Gan aýlanyş ulgamynyň keselleriniň köp görnüşleri bar

ÝÜREK-DAMAR KESELLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK

Ateroskleroz (ýürek-damar ulgamynyň keseli) we damarlar ulgamy.

Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardiuoskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Ýürek-damar keselleri birnäçe ýyllaryň dowamynda emele gelip, atesklerozyň damar ulgamyna zyýan ýetirip, ýüregiň gan bilen üpjün edilişini haýalladýar, ony ýokumly iýmitlenmeden we kisloroddan mahrum edýär. Adamyň ýüregi agyryp başlanda, bu eýýäm düýpli ýürek keseliniň bardygynyň alamatydyr. Şonuň üçin-de, adam «ýürek tutgaýynyň» tutaryna garaşman, wagtynda ýüreginiň aladasyny edip başlamalydyr.

Maddalaryň çalyşmasynyň bozulmalary, aýratyn-da holesteriniň derejesiniň sagdyn deňagramlylygyň ýitirilmegi — ýüregiň we damarlaryň kesellemeginiň esasy sebäbi. Holesterin maddasy ýagly zatlaryň bagyr tarapyndan gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde emeler gelýär. Elbetde, organizmiň sazlaşykly işlemegi üçin ýaglaryň-da, holesteriniň-de belli bir mukdarynyň ganda bolmagy hökmandyr. Emma olaryň mukdary gerekli çäkden geçse, olar adamyň saglygyna howp salyp başlaýar. Sebäbi holesteriniň mukdary kada laýyk bolmasa, ol mum maddasy ýaly, gan geçirýän damarlaryň diwarjyklaryna ýelmeşip başlaýar. Soňabaka bu ýelmeşip, çöküp galan maddalar damar diwarjyklarynyň üýtgedip, galňamalary emele getirýär. Olar bolsa öz gezeginde holesteriniň we mineral maddalaryň has köp mukdarynyň ýelmeşip, çöküp galmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý atereskleroz diýip atlandyrylýar. Bu keselde damarlaryň diwarjyklary gatap, çeýeligini ýitirýär, olar daralyp, gan akymlarynyň peselmegine eltýär. Eger bu maddalaryň çökündileri tromblary döretse, onda bu damarlardan gan aýlanyşygy kesilýär. Tromblar damarlardaky gan akyma böwet bolup, insulta we infarkta eltýär.

Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin iýmitlenmä aýratyn üns bermelidir. Ýüregiň sagdyn bolmagy üçin ýagsyz eti we doýgun bolmadyk ýaglary iýmelidir. Olarda holesterin az bolýar. Ýygy-ýygydan etiň deregine balyk iýiň. Towuk etinde hem holesterin azdyr. Köp iýmejek bolmaly. Azyk rasionynyň köp bölegini gök önümler, ir-iýmişler tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda, olary çigligine iýmäge çalşyň.

Pyrtykal, greýpfrut, limon, noýba, mekgejöwen, oblepiha, garaly, sogan, sarymsak, gül kelem, pomidor, ukrop, deňiz kelemi, kädi, hoz, gawun, greçka, böwürslen, süle, petruşka, zirk, narpyz dagylar damarlary arassalap, atesklerozyň öňüni alýar. Ýürek bozulmalarynyň islendik görnüşlerinde nitrogliserin içmäň-de, derman otlaryndan peýdalanjak boluň. Sebäbi nitrogliserin agyryny köşeşdirýär, derman otlary bolsa bejerýändir. Nitrogliserini kabul edilende köp hereket etmek gadagan edilýär. Derman otlaryny kabul edilende bolsa, tersine, hereketleri artdyrmaly bolýar. Agyrýan ýürek üçin tut miweleri, alyçynyň miweleri we walerýana dagylar iň oňat serişdedir.

Ýürek üçin düzüminde magniý we kaliý bolan azyklar we ösümlik otlary hem örän wajypdyr. Magniý pomidorlaryň, seldereýiň, hozuň, süläniň, erigiň, üzümiň, şugundyryň, badamjanyň düzüminde bardyr. Kaliý erik kişdesiniň, kişmişiň, guradylan garalynyň, hurmanyň, injiriň, petruşkanyň, kelemiň, gara smorodinanyň, ananasyň, bananlaryň we şetdalynyň düzüminde bardyr.

Galyberse-de, sagdyn iýmit bedeniň hemme ulgamlarynyň, şol sanda ýürek-damar ulgamynyň hem gerekli witaminleri kabul etmegine ýardam berýär.

Sagdyn durmuş üçin nerw işjeňligini hem kadalaşdyrmalydyr. Häzirki wagtda adamlar köplenç iş sebäpli ukusyny kemýärler. Emma sagdyn bolmak üçin adam gije-gündiziň dowamynda sekiz sagatdan az ýatmaly däldir. Adam mümkin boldugyndan dawa-jenjellerden, duýgy çekeleşiklerden gaça durmaly.

Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda oturmak hem ýürek, damarlar we tutuş organizm üçin zyýanlydyr. Oturymly işlerde her sagatdan turup, birnäçe maşklary etmek maslahat berilýär. Köp pyýada ýöremäge çalyşmaly. Günüň dowamynda bäş kilometre golaý aralyk pyýada geçilse, dem alyş ulgamy we ýürek üçin örän peýdalydyr.

Gan aýlanyş ulgamynyň keselleriniň köp görnüşleri bar. Bu keseller öz gezeginde başga keselleriň netijesinde ýüze çykýar. Mysal üçin, perikardit (ýürek haltajygynyň sowuklamasy) inçekesel ýokanç keseliniň netijesinde ýüze çykýar. Inçekesel bilen kesellän adam bu keseliň ýüregine ýetirjek zeperini bilip, degişli lukmanlara ýüz tutmalydyr. Şeýle eden ýagdaýynda ol ýürek keselleriniň öňüni alyp bilerdi.

 Ref .  http://www.saglyk.info/

//

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: