolan 15-24 ýaşndaky adamlaryň paýy – AIW-iň jyns arkaly geçmeginiň öňüni almagyň iki ýoluny dogry kesgitleýän (prezerwatiwlerden peýdalanmak we diňe kesel ýokuşmadyk ynamly bir jynsy hyzmatdaş bilen gatnaşyga çenli seksual durmuşyňy çäklendirmek) AIW-iň geçmegi barada ýoýulan iki sany has ýaýran düşünjäni ret edýän we daşyndan sagdyn görünýän adamyň AIW ýokuşdyrmagynyň mümkindigini bilýän 15-24 ýaşyndaky aýallaryň we erkekleriň paýy.

    Öňde baryjy gurama:

    BMG, BSGG, ÝUNISEF, IG.

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    AIW|AIDS barada bilmek we nädogry düşünjeler barada maglumatlar DHS ýaly öý hojalyklarynyň gözegçilikleri arkaly, oba ýerlerindäki öý hojalyklarynyň gözegçiligi, özüni alyp barysyna gözegçilik we MICS arkaly ýygnalýar.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatlary, öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçilikleriniň maglumatlary, MICS, DHS we beýleki ýörite gözegçilikler.

    AGTB garşy sanjym edilen 1 ýaşa çenli çagalaryň paýy

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    AGTB garşy sanjym edilen 1 ýaşa çenli çagalaryň paýy

    Ölçeg birligi:

    Adam

    Ölçegiň görnüşi:

    Göterim

    Toparlara bölmek/Derejesi:

    Bu indikator regional we milli derejelerde jynsy we ýaşy boýunça işlenip taýýarlanylýar.

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:
    FoC (1Hatar), CCA,, MÖM ( 7 Maksat, 10 Wezipe, 31 Indikator), MICS-3

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Ilkinji saglygy goraýyş kömegi barada alada durnukly ösüşi gazanmak bilen aýrylmaz baglanyşykly bolany sebäpli, keseliň öňüni alyş maksatnamalary ýokanç keselleriň öňüni almaga we töwekgelçilikli topary goramaga gönükdirilýär. Mundan başga-da, dürli ýokanç keseller bilen keselleýjiligiň we ölümiň azalmagyna ýardam edýän sanjymy üstünlikli geçirmegiň maksatnamalary keseliň öňüni alyş çärelerini guramak boýunça hökümetiň esasy aladasy bolup durýar.

    Kesgitleme:

    Gyzamygyň garşysyna hökmany sanjym çaga bir dozanyň, difteriýanyň, bürmäniň, gökbogmanyň (AGTB) garşysyna degişli sanjymlaryň üç dozasynyň edilmegini göz öňünde tutýar. AGTB-iň garşysyna sanjym edilen bir ýaşa çenli çagalaryň sanynyň bir ýaşa çenli çagalaryň umumy sanyna gatnaşygy hökmünde kesgitlenilýär.

    Öňde baryjy gurama:

    Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF.

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň administratiw hasabaty, öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Maglumaty hemişe döwlet sanjym maksatnamalaryndan almak bolýar. Sanjym barada hasabatlar her çärýekde tabşyrylýar. Sanjym bilen gurşalyp alyş boýunça maglumatlar iki sany esasy çeşmä: SG we DSM-niň yzygiderli hasabatlaryna we öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň maglumatlaryna esaslanýar, MICS-3 ( 2006 ýyl).

    Halkara we milli hasabatlylyk : ÝUNISEF, BSGG, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

    Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

    MICS-3, (2006 ý.), Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

    15 – 19 ýaşyndaky eneleriň çaga dogruş koeffisiýenti

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    15- 19 ýaşyndaky eneleriň çaga dogruş koeffisiýenti

    Ölçeg birligi:

    15 – 19 ýaşyndaky 1000 aýala

    Ölçegiň görnüşi:

    Gatnaşyk

    Toparlara bölmek/Derejesi:

    Bu indikator regional we milli derejelerde ýaşlary boýunça işlenip taýýarlanylýar.

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:
    MKHP, FoC (Ugur 2)

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    15-19 ýaşyndaky ilatyň arasynda çaga dogluşyny kesgitleýär. Eger indikatoryň alamaty ýokary bolsa, onda bu islenilmedik göwreliligiň sanynyň ep-eslidigini aňladýar we reproduktiw saglyk gullugy ýeterlik üstünlikli däl. Bu aýallara bilim almagyny dowam etdirmäge we jemgyýetde ýokary derejä ýetmäge päsgel berýän irki ýaşda nikalaşmagy aňladýar.

    Kesgitleme:

    Wagtyň belli bir döwründe 15-den 19 ýaşa çenli 1000 aýala hasaplananda 15-den 19 ýaşa çenli aýallaryň diri dogran bäbekleriniň sanynyň gatnaşygy hökmünde kesgitlenilýär (düzgün bolşy ýaly bir ýyl).

    Öňde baryjy gurama:

    ÝUNISEF, BSGG,BMG IG

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatlary, öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Haçan-da enäniň ýaşy boýunça çaga dogurmak barada maglumat anyk bolsa, ýa-da anyk däl bolanda düzediş girizilip bolsa, 15-den 19 ýaşa çenli aýallaryň çaga dogurmagynyň sany 15-den 19 ýaşa çenli aýallaryň çaga dogurmagynyň jeminiň 15-den 19 ýaşa çenli aýallaryň umumy sanyna gatnaşygy hökmünde hasaplanylyp bilner. Haçan-da raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alyş ulgamynda enäniň ýaşy boýunça çaga dogurmak barada maglumat elýeterli bolmasa, göterim ilat ýazuwlaryndaky we demografik gözegçiliklerdäki ýörite soraglaryň esasynda başga usullary peýdalanmak arkaly hasaplanylýar. Döwürleýinligi – ýyllyk.

    Halkara we milli hasabatlylyk : ÝUNISEF, BSGG, BMG IG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

    Kontrasepsiýa usullary barada ilatyň habardarlygy

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    Kontrasepsiýa usullary barada ilatyň habardarlygy

    Ölçeg birligi:

    Göterim

    Ölçegiň görnüşi:

    Gatnaşyk

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:
    I CPD, MÖM, MICS-3

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Bu indikator maşgalany meýilleşdirmegiň usullary barada habardarlygy kesgitleýär. Birinji tapgyrda maşgalada çaga dogluşyna gözegçiligi kepillendirmek üçin aýallar ýa-da maşgalaly är-aýallar çaga dogurmagyň sanyny we wagtyny saýlamak mümkinçiligi bolar ýaly öz reproduktiw ýaşaýşyna gözegçilik etmegiň usullary barada düşünjesi bolmaly.

    Kesgitleme:

    Bu kontrasepsiýanyň ähli usullaryny bilýän aýallaryň göterimde gatnaşygy, maşgalany meýilleşdirmegiň iň bolmanda bir usulyny bilýänligini tassyklaýan 15-den 49 ýaşa çenli ärli aýallaryň sanyny şol ýaş toparyndaky ärli aýallaryň umumy sanyna bömek arkaly hasaplanylýar. Käwagt bu indikator 15-den 44 ýaşa çenli ärli aýallar üçin peýdalanylýar.

    Kontrasepsiýanyň usullaryndan biri öz – özünden ýadyna düşenleri goşmak bilen iň bolmanda bir usuly bilýän aýallaryň ýa-da maşgalany meýilleşdirmegiň adaty hem häzirki zaman usullaryny öz içine alýan sanawdaky usullaryň birsini bilýändigi barada oňyn jogap beren aýallaryň sany.

    Öňde baryjy gurama:

    ÝUNISEF, BSGG

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Bu indikator üçin zerur bolan magumat adatça saglygy goraýyş-demografiýa gözegçiliklerinden, Köp Görkezijili Klasterleýin Syndan alynýar. Aýallaryň kontraseptiwler barada habardarlygyny deňeçerleşdirmek üçin ýörite toplumdan peýdalanmak bilen, gözegçiligi geçirijiler olardan maşgalany meýilleşdirmegiň ýüzleý ýa-da tejribeli bilýändigi barada soraýarlar.

    Halkara we milli hasabatlylyk : ÝUNISEF, BSGG, BMG IG.

    Bellik:

    Halkara konferensiýalary maşgalaly är-aýallaryň we aýratyn şahslaryň çaganyň sanyny, çaga dogurmagyň wagtyny, çaga dogurmagyň aralygyndaky wagty özleri saýlap almaga hukuklarynyň we maşgalany meýileşdirmek usullarynyň elýeterliliginiň ähmiýetliligini nygtaýarlar.

    Bu hukugy amala aşyrmagyň ýolunda ilkinji ädim bu usullar barada habardarlykdyr. Emma bu barada bilmek bu usuldan peýdalanmagy, peýdalanmagy başarmagy kepillendirmeýär. Mundan başga-da, demografik gözegçiligiň esasynda ýygnanan maglumat haçan-da aýal olar barada gürrüňler esasynda bilýän bolsa, onda bu kontrasepsiýanyň usullary barada “bilmekligi” aňlatmaýar. Seýle gözegçiliklerde söhbetdeşlerden bu usullaryň detallary barada soralmaýar.

    Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

    Köp görkezijili Klasterleýin Syn (MICS-3), Тürkmenistan, 2006 ýyl.

    Fertilligiň derejesi

    Umumy maglumat:

    Теmasy:

    Saglyk we iýmit

    Indikatoryň ady:

    Fertilligiň derejesi

    Ölçeg birligi:

    Müň aýala

    Ölçegiň görnüşi:

    Gatnaşyk

    Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

    FoC (Ugur 1), MKHP, CCA

    Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

    Uly ýaşly ilatyň arasynda çaga dogluşyny kesgitleýär. Eger indikatoryň alamaty ýokary bolsa, onda bu islenilmedik göwreliligiň sanynyň ep-eslidigini aňladýar we reproduktiw saglyk gullugy ýeterlik üstünlikli däl. Bu eneleriň we bäbekleriň saglygyna päsgel berýän irki ýa-da juda giçki göwreliligiň, mundan başgada çaga dogluşynyň gysga aralykda bolandygyny aňladýar.

    Kesgitleme:

    (fertillik – aýalyň ömrüniň bir bölegi bolup, onuň dowamynda ol çaga dogurmaga ukyply, reproduktiw döwrüň dowamlylygy reproduktiw ýaşyň – 15-49 ýaş çäkleriniň görkezilmegi bilen häsiýetlenýär. Bu indikator wagtyň belli bir döwründe 15-den 49 ýaşa çenli 1000 aýala hasaplananda 15-den 49 ýaşa çenli aýallaryň diri dogran bäbekleriniň sanyny kesgitleýär (düzgün bolşy ýaly bir ýyl).

    Öňde baryjy gurama:

    BMG: MÖM, ÝUNISEF, IG.

    Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

    Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň statistiki hasabaty, saglygy goraýyş-demografik seçimleýin gözegçilik.

    Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

    Maglumat çeşmeleri:

    Enäniň ýaşy boýunça çaga dogluşy barada maglumat 15-den 19 ýaşa çenli aýallaryň çaga dogurmagynyň sany 15-den 19 ýaşa çenli aýallaryň çaga dogurmagynyň jeminiň 15-den 19 ýaşa çenli aýallaryň umumy sanyna gatnaşygy hökmünde hasaplanylyp bilner. Ilatyň saglygy babatda maglumatlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýygnalýar. Raýat ýagdaýynyň (dogluş, ölüm) namalarynyň ýazgysyny RÝNÝ gulluklary amala aşyrýarlar.

    Halkara we milli hasabatlylyk : ÝUNISEF, BSGG, BMG IG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti
    Bellik:

    Sebitler boýunça we jynsy boýunça toparlara bölmek bilen, çaga dogluşy barada ygtybarly we durnukly maglumatlary almak üçin RÝNÝ edaralarynyň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgy ulgamyny gowulandyrmaklary zerur. Çaga dogluşynyň sany barada goşmaça çeşme – Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bellige alşyň dolulygyny kesgitlemek üçin maglumatlarydyr.

  2. […] Bi­ziň te­bi­ga­ta mä­täç­li­gi­mi­z […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: