INJIR MELHEMLIKLERI

Injir – tenekar daragt
Allamyrat AKMYRADOW,
ösümlik resurslaryny öwreniji.  
Iň gadymy hem-de keramatly daragtlara degişli bolan injiriň Türkmenistanda 2 görnüşi: adaty hem owgan injirleri duş gelýär.

Alma, hurma ýaly jenneti miweleriň biri bolan injir hakynda dürli rowaýatlar ýaýran. Olaryň birinde şeýle gürrüň berilýär: “Adam ata şeýtanyň alyna gidip, jennetdäki datmasyz zatdan iýýär-de, behiştden kowulýar. Jennetden çykarylmazdan öňürti onuň hüllüsini sypyrýarlar, başynyň täjini aýyrýarlar, ýagny ýalaňaçlaýarlar. Adam ata utanjyndan uýat ýerlerini ýapmak üçin agaçlardan hemaýat gözleýär. Emma, hiç bir daragt oňa “şelpesinden” bermeyär. Injir welin, dözmän, ýapragyndan 4-5-sini eçilýär. Adam ata şol peşgeşi ýapynyp, jennetden garasyny saýlaýar. Muňa Allatagallanyň gahary gelýär. Ol: “Sen näme üçin menden bidin Adam ata hemaýat etdiň? Meniň gazabymdan gorkmadyňmy?” diýip, onuň üstüne azgyrylýar. Injir gypynçsyz gepleýär: “Men seniň gazaplydygyňam, rahmandygyňam (günä geçijidigiňem) bilýärin”. Allatagala şeýle jogapdan soň ýumşapdyr. “Men seniň günäňi geçýärin. Özüňem, eý görendigim üçin, beýleki daragtlardan tapawutlandyryp, güllemän miwelär ýaly ederin. Seniň iýmişiň — adamzada DERMAN. Sen öleninde-de onuň ahyrýet hemrasy bolarsyň ” diýipdir. Injir ata-babalarymyzyň durmuşynda uly orun eýeläpdir. Däbe görä, merhum jaýlananda mazaryň iki tarapyndan injir agajynyň sütüni dikilýär. Bu daragt gurasa-da, oda ýakmak günä hasaplanylýar.   

Adaty injir (Ficus carica) – tutlar maşgalasynyň injirler urugynyň boýy 3-5 metre ýetýän agaç wekili. Miwesi sary ýa-da benewşe-garamtyl reňkli. 

Daragt deňiz derejesinden 600-1900 metr belentlikde bitýär. Ol aprelde gülleýär, miwesi iýul-sentýabrda ýetişýär. Agaç 100-200 ýyl töweregi ýaşaýar.

Injir Günorta-günbatar we Merkezi hem-de Gündogar Köpetdagda, Bathyzda, Köýtendagda ýaýran. Ol ülkämizdäki seýrek ösümlikleriň hataryna girýär. Dermanlyk maksatlary üçin tebigy gory ýeterlik. Biziň Merkezi Köpetdagda 2006-2007-nji ýyllarda geçiren hasaplamalarymyza görä, Arçabilde – 720, Şemansurda – 892, Budýonowskiý deresinde 820, Mürzedagda (Geçiliderede) – 275 düýp injir bitýär. Daragty ekip ýetişdirmek maslahat berilýär.

Dermanlyk maksatlary üçin injiriň ýapragy we miwesi çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapragyny iýunda hem-de sentýabr-oktýabrda ýygnamaly, adaty usulda guratmaly. Çig maly mata haltada saklamaly. Möhleti 2 ýyl.    

Ösümligiň ýapragynda organiki turşylyklar (waleriana, izowaleriana), furokumarinler (psoberan, bergapten), efir ýagy, alkaloidler saklanýar. Miwesi organiki turşylyklara (limon, alma, sirke, turşuja, bor, sadap), C, B1, B2, A, E, PP witaminlerine we mikroelementlere baý.

Injiriň dermanlyk häsiýeti ir zamanda bilnipdir. Hezreti Muhammet pygamber özüniň mukaddes «Hadysynda» behişdi daragtyň tenekar datly miwesini iýmegi yklymyň ähli ýaşaýjylaryna ündeýär. Onuň ýüregiň işleýşine oňyn täsirlidigini, babasylda haýyrlydygyny tekrarlaýar. Injir hakynda Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Horezm şanyň genji-hazynasy», Muhammet Huseýniň «Melhemler hazynasy» atly nusgawy eserlerinde gürrüň berilýär. Ibn Sina onuň miwesini bejermesi kyn dömme çişleri gaýtarmakda, ýapragyny – demrewde, ter miwesini böwrek bilen peşew haltasynyň näsazlygynda haýyrlanypdyr.

Halk lukmançylygynda injiriň ýapragyndan we kökünden taýýarlanan peti aşgazan ýarasynda, azganlylykda, böwrek kesellerinde haýyrlanylýar.

Ylmy lukmançylykda injiriň ýapragyndan alynýan psoberan (furokumarinleriň psoralena we bergaptena garyndysy) ultramelewşe şöhlesi arkaly bejeriş bilen ulanylanda pis açan deriniň pigmentasiýasyny dikeltmäge ýardam edýär. Miwesi ýürek-damar kesellerinde, azganlylykda deňsiz-taýsyz önümdir.

Owgan injiri – (Ficus afghanistanica) – gymmat bahaly miweli daragt. Ol tutlar maşgalasynyň injirler urugynyň boýy 2-2,5 (3) metre ýetýän gyrymsy agaç wekili. Daragtyň şahalary ýalaňaç, ýylmanak, goňur reňkli. 

Miwesi ownuk, sargylt, zeýtun-gülgün, gülgün-açyk melewşe, goňrumtyl gök we garamtyl syýa reňkli. Ol aprel-maýda gülleýär, awgust-sentýabrda miweleýär. Agaç deňiz derejesinden 800-1200 metr belentlikde bitýär. Onuň ýokary pudak emele getiriji ukyby bar. Ol gurakçylyga, yssa we sowuga çydamly.

Injir Gündogar Köpetdagda: Dagbulagynda, Kelatda; Bathyzda: Peleňgowalyda, Kiçi Peleňgowalyda, Injirlide, Toraňňasaýda, Gabançeşmede, Dänegermabda duşýar. Ol seýrek duşýar. Dermanlyk maksatlary üçin tebigy gory ýabygorly. Ony ekip ýetişdirmek maslahat berilýär.  Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizilen. Bathyz we Köpetdag döwlet goraghanalarynda goralýar.

Lukmançylykda onuň ýapragy we miwesi çig mal bolup hyzmat edýär. Olary adaty usulda ýygnamaly we guratmaly. Bir düýp agaç ortaça 25-30 kg miwe berýär. Ýapragyň saklanyş möhleti 1 ýyl, miwäniňki – 2-3 ýyl.

Injiriň miwesinde 19,3 %-e çenli şeker (onuň düzüminde fruktoza, glýukoza, az-kem saharoza), organiki turşylyklar (limon, alma, fumar), C, PP witaminleri, pektin we krahmal saklanýar. Ýapragynda organiki turşylyklaryň (walerian, izowalerian), efir ýagynyň, eý maddalarynyň, kumarinleriň (psoralen, bergapten), flawonoidleriň, mumuň bardygy mälim edildi.    

Daragtyň miwesiniň gymmaty gadymy döwürlerden bäri belli. Galeniň pikiri boýunça gury injir aşgazany artykmaç galyndylardan arassalaýar. Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eserinde injiriň deri, göz, baş, öýken kesellerinde, ýaralarda, çişlerde, üsgülewükde, hor çekmede jynsy gowşaklykda, garaguşagyryda peýdalydygyny tekrarlaýar.

Türkmen halk lukmançylygynda (Serhetabat, Tagtabazar, Sarahs, Kaka etraplarynda) onuň miwesi basykda, üsgülewükde, gökbogmada we çaga bolandan soň ýüze çykýan gan gitmede ulanylýar. Injiriň süýtde gaýnadylan miwesini köplenç ýokary dem alyş ýollarynyň gysylmasynda, bronhitde, traheitde, gastritde, ötüşen iç gatamada, gany arassalaýjy, gakylyk goparyjy we peşew çykaryjy serişde hökmünde peýdalanýarlar. Onuň şärikli miwelerini süýtde gaýnadyp, emele gelen ergin bilen basykda, ses gyrlanda we gury üsgülewükde agzy çaýkaýarlar, böwrek we peşew çykaryjy ýollaryň kesellerinde içýärler. Injiriň süýde meňzeş şiresi ýaralary bejermäge we düwürtikleri aýyrmaga ýardam edýär.

Ylmy lukmançylykda injiriň ýapragy «psoberan» derman serişdesini almak üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Injiriň ýapragyndan taýýarlanylýan «furolen» dermany deri kesellerinde peýdalanylýar. Onuň bişen miwelerinden taýýarlanylýan «legwini» atly goýy ekstraktyny peşew çykaryjy hökmünde haýyrlanylýar.        

INJIR MELHEMLIKLERI

Dermanlyk taýýarlanylyşy we ulanylyşy:

* Ösümligiň oňat guradylan bir nahar çemçe (15 g) ownuk ýapragyny bir bulgur (200 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda pessaý otda 10-15 minut gaýnatmaly, 20-30 minut saklap, hasadan geçirmeli. Taýýar peti her gün 3 gezek ýarym bulgurdan (100 ml) içmeli.

* Injiriň bir çaý çemçe (5 g) köküni bir bulgur suwly syrçaly gapda haýal ýanýan otda 15-20 minut gaýnadyp, hasada süzmeli. Petiň bir nahar çemçesini günüň dowamynda 3 sapar nahardan öň bir çaý çemçeden kabul etmeli.

* Daragtyň iki nahar çemçe (30 g) oňat owradylan ýapragyny ýarym bulgur (100 ml) lukmançylyk spirtine atyp, agzy pugta ýapylýan aýna gapda 10-15 gün goýmaly. Arasynda bulap durmaly. Şerbeti hasadan süzüp, günde 3 sapar  10-15 damjadan haýyrlanmaly.

* Ösümligiň çaý çemçe (5 g) ýapragyny bir bulgur (200 ml) gaýnaga atyp, 20-30 minut demini aldyrmaly-da, hasadan geçirmeli. Jöwheri her gün nahardan ozal 3 ýola 50-100 gramdan ulanmaly.  

* Injiriň oňat owradylan iki nahar çemçe gury miwesini bir bulgur süýde atyp, içi syrçaly gapga pessaý otda 5 minut gaýnatmaly. Hasada süzüp, her gün 3 wagtyna ýyly görnüşinde bokurdagy çaýkamaly. Böwrek we peşew çykaryjy ýollaryň kesellerinde günüň dowamynda 2-4 gezek ýarym bulgurdan içilende, peýdasy degýär.

* 4 nahar çemçe (60 g) gury miwäni bir bulgur suwa atyp, haýal ýanýan otda 10 minut gaýnatmaly. Goýy ekstrakty hasadan geçirip, günde bir gezek 100 gramdan içmeli.

* Injiriň guradylan alty nahar çemçe (90 g) ýapragyny ýarym bulgur spirte atyp, agzy berk ýapylýan aýna gapda 10 gün garaňky ýerde goýmaly. Şerbeti hasadan geçirip, günde irden ýa-da gün ýaşyp barýan mahalynda deriniň pis açan ýerine çalmaly. Şondan soň 15-20 minut gün şöhlesini kabul etmeli.

* Ösümligiň iki nahar çemçe ýapragyny 1 litrlik termosa edil çaý ýaly demläp her gün 3 sapar ýarym bulgurdan içmeli.                              

Информационного Центра здравоохранения Туркменистана

2 Responses

  1. Чрезмерная озабоченность родителей ухудшает состояние детей с диабетом

    Норвежские ученые обнаружили, что чрезмерная озабоченность родителей ухудшает состояние детей с инсулинзависимым сахарным диабетом, извещает The Daily Telegraph.

    В исследовании, проведенном сотрудниками Бергенского университетского колледжа, приняли участие 200 родителей 115 детей в возрасте от 1 до 15 лет с сахарным диабетом 1 типа. Как выяснилось, у детей, родители которых демонстрировали высокий уровень эмоционального напряжения, чаще наблюдается повышенное содержание глюкозы в крови, что свидетельствует о недостаточном контроле заболевания.

    Как выяснили ученые, такая зависимость связана со страхом родителей вызвать у ребенка гипогликемию – опасное для жизни снижение уровня глюкозы в крови, возникающее при передозировке инсулина. При соблюдении прописанных лекарем режима назначения и дозировки препарата, а также минимальном наблюдении за ребенком после инъекции (признаки гипогликемии при передозировке наблюдаются прытко) опасность этого осложнения невелика.

    В то же время недостаточное снижение уровня глюкозы ускоряет диабетическое поражение сосудов, чреватое инсультом, почечной недостаточностью, слепотой, гангреной конечностей и иными тяжелыми осложнениями диабета.

    Страх вызвать у ребенка гипогликемию приводит к тому, что чрезмерно мнительные родители самовольно снижают дозу препарата, ухудшая состояние и прогноз больных детей, обнаружили исследователи. По их данным, женщины недодают детям инсулин чаще, чем мужчины.

    MEDЭнциклопедия

    Сахарный диабет

    Инсулинотерапия
    На основании полученных результатов руководитель исследования Анне Хаугстведт (Anne Haughstvedt) заявила о необходимости обеспечить родителям детей с диабетом доступ к профильной психологической помощи.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: