Çagalaryň her biri özboluşly

Gözden salynýan perzentler 
Lýudmila Çerkezowa,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy
Men — bir maşgalanyň ýekeje çagasy. Ata-enem uzak wagtlap perzentsizligiň dagyny çekipdir. Ejem özi ýaly gelinleriň bäbeklerini alnyna syla-syla, ahyrsoňy bagryndan önen balasynyň sallançagyny üwremek bagtyna eýe bolupdyr. “Elpe-şelpelikde ýaşadym, del oýnawaçlary oýnadym, üýtgeşik modaly owadan köýnekleri geýdim” diýsem ýalançy bolaryn. Ýöne çaganyň has mätäç bolýan zadyna — käbedir kyblanyň mähir-muhabbetine hiç haçan zar bolmandygym hem çyn.

Wagtyň jylawy ýok. Aýlar-günler kerwen gurap geçip dur. Sähetli bir gün menem ene boldum. Gyzyldan gymmatly naşyja bäbejigim — Täzegül jan dünýä indi. Şol günden bäri bar işim, bar aladam şo bolaýdy. Dagy näme, Täzegül jan meniň ýekeje gyzym, göwün hoşum, gözlerimiň röwşeni, umytly geljegim ahyryn. Ejemem meni şeýdip söýgüläp ösdürip, apalap kemala getiripdir. Ol: “Jahanda öz çagaňdan ýakyn adam bolmaz” diýýärdi.

Gyzjagazym babatyndaky ähli arzuw-hyýallarym wysal bolup barýardy. Täzegül jan 5 ýaşda okamagy, ýazmagy, aýdym aýtmagy, tans etmegi öwrendi. Ol-öýmüziň bilbili, çagalar bagyndaky iň terbiýeli, üşükli körpeleriň biridi. Onuň üşüklidigine, zehinlidigine guwanýardym, buýsanýardym.

Okuw ýaşyna ýetende Täzegüli zehinli çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdebe berdim. Men oňa ertirki sapaklara taýýarlanmaga, öý işlerini ýerine ýetirmäge  kömek edýärdim. Hamala ýetişmejek ýaly, soň giç boljak ýaly oňa hemme zady öwretmäge howlugýardym. Bir günem… göwrämde ýene-de çaganyň galandygyny bildim. Bu wakany gyzyma gürrüň berdim. Ol begenjinden ýaňa uçaýjak boldy: “Meniňem ogul jigim bolar, men oňa ideg ederin, hüwdüläp, sallançagyny üwrärin, erteki aýdyp bererin. Ulalansoň jigim ikimiz dost bolarys” diýip, jedirdedi. Dagy näme, başgaça bolmagy mümkinem däl.

Bu “gudrat” meniňem depämi göge ýetirdi. Ökjäm ýeňledi. Lukmanlar maňa: “Indi çagaň bolmaz” diýýärdi ahyryn. Ýöne, käte krowatda myrlapjyk uklap ýatan gyzjagazymyň saçlaryny sypalap oturşyma iňkise gidýärdim. Indi doguljak bäbejige garaşyk etmelidir. Täzegül jan horlanar, ünsden düşer, onuň aladasyny etmäge elimem degmez. Gyzjagazymyň öňünde özümi ýazykly duýup, pikire batyp oturmak soňabaka endige öwrüldi. Geň-taň göräýmeli. Bu endik nedenem uly bir betbagtçylyga sebäp bolupdy. Göwrämdäki çagam maşgalada höküm sürýän bagtly durmuşuň üstüne atanak çekýändigini duýaýdy öýdýän. Müýnürgäp bizi taşlap gitjek bolýar. Özüm-ä şeýle düşündüm. Birdenkä, edil pikirimi makullaýan ýaly, güýçli gan akma başlandy. “Tiz kömege” til kakdym. Gelen lukman çaganyň düşmeginiň mümkindigini aýtdy. “Belki, şeýle bolany gowudyr” diýen pikir kelläme geldi.

Hassahana barýarkam ýolda birdenkä endam-janym elenip gitdi, dünýäm daraldy. Gymmatly bir zadymdan jyda bolýan ýaly ýagdaýa düşdüm. Çagam elden gidip barýan ýaly hopukdym. Täzegül jany unudyp, bar oý-pikirimi göwremdäki çaga gönükdirdim. “Ýok, balajygym, men seniň bizi taşlap gitmegiňe razy däl. Men seniň üçin göreşerin. Sen — meniň bagtym, göz-guwanjym ahyryn.” Hassahana baranymyzdan soň dessine barlag geçiren lukmanlar çaga düwünçeginiň gabygynyň ýyrtylandygyny, ýöne muňa seretmezden, ýaňy 10 hepdelik bolan çagajygyň diridigini, janlydygyny anykladylar. Ony halas edip boljakdygyny aýtdylar. Şol gezek hassahanada tutuş 1 aýlap ýatdym. Soňam birnäçe sapar ýatyp, bejergi aldym. Täzegüli meniň ýanyma goýbermeýärdiler. Onuň bilen telefonda gürleşýärdik, hat üsti bilen habarlaşýardyk. Bir edarada başlyk bolup işleýän kakasy irden işe gidip, öýe agşamara dolanýardy. Ýygy-ýygydan iş saparyna gidýärdi. Gaýynlarym obada ýaşaýardy. Nahar bişirmäge kömek edýän goňşy aýal bolaýmasa, öýe gelip-gidýän adam ýok diýen ýalydy. Şeýlelikde, Täzegül jan aglaba wagtyny ýekelikde geçirmeli bolýardy. Ol entek ýaşajykka adatça uly adamlaryň “kellesini agyrdýan” meseleleri çözmeli bolýardy. Erbet ýeri, onuň sapaklara ýetişigi peseldi. Aglaba wagtymy hassahanada geçirýändigim üçin ony liseýe girmäge taýýarlamaga ýetişmedim. Üstesine, ony öňki okan ýöriteleşdirilen mekdebinden çykaryp, öýümiziň golaýynda ýerleşýän adaty orta mekdebe ýerleşdirdik. Şeýdip kiçijik “parlak ýyldyz öçügsilenip” ugrady.

Şeýle-de bolsa, gyzjagazym jigisi doglanda begenip, ganat baglap uçaýjak ýaly bolupdyr. Ony gujagyma gysyp, öýümiziň bosagasyndan ätlejek günüme sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr. Ýöne şol şatlykly günüň öňüsyrasynda Täzegül jan birdenkä ysgyndan gaçyp, ýanyny ýere beripdir. Lukman gelende ol zordan dem alýan eken.

Gyzjagazymy tanaýan adamlaryň hemmesi bu ahwalata aňk-taňk boldular. Geň galmazça däl. Ol daýawjady, tokarjady, sagdyndy. Men ony  kesellerden goraýardym. Iň bärkisi, ol dümewlänem däldir. Belki, kalbyny heýjana getiren uly bagt ony sähelçe-de bolsa kemsindiren ujypsyzja gabanjaňlyk duýgusy bilen bir ýere sygyşan däldir. Hudaýa şükür, gyzymy halas etdiler. Ol 2 aýlap hassahanada ýatdy. Söýgüli ejesinden ýene-de aýra düşdi.  Köp sanly dermanlary ýuwutmaly boldy, ençeme gezek iňňe sançdyrtdy.  Eýsem, öýde ýaňy-ýakynda peýda bolandygyna seretmezden  özüniň çetledilmegine sebäp bolan jigisini öz ýanyndan gabanmaýan çaga barmyka?!

Tutuş 1 ýyllap 2 sany mähriban adamyň arasynda elewredim. Ylhama artykmaç üns bersem, Täzegül keselleýärdi, Täzegüli söýgüläp ugradygym Ylhamjyk ýoňlaýardy. Kä gyzymy, kä oglumy halas etmeli bolýardym. Şeýdip geçen 1 ýylda men oňat durmuş sapagyny aldym: çagalaryň birini ileri tutup, beýlekisini ýatdan çykarmaly däl. Ýogsam, sähelçe wagtlygam bolsa unudylan perzendiň kemsinip, dürli kesellere uçramagy mümkin. Ene perzentleriniň birine öz mähir-muhabbetinden artykmaç paý berip, beýlekisine biperwaý seredende, çaga muny duýýar. Bir zady mydama ýatda saklamaly: çagalaryň her biri özboluşly, diňe özüne mahsus gylyk-häsiýetli. Olar bir-birinden emosional ýagdaýy, zehini, üşügi, başarnygy bilen hem tapawutlanýandyr. Ýöne munuň özi olaryň birini ileri tutup, beýlekisini ünsden düşürmäge, birini apalap, beýlekisine kem baha bermäge esas bermeýär. Çagalar muny adalatsyzlyk hökmünde kabul edýärler, kemsinýärler. Galyberse-de, söýgüsini perzentleriniň arasynda deň paýlamagy başarmaýandygy üçin özüni ýazykly duýan ene hem özüni bagtly duýup bilmeýär. Onuň çagalary hem bagtly däldir.  

Информационного Центра здравоохранения Туркменистана

3 Responses

  1. Bulunan kelime sayısı : 3715

  2. Теперь женщинам платят за стерилизацию
    Американская группа «Проект Предотвращение» предлагает алкоголичкам и наркоманкам деньги за то, чтобы они добровольно прошли через процедуру стерилизации. Деньги поступают от спонсоров. Недавно группа начала работать и в Великобритании.

    Идеей принудительной стерилизации разного рода “неполноценных” людей были захвачены еще вожди третьего рейха. Но в современном капиталистическом обществе никто и никого не может заставить что-либо сделать со своим здоровьем. Подкупить – это другое дело. Тяжело пьющей или употребляющей наркотики женщине совсем не помешают лишние 350 долларов, на которые можно купить столько “вкусного”. Чтобы их получить, надо лишь пройти через процедуру стерилизации. Соглашаются почти все.

    Жительница Северной Каролины Барбара Харрис основала эту организацию в 1997 году, после того, как она взяла на воспитание четвертых детей матери-наркоманки. С тех пор “Проект Предотвращение” (Project Prevention, также можно перевести как “Проект Предохранение”) существовал исключительно на деньги частных спонсоров, большая часть которых желает сохранять анонимность. Так недавно на счет проекта перевели очередные $20 тысяч.

    Схема работы этой организации весьма проста. Она выходит на потенциальную кандидатку и предлагает ей определенную сумму. Женщина должна самостоятельно отправиться в клинику (любую на ее выбор) и пройти там процедуру стерилизации. После этой процедуры даме выдается специальный сертификат, в обмен на который “Проект Предотвращение” выплачивает “вознаграждение”.

    “Я получаю сотни писем по электронной почте от родных, друзей и родственников подобных женщин, которые взывают о помощи: “Приезжайте сюда, вы нам нужны здесь, пожалуйста помогите нам”, – говорит Барбара Харрис. – Я призываю социальных работников, полицейских и вообще всех неравнодушных к этой проблеме людей помогать нам, сообщая о подобных женщинах по нашему специальному телефону в Великобритании”.

    Член Сообщества по защите нерожденных детей Энтони Озимич заявил, что данной группе “не место в Великобритании”. “Это бесчеловечно устранять человеческие проблемы путем устранения человека”, – говорит он.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: