Künji ýagynda et ýa-da başga önümleri gowurmak maslahat berilmeýär

Künji 
Selbi Mämmetsähedowa,
kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň berhiz lukmany.
Kalsiý elementiniň magniý bilen bilelikde oňat özleşýändigini göz öňünde tutsaň, düzümindäki kalsiniň mukdary boýunça 1-nji orny eýeleýän, magniý, fosfor elementlerine baý künjüniň osteoporozyň öňüni almakda belli bahasy ýok. Her gün bir nahar çemçe gury künjüni çeýnäp iýmek, ylaýta-da, bu kesel has köp howp salýan aýallar (belli bir ýaşdan soň bedenindäki kalsiniň belli bir mukdary ýitirilýär) üçin peýdaly.

Taryhy ýazgylara salgylansaň, künji eýýäm orta asyrlarda derman ösümlik hasaplanylypdyr. Adam köp asyrlaryň dowamynda onuň bejeriji häsiýetinden peýdalanyp gelipdir. Biraz soň hindiler ony hoşboýlyk hökmünde ulanyp başlapdyr. Soňra bu seýrek ösümlik şalaryň, begleriň saçagynda ymykly orun alan azyk önümine öwrülipdir. Häzirki wagtda künji azyk senagatynda giňden peýdalanylýar: towuk, balyk künjä ýatyrylyp gowrulýar, gök önümli naharlar taýyarlananda künji sepilýär. Ýapon aşhanasynda künji guş we sygyr etinden bişirilýän naharlara goşulýar.

Uzak Gündogar ýurtlarynda şeýle hem künjüniň üwelen  dänelerinden ýasalýan pasta meşhur. Koreýleriň “künji duzy” atlandyrylýan esasy hoşboýlygy üwelip, gowrulan künji dänelerinden we duzdan ybarat. Künji ýagy berhizlik maksady bilen taýýar naharlara: şülä, çorba, işdäaçarlara goşulýar (1 nahar çemçeden). Künjüniň başda onçakly bildirmeyän ysy gowrulanda güýçlenýär, tagamy süýjümtil, hozuňkyny ýatladýar.

Künji ýagynda ýag turşusynyň gliserin efiri, fitosterin, sezamin, sezamol, kalsiý, fosfor, E witamini, demir, sink, oňat balanslaşdyrlan polidoýgun ýag turşulary, tokoferol, beloklar bar. Ösümlik ýaglarynyň halkara klassifikasiýasyna laýyklykda, RBD – künji ýagy güýçli antioksidant häsiýete eýe. Onuň düzümindäki sezamol (oksigidrohinonyň metil efiri) onuň 8 ýyla çenli zaýalanman saklanmagyna ýardam edýär. Künji ýagynda köp mukdarda rahatlandyryjy täsire eýe bolan stresse garşy element – magniý bar. Bu önüm lipid çalşygy bozulanda, gan basyşy ýokarlananda (gipertoniýa), bogunlaryň sowuklama we degeneratiw kesellerinde bedene oňyn täsir edýär.

Süňk dokumalary üçin ajaýyp material bolup durýan kalsiý, fosfor elementlerine, süňkleriň rezorbsiýa hadysalaryna gözegçilik edýän fitoestrogenlere baý künji ýagy osteoporozyň öňüni almakda deňi-taýy bolmadyk serişde hasaplanylýar. Bir nahar çemçe künji ýagynda kalsiniň bir gije-gündizlik mukdary saklanýar. Ol semiz adamlara horlanmaga, hor adamlara bolsa semremäge ýardam edýär. Islendik ýagdaýda-da, künji bedeni pugtalandyrýar, ony zäherlerden, zyýanly galyndylardan arassalaýar. Ol öýken kesellerinde, demgysmada, gury üsgülewükde, astmada, ýürek, bagyr kesellerinde, öt haltasynyň, aşgazanasty mäziň näsazlyklarynda, hususan-da süýjikeselde, aşgazan şiresiniň turşulygy ýokarlananda, ganazlykda peýdaly.

Häzirki zaman lukmançylygynda künji ýagy trombositopeniýanyň, gemorragik diatezleriň bejergisinde ulanylýar. Ol trombositleriň sanyny köpeldýär we ganyň lagtalanylyşyny tizleşdirýär. Tromblaryň döremeginiň öňüni almagy ony aterosklerozy bejermekde we onuň öňüni almakda ulanmaga mümkinçilik berýär. Hytaý lukmançylygynda irden agzy we bokurdagy künji ýagy bilen çaýkamak gündelik bejeriş çäresi hasaplanylýar. Bu şeýle amala aşyrylýar: agza alnan künji ýägy 3 minutlap saklanylýar. Şol wagtyň dowamynda ýagyň agyz boşlugynyň hemme ýerine baryp durmagy üpjün edilýär. Şeýle çäre gije bedeniň bölüp çykaran hem-de agyz boşlugynda toplanan zäherli maddalary aýyrmaga, dişleri we diş etini pugtalandyrmaga, kariýesiň (diş çüýreme) öňüni almaga ýardam edýär, turşy maddalara duýgurlygy peseldýär, tagam reseptorlaryny güýçlendirýär.

Künji ýagynyň ulanylyşy bilen baglanyşykly  käbir düzgünleri ýatda saklamak artykmaçlyk etmez:

1.Künji ýagynda et ýa-da başga önümleri gowurmak maslahat berilmeýär.

2.Bu ýagyň Kwinkeniň çişinden ejir çekýän adamlarda allergiýanyň ýüze çykmagyna getirmegi mümkin.

3.Düzüminde ýagyň köp saklanýandygy sebäpli künji däneleri tiz zaýalanýar. Ony az mukdarda satyn almak we tiz ulanmak maslahat berilýär.

  • Информационного Центра здравоохранения Туркменистана
  • 4 Responses

    1. To sign up for the Turkmenistan Email Discussion List, enter your e-mail address above and click the button.

    2. Suriye’de Yaşayan Türkmenler bin yıldır Suriye topraklarında yaşamekdadirler Türkmenlerin Osmanlı,Selçuklu, Memlük 1000 yıllık iktidarında Suriye huzur,mutlu bir biçimde yönetilmiş.

    3. Больно мне, больно, не унять эту злую боль…
      Достаточно часто в своей жизни каждый из нас сталкивается с какими-либо болевыми чувствами.
      Так по какой же причине мы чувствуем эту самую боль?
      А причина здесь кроется в том, что происходит передача импульсов от сердитых окончаний в какой-либо доли тела от воздействия на этот участок изнутри или извне.

      Вначале импульс поступает от рецепторов к спинному мозгу, затем уже достигает того участка головного мозга, который и отвечает посылом боли.
      Порой она может веско превышать болевой порог человека, или же, наоборот, может абсолютно не ощущаться, в следствии потери чувствительности сердитым окончанием.
      А это еще более ужасно, так как человек, утративший чувствительность, подвергается множеству непредвиденных опасностей.

      Очень часто, мы, на подсознательном, рефлекторном уровне, стараемся оградить себя от чувства боли. Например, при соприкосновении с горячей поверхностью мы отдергиваем руку.
      Иногда, в некоторых ситуациях, в кровь идет повышенный выброс адреналина, который дает боли некоторую “отсрочку” или же полностью блокирует ее.
      Также, организм производит выработку медиаторов, это такие химические вещества, которые обеспечивают прилив крови к травмированному участку, тем самым, принимая активное участие в процессе заживления нанесенного повреждения.

      Очень главно выучиться принимать, а основное, разуметь боль и не всегда следует от нее избавляться всеми доступными методами.
      Если у вас получится разобраться с болевыми чувствами доблестно, то вы сможете не только позитивно влиять на собственное здоровье, но, порой, и спасти себе жизнь.

      Ведь прием анальгетиков, к которым мы непрерывно прибегаем для облегчения болевых ощущений, может грозить нам серьезными последствиями, и по причине этого, например, воспрещено обезболивать боли в животе, до установления правильной причины их появления.
      Ведь если, обезболить приступ аппендицита, мы вполне можем спровоцировать более серьезное заболевание – перитонит, которое уже намного серьезнее, тем более, что в обоих случаях оперативного вмешательства избежать не удастся.

      Так что боль – это не всегда плохо, основное условие – это не загонять ее внутрь, ведь своевременно поданные сигналы организма о поддержки, помогут нам избежать катастрофических ситуаций.
      Пробуйте найти “компромисс” с болью, если не удается с ней “подружиться”.

    4. […] Künji ýagynda et ýa-da başga önümleri gowurmak maslahat… […]

    Leave a Reply

    Fill in your details below or click an icon to log in:

    WordPress.com Logo

    You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

    Twitter picture

    You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

    Facebook photo

    You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

    Google+ photo

    You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

    Connecting to %s

    %d bloggers like this: