Angliýada okamak isleýänlar üçin

Angliýada ýokary okuw okamak barada maglumat Ýurduň ady: Angliýa
Ýerleşýän ýeri: Günbatar-Demirgazyk Ýewropa
 Meýdany: 244 müň 820 km2
 Ilaty: 61 milýon 100 müňden gowrak (2009-njy ýylyň hasaplaryna görä)
 Paýtagty:London
 Dili: Iňlis dili
 Ykdysatyýeti: Ösen ykdysadyýeti bar. Kişi başyna düşýän ýyllyk puluň mukdary boýunça dünýäde öňki orunlarda durýar.

Näme üçin Angliýa?
 Iňlisçe gepleşilýän döwlet, şonuň üçinem Iňlisçe öwrenmek üçin iň amatly döwletlerden biri
Iňlisler başga medeniüetlere açyk we olar bilen tiz dostluk gurmak mümkin
Ösen demokratik we asuda döwlet
Iňlis dilinden başga-da birnäçe ugurlarda okamak mümkin
 
Haýsy ugurlarda okamak amatly:
 Iňlis dili
Arhitektura (binalaryň gurluşy)
Kompýuter we soňky tehnologiýanyň ugurlary
Lukmançylyk, biomedisina we biotehnologiýa
Halkara gatnaşyklar
Ykdysadyýet we maliýe
Halkara we şereketler hukugy
Agronomçylyk we oba hojalygy ugurlary
Syýahatçylyk ugry (turizm)
 
Ýokary okuw derejeleri:
 Uniwersitet (Bakalawr) derejesi: 3-4 ýyl
Masterlik derejesi: 1-2 ýyl
Doktorlyk derejesi: 3-4 ýyl
 
Okuw jaýlary barada:
 http://www.educationuk.org
 
Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler:
 Umuman alanyňda gerekli bolan dokumentler Şwed uniwersitetleriniňki ýaly has giňişleýin maglumatlar aşakda berilendir. Ýöne iňlis uniwersitetlerine bahasy gymmat hem bolsa gaty köp dokument tabşyrýan kişi bardygy üçin dokumentleri mümkin boldugyndan çalt ibermek gerek.
Uniwersitetlere giriş üçin gerekli dokumentler edil beýleki Ýewropa döwletleriniňki ýaly (giňişleýin maglumatlar üçin Şwed uniwersitetlerine gerekli bolan dokumentler serediň.)
Iňlis dilini biliş derejäňiz iň azyndan şeýleräk bolmaly:
TOEFL: 550 (Kagyzda geçirilýän TOEFL) ýa-da 173 (Kompýuterde geçirilýän TOEFL)
IELTS: 6.0 (IELTS iňlisleriň öz ekzamenleri bolansoň bu ekzameniň netijeleri Angliýanyň hemme uniwersitetleri tarapyndan kabul edilýär, ýöne TOEFL-i käbir uniwersitetler kabul etmän bilerler)
Dokumentleri tabşyrmak üçin ýurt boýunça ulanylýan kompýuterleşdirilen ulgamy ulanyp bilersiňiz. Bu ulgamy ulanyp iň köp 6 uniwersitete dokument tabşyryp bilersiňiz. Bu bolsa her uniwersitete dokument tabşyrma işinden we pulundan sizi biraz hem bolsa rahatlandyrar. Bu ulgam barada Aşgabatdaky iňlis ilçihanasyndan maglumat alyp bilersiňiz. Bu ulgamyň salgysy: http://www.ucas.ac.uk/
Dokumentleriň tabşyrylmaly wagtlary: Geljek ýylky okuw üçin şu ýylyň 15-nji dekabryna çenli tabşyrmaly. Oxford we Cambridge uniwersitetlerine bolsa şu ýylyň 15-nji oktýabryna çenli tabşyrmaly.
Angliýada ýokary okuwa çenli 13 ýyl okalýar, şonuň üçin hem biziň orta bilimimizi göni kabul etmän bilerler. Bu barada anyk maglumaty Aşgabatdaky iňlis ilçihanasyndan alyp bilersiňiz.
Bakalawr derejesi üçin bu salgydan peýdalanyp bilersiňiz
Bakalawr soňrasy okuw üçin bolsa şu saýta ugrap bilersiňiz.
 
Okuw we ýaşaýyş üçin pul:
 Ýewropa birligi we EEA birligine degişli bolmadyk döwletleriň raýarlaryndan (ýagny bizden hem) ýyllyk okuw puly bakalawr derejesi üçin 1-nji hasapda (table) we bakalawr soňrasy okyw üçin 2-nji hasapda (table) görkezilendir. Bakalawrlyk üçin sapaklaryň ortaça ýyllyk okuw puly Sungat ugurlary 7000-9000 £
Ylym ugurlary 7500-12000 £
Lukmançylyk ugurlary 10000-21000 £
Bakalawr soňrasy sapaklar üçin ortaça ýyllyk okuw puly Sungat ugurlary 7000-9000 £
Ylym ugurlary 7500-12000 £
Lukmançylyk ugurlary 10000-21000 £

Ýaşaýyş puly bolsa ýyllyk ortaça öý kireýi bilen bilelikde 7500 £ töweregi London töweregi we 5500 £ töweregi Angliýanyň başga ýerleri üçin.
 
Stipendiýa(lar):
 Birnäçe stipendiýalar bar ýöne olaryň köpüsi bize degişli däl. Şonuň üçin hem olar saýhallanyp soňra bu sahypa ýerleşdiriljekdir.
 
Ýaşaýyş ýeri barada maglumat:
 Aýlyk jaý kireýi 300-500 £ (funt) arasy. 
Saglyk ätiýaçlandyrmasy barada:
 Angliýada galmaga rugsat almak isleýän kişileriň saglyk ätiýaçlandyrmasy almasy gerek.
 
Wiza:
 Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty we bu hatda şu aşakdakylar bellenilip geçilen bolmaly:
Okuw doly derejedäki okuw we hepdede iň az 15 sagatlyk okuwy içine almaly
Okaýan sapagyňyzy anyk belli edilen bolmaly
Okuwa gerekli bolan puluň mukdary ýazylan bolmaly we siziň bu puly eýýäm töländigiňiz hemme bellenilip geçilmeli
Bu okuwy okar ýaly derejededigiňiziň subutnamasy. Mysal üçin Iňlis dilini ýeterlik bilýändigiňiz (gerekli bolan dereje ýokarda bellenilip geçilendir)
Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy
Saglyk ýagdaýyňyz barada dokument
 
Ilçihana barada maglumat:
 Beýik Britaniýaň Ilçihanasy Edaralar binasy, 3-nji gat
Ak Altyn myhmanhana 744001 Aşgabat
Türkmenistan

Tel: (993 12) 36 34 62/63/66
Fax: (993 12) 36 34 65
E-poçta:beasb@online.tm

Iş sagatlary:
Duşenbe – Penşenbe 09:00-13:00, 14:00-17:30
Anna günleri 09:00-13:00, 14:00-16:00
Wiza sagatlary:
Duşenbe – Anna
09:00-11:00
Internet saýty: http://ukinturkmenistan.fco.gov.uk/tk/
Wizalar bölümi: http://ukinturkmenistan.fco.gov.uk/tk/visas/ 
Goşmaça maglumatlar Pul birligi
 £ = funt (pound)
 
Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin: Iňlis dilini öwrenmek isleýänler girmek isleýän okuw jaýynyň British Council tarapyndan tassyklanandygyny barlasynlar.
 UKStudy.com
 
Angliýadaky dil okuwlary barada umumy maglumaty British Council-yň web sahypasyndan alyp bilerler:
 http://www.britishcouncil.org/new/
 
Ulanylan çeşmeler
Wikipedia: www.wikipedia.org
Angliýada okuw barada: http://www.educationuk.org
Angliýada okuw barada: http://www.britishcouncil.org/new/

Ref. Bayjan

2 Responses

  1. Пациенты с ВИЧ и туберкулезом обвинили фтизиатров в нарушении правил эпидбезопасности

    ВИЧ-инфицированные пациенты екатеринбургского противотуберкулёзного стационара афишировали жалобу на работу фтизиатрической службы, извещает ИА “Regnum”.

    Недовольство больных вызывает то, что они принуждены ездить на сдачу анализов и за медикаментами в областной центр СПИД на общественном транспорте с тремя пересадками, что ставит под угрозу как их собственное здоровье, так и здоровье иных пассажиров.

    Кроме того, в жалобе, под которой подписались 22 человека, говорится, что в противотуберкулезной клинике отсутствует горячая вода, нет реанимационной палаты, не хватает кормленья и медикаментов, а также не обеспечен должный уход за тяжелыми больными.

    Днем ранее общественное движение “Урал-позитив” заявило, что реорганизация областной противотуберкулёзной службы, произошедшая в марте 2010 года, осложнила доступ ВИЧ-инфицированных с туберкулезом к получению медицинской подмоги: сейчас они не могут прытко, безвозмездно и секретно обследоваться; не хватает мест в стационарах и нет доступа к безвозмездным противотуберкулезным препаратам. Как было отмечено, в наиболее трудной ситуации оказались такие больные с наркозависимостью, которым из-за наличия туберкулеза не оказывают наркологическую помощь.

    В ответ на эти жалобы директор областной фтизиатрической службы Игорь Зыков заявил о готовности сотрудничать с общественными организациями, в частности, при подготовке наркозависимых людей с ВИЧ к лечению в противотуберкулёзных клиниках. Условно положения дел в екатеринбургском стационаре Зыков сообщил, что подача горячей воды, прекращенная из-за долгов, возобновлена, а кормление подходит стандартам. Он также пообещал в ближайшее время исправить ситуацию с анализами и медикаментами, необходимыми ВИЧ-инфицированным.

  2. […] Angliýada okamak isleýänlar üçin […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: