Türkmenistan halkara syýahatçylyk we dynç alyş, şeýle hem şypahanalar mekanyna öwrüler

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Ýakyn ýyllarda Türkmenistan halkara syýahatçylyk we dynç alyş, şeýle hem şypahanalar mekanyna öwrüler.
28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň çäkle­rinde ýerleşýän belli «Arçman» şypahanasynda we suw bilen be­jerýän «Ýyly suw» şypahanasynda döwrebap sagaldyş merkezle­riniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Bu wakanyň şu günler belle­nilýän uly we mukaddes musulman baýramy-asyrlarboýy türk­men halky tarapyndan uly sarpa goýulýan Gurban baýramy bilen gabat gelmeginde uly many bar.

Irden «Ýyly suw» şypahanasynyň ýanyndaky ýerde baýramçyly­ga mahsus ýagdaý höküm sürýär, daş-töwerekde milli aýdym-sazlar ýaňlanýar. Milletiň Lideriniň gelmegine ähli zat taýýar edi­lipdir.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary şypahananyň ýanyndaky ýöri­te meýdançada gonýar. Milletiň Liderini Türkmenistanyň Ministr­ler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçysy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen hormatly ýaşulular, din wekilleri tüýs ýürek­den mähirli garşylaýarlar. Asylly däp boýunça milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar, hor­matly ýaşulular duz-çörek hödürleýärler. Bu ýerde hormatly Pre­zidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň keramatly ýerlerine guralan zyýarata gatnaşyjy­lar bu çäräniň örän guramaçylykly geçirilendigini bellediler we döwlet Baştutanyny mukaddes baýram bilen gutlap, şu günki ber­ýän gurbanlyk sadakasynyň kabul bolmagyny dileg etdiler. Zyýa­ratçylar türkmen topragynda bar bolan keramatly ýerlere aýla­nandyklaryny, öň görmedik ýerlerini görendiklerini, uçarlar, de­mir ýol we awtoulaglar bilen bökdençsiz üpjün edilendiklerini, hemme ýerde mähirli garşylanandyklaryny uly guwanç bilen ha­bar berdiler. Şeýle hem olar ýurdumyzyň çar künjeklerinde me­deni-sosial ähmiýetli desgalaryň, döwrebap kärhanalaryň gur­luşygynyň batly depginde alnyp barylýandygyny synlap şatlanan­dyklaryny aýtdylar we şunuň ýaly zyýaratyň guralmagyna tagalla eden milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes ýerleri, taryhy-arhitektura ýadygärlikleri barada ýaşlaryň arasynda wagyz-nesi­hat işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, olaryň geljek nesiller üçin aýawly saklanmalydygyny nygtady. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jan saglygyna we hormatly Prezidentimiziň ähli başlangyçlarynyň üs­tünlikli bolmagynyň hatyrasyna din wekilleri dileg edýärler hem-de täze desgalaryň açylmagyna ak pata berýärler.

Da­ba­ra gat­naşyjy­la­ryň we köp­san­ly myh­man­la­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň, daşary ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­başçy­la­ry, Umu­my­mil­li «Gal­ky­nyş» he­re­ke­ti­ne gir­ýän gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, köp­san­ly me­di­si­na işgär­le­ri we ha­bar be­riş se­rişde­le­ri­niň we­kil­le­ri bar. Döw­let Baştu­ta­ny ýyg­na­nan­la­ry gut­lap, tä­ze gur­lan ak mer­mer­li bi­na ta­rap bar­ýar we da­ba­ra gat­naşyjy­la­ra gut­lag sö­zi bi­len ýüz­len­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu gün biz bu ýe­re ýur­du­my­zyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň aja­ýyp bi­na­la­ry­nyň-«Ýy­ly suw» we Arç­man şypa­ha­na­la­ry­nyň tä­ze gur­lan bi­na­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na gat­naşmak üçin ýyg­nan­dyk di­ýip, sö­zü­ni do­wam et­di. Şu açy­lyş da­ba­ra­la­ry­nyň ýur­du­myz­da giňden bel­le­nip ge­çil­ýän uly baý­ram­çy­lyk­la­ra-mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­na we Ha­syl to­ýu­na ga­bat ge­len­di­gi­ni bel­läp, mil­le­tiň Li­de­ri ýyg­na­nan­la­ry we tu­tuş türk­men hal­ky­ny mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my, şeý­le hem Ha­syl to­ýy bi­len mä­hir­li gut­la­dy we ola­ra berk jan sag­lyk, bagt, maşga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di.

Soňra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my gün­le­rin­de hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi, ýur­du­my­zyň asu­da­ly­gy, Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy we gül­läp ös­me­gi üçin edil­ýän do­ga-di­leg­le­riň, be­ril­ýän gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­nyň be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di.

Hä­zir­ki açyl­ýan bu aja­ýyp bi­na­myz ägirt uly be­je­riş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan çeşmä­niň göz­başyn­da gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär di­ýip, döw­let Baştu­ta­ny aýt­dy. Il ara­syn­da bu göz­başlar «Ýy­ly suw» ady bi­len giňden meşhur­dyr. Hal­ky­my­za hyz­mat et­jek, iň hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry otur­dy­lan şu aja­ýyp şypa­ha­na gys­ga döw­rüň için­de gur­lup, ulan­ma­ga taý­ýar edil­di. In­di bu ýer­de ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da ra­ýat­la­ry­myz ge­lip sag­ly­gy­ny ber­ki­dip bi­ler­ler. Bu şypa­ha­na­da gur­lan tä­ze bi­na­lar «Ýy­ly su­wy» dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän şypa­ha­na­la­ryň ha­ta­ry­na goşar. Bu sa­gal­dyş mer­ke­zi­ne öz sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge ge­len­ler bir we iki adam­lyk otag­lar­da dynç alyp bi­ler­ler. Şeý­le hem bu ýer­de köp ça­ga­ly maşga­la­lar üçin ni­ýet­le­nen otag­lar hem bar di­ýip, döw­let Baştu­ta­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň bel­leýşi ýa­ly, «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­ta bol­maz­dan bu­run» di­ýen pä­him-pa­ra­sat­dan ugur al­mak bi­len, biz ýur­du­my­zyň äh­li şypa­ha­na­la­ryn­da hem dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän şert­le­ri dö­ret­mä­ge gi­rişdik di­ýip bel­le­di. Ýur­du­my­zyň gö­zel ýer­le­rin­de tä­ze sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň gur­luşyk­la­ry­nyň al­nyp ba­ryl­ma­gy bi­ziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty­my­zyň üs­tün­lik­li dur­muşa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr di­ýip, döw­let Baştu­ta­ny sö­zü­ni do­wam et­di.

Soňra mil­le­tiň Li­de­ri, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny kä­mil­leşdir­mek bo­ýun­ça ama­la aşyryl­ýan işle­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da öz­bo­luşly sag­ly­gy go­ra­ýyş mil­li ul­ga­my­nyň ke­ma­la ge­len­di­gi­ni aýt­dy we «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da ila­ta il­kin­ji luk­man­çy­lyk-sa­ni­ta­ri­ýa hyz­mat­la­ry­ny et­mek, ke­sel­le­riň öňüni alyş we be­je­riş eda­ra­la­ry­nyň işini yzy­gi­der­li kä­mil­leşdir­mek, sag­lyk äti­ýaç­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny he­re­ke­te gi­riz­mek, hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, luk­man­çy­lyk hem-de şypa­ha­na eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ýa­ly düýp­li işler ama­la aşyryl­dy di­ýip bel­le­di. Şeý­le hem döw­let Baştu­ta­ny ýur­du­my­zyň köp­san­ly sa­gal­dyş eda­ra­la­ryn­da we ýö­ri­te­leşdi­ri­len hal­ka­ra luk­man­çy­lyk mer­kez­le­rin­de işle­jek ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, ýa­kyn wagt­lar­da Aşga­bat­da iri ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri bol­jak luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­ni aç­ma­gy göz öňün­de tut­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. Mu­nuň özi bi­ziň ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak we ber­kit­mek, adam­la­ryň oňat dynç al­ma­gy üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan işle­ri­mi­ziň ul­gam­la­ýyn, yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­ly­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan işler ýa­kyn ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk we dynç alyş, şeý­le hem şypa­ha­na­lar me­ka­ny­na öw­rül­jek­di­gi­ne şaýat­lyk ed­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra­ly ýag­daý­da sim­wo­li­ki len­ta­ny kes­ýär we bi­na­nyň içi­ne gir­ýär. Des­ga­nyň fo­ýe­sin­de skrip­ka­çy­lar to­pa­ry­nyň çy­kyşy bol­ýar. Soňra döw­let Baştu­ta­ny tä­ze bi­na­nyň ult­ra­ses bar­la­gy, en­dos­ko­pi­ýa, fi­zio­te­ra­pi­ýa we gid­ro­te­ra­pi­ýa—suw bi­len be­je­riş otag­la­ry­na ba­ryp gör­ýär. Ol ýer­ler­de otur­dy­lan kä­mil en­jam­lar bi­len üns­li ta­nyşýar. «Arç­man­da­ky» tä­ze sa­gal­dyş mer­ke­zi ýa­ly, ony hem Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça Tür­ki­ýä­niň «Ýa­py Ta­ah­hut Ta­ja­rim Inşaat A.Ş.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri gur­du­lar, ýur­du­myz bi­len öňden bä­ri hyz­mat­daşlyk ed­ýän Ger­ma­ni­ýa­nyň «Si­mens» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri şypa­ha­na­ny döw­re­bap me­di­si­na we anyk­la­ýyş teh­ni­ka­sy bi­len üp­jün et­di­ler.

«Ýy­ly suw» şypa­ha­na­sy Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­har­ly et­ra­byn­da ýer­leşip, ol ýer­de mi­ne­ral suw­ly çeşme­le­ri­niň be­je­riş hä­si­ýet­le­ri 1974-nji ýyl­dan bä­ri bel­li­dir. Ola­ryň göz­baş alyp gaýd­ýan çuňlu­gy 2 müň metr­den geç­ýär. Şypa­ha­na­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na bäş sa­ny gu­ýy gir­ýär. Bu ýer­de 46 gra­dus ýy­ly­lyk­da­ky kü­kürt­li-wo­do­rod­ly mi­ne­ral suw­la­ryň kö­me­gi bi­len dür­li ke­sel­ler, şol san­da da­ýanç-he­re­ket­len­di­ri­ji ap­pa­ra­tyň, nerw-daşky we en­dok­rin ul­ga­myň bo­zul­ma­gy bi­len bag­ly dür­li ke­sel­ler be­je­ril­ýär. Bu ýer­dä­ki çeşme­le­riň iki­si ýod­ly we brom­ly mi­ne­ral suw­lu­dyr, bu­lar aşga­zan-içe­gä­niň, öt hal­ta­nyň, bag­ryň, aşga­zan as­ty mä­ziň so­wuk­la­ma ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek üçin ula­nyl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow be­je­riş otag­la­ry­ny, ýa­tym­la­ýyn be­je­riş otag­la­ry­ny, suw bas­seýn­le­ri­ni syn­lap, şypa­ha­na­nyň luk­man­la­ry we hü­när­men­ler bi­len hoşlaşdy hem-de di­ku­çar­da «Arç­man» şypa­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy.

Döw­let Baştu­ta­ny­na se­ne gör­ke­zi­len ýaz­gy­ly kap­su­la be­ril­ýär. Türk­men Li­de­ri da­ba­ra­ly ýag­daý­da ony Me­de­ni­ýet öýü­niň gel­jek­ki bi­na­sy­nyň fun­da­men­ti­ne goý­ýar.

Soňra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow py­ýa­da ýö­räp, Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li sa­da­ka be­ril­ýän ýe­re bar­ýar. Köp­san­ly myh­man­lar döw­let Baştu­ta­ny­ny mä­hir­li gut­la­ýar­lar. Ola­ryň ara­syn­da zy­ýa­rat ed­ýän wa­tan­daşla­ry­my­zyň ýüz­ler­çe­si bar, olar üçin türk­men Li­de­ri­niň tek­li­bi bo­ýun­ça il­kin­ji ge­zek bu baý­ram­çy­ly­gyň öňüsy­ra­syn­da türk­men hal­ky­nyň mu­kad­des ýer­le­ri­ne köp­çü­lik­le­ýin zy­ýa­rat et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di.

Soňra bu ýe­re ge­len 5 müňden gow­rak adam hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­naşdy. Ol ýer­de öňi bi­len din we­kil­le­ri aýat oka­dy­lar. Soňra sa­da­ka gat­naşyjy­la­ra na­har çe­kil­di. Sa­da­ka ta­mam­la­nan­dan soň Be­ýik Bi­ri­bar­dan ro­waç­lyk di­le­nip, tö­wir okal­dy.

Bü­tin dün­ýä­de bel­li we haý­ran gal­dy­ry­jy bu şypa­ha­na Kö­pet­da­gyň ete­gin­de, Aşga­bat­dan 130 ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky aja­ýyp ýer­de ýer­leşýär.

Arç­ma­nyň sa­gal­dy­jy su­wy ba­ra­da­ky ro­wa­ýat­lar ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri bel­li­dir. Bu şypa­ha­na­nyň özi ýüz ýy­la go­laý mun­dan ozal esas­lan­dy­ryl­dy hem-de ýer­li ýaşaý­jy­la­ryň, şeý­le hem ýa­kyn­da we uzak­da ýer­leşýän daşary ýurt­lar­dan gel­ýän myh­man­la­ryň ara­syn­da meşhur­ly­ga eýe­dir. Şypa­ha­na­nyň mi­ne­ral su­wy esa­sy be­je­ri­ji ha­sap­lan­ýar, bu su­wuň dü­zü­min­de hi­mi­ki ele­ment­le­riň 24-si ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Suw­da­ky kü­kürt­li wo­do­ro­dyň dü­zü­mi­niň de­re­je­si Arç­ma­nyň su­wu­ny be­je­ri­ji agyz suw­la­ry­nyň ha­ta­ry­na goşma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Arç­ma­nyň az aşgar­ly, sub­ter­mal mi­ne­ral su­wu­nyň agyz su­wy hök­mün­de ula­nyl­ma­gy hem-de onuň bal­neo­lo­gik pro­se­du­ra­la­ry ge­çir­mek üçin ulan­ma­ga ýa­ram­ly­dy­gy onuň ar­tyk­maç ta­ra­py bo­lup dur­ýar.

Suw­dan daşga­ry, bu ýe­riň ýa­kym­ly ho­wa­sy şypa­ha­na­nyň mö­hüm äh­mi­ýet­li be­je­ri­ji fak­tor­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ion­la­ra baý ho­wa ada­myň be­de­ni­ne ýa­kym­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Bir söz bi­len aý­da­nyňda, bu ýer­de äh­li zat-tä­sin suw, tä­miz dag ho­wa­sy, ga­ly­ber­se-de, us­sat me­di­si­na işgär­le­ri nä­hoşla­ryň çalt sa­gal­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Şu aý­dy­lan­lar­dan başga-da, dün­ýä bo­ýun­ça ala­nyňda, «Arç­man» şypa­ha­na­sy­nyň kü­kürt­li-wo­do­rod­ly mi­ne­ral su­wu­nyň hut göz­başdan al­nyp ula­nyl­ýan ýe­ke-täk ýer­di­gi­ni aý­da­nyňda, bu şypa­ha­na­nyň reý­tin­gi­niň örän ýo­ka­ry­dy­gy­na düşün­mek bo­lar.

Döw­let Baştu­ta­ny tä­ze kor­pu­syň bö­lüm­le­ri bi­len ta­nyşly­gyň barşyn­da tä­ze sa­gal­dyş mer­ke­zin­de işle­jek luk­man­lar we hü­när­men­ler bi­len söh­bet­deş bol­dy we ola­ryň iş şert­le­ri bi­len gy­zyk­lan­dy.

Ta­nyşlyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow hor­­mat­­ly myh­man­la­ryň ki­ta­byn­da ýaz­­gy gal­dyr­dy. Bi­na­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da türk­men hal­ky­nyň ýa­­şaýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ha­kyn­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän­li­gi üçin döw­let Baştu­ta­ny­na Ahal we­la­ýa­ty­nyň ila­ty­nyň adyn­dan aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi sow­gat be­ril­di.

Zaman

2 Responses

  1. Уретрит

    Уретрит – это воспаление мочеиспускательного канала – может быть острым или хроническим.

    Принято распознавать уретриты инфекционные и неинфекционные.

    Инфекционный уретрит может быть вызван
    возбудителями, передающимися предпочтительно половым маршрутом (трихомониаз, гонорея,
    хламидиоз и др.), а также являться следствием общих инфекционных заболеваний.

    Неинфекционный уретрит возникает из-за разнородных причин, например травмы
    или аллергии.

    Картина острого уретрита вполне очерчена: резь при мочеиспускании сочетается
    с выделениями из канала на фоне учащенных позывов к мочеиспусканию.

    Симптоматика хронического уретрита более сглажена. Больные жалуются на жжение
    и зуд в мочеиспускательном канале, выделения становятся более скудными.

    Лечение уретрита
    Листья брусники, травка зверобоя,
    цветки бузины черной, соцветия ромашки,
    почки тополя черного – всего поровну. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    Трава хвоща полевого, корневища
    лапчатки прямостоячей , листья подорожника
    – поровну. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    Плоды можжевельника 2 доли,
    листья березы 2 доли, листья толокнянки
    2 доли, травка хвоща полевого 1
    часть. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    Соцветия ромашки, листья мяты.,
    почки тополя черного- поровну. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    Плоды можжевельника 5 долей,
    листья березы 5 долей, плоды петрушки
    2 доли – поровну. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    почки березы, травка льнянки, корень солодки, лист толокнянки – поровну. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    плоды можжевельника, травка тысячелистника, лист брусники, травка зверобоя,
    травка тысячелистника – поровну. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    лист брусники, цветки календулы, зёрна льна, травка фиалки трехцветной –
    поровну. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    корень аира 2 доли, травка зверобоя 5 долей, травка мяты 1 часть, курильский
    чай 3 доли, травка спорыша 5 долей, лист толокнянки 5 долей, плоды укропа
    – 2 доли. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    корень алтея 3 доли, лист крапивы 5 долей, зёрна льна 2части, плоды можжевельника
    3 доли, лист мяты 1 часть, цветки ромашки 4 доли, травка фиалки трехцветной
    – 5 долей. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    побеги багульника 5 долей, травка зверобоя 5 долей,
    зёрна льна 1 часть, лист мяты 3 доли, почки сосны 3 доли, травка хвоща полевого
    4 доли. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    почки березы 2 доли, травка душицы 7 долей, травка зверобоя 3 доли, лист
    мяты 2 доли, травка спорыша 5 долей, лист эвкалипта 1 часть. Приготовление и применение: 2 столовых ложки измельченного сбора заливают 0,5 л кипятка, сливают вместе с травкой в термос, требуют ночь. Принимать по 1/3-1/4 стакана 3 раза в день.
    Курс лечения – 2-3 месяца. При хроническом заболевании делают перерыв на 10-14
    дней, меняют сбор и продолжают лечение. Сборами врачуют 1-2 года, после чего
    можно перейти на профилактический прием фитосборов весной и осенью по два месяца,
    а также при любых инфекциях и простуде.

    Сборы трав могут применяться в сочетании с иными лекарствами.

    Перед тем, как принимать тот
    или иной сбор, желанно ознакомиться с противопоказаниями к травкам, входящим
    в состав этого сбора в травнике.

  2. […] Türkmenistan halkara syýahatçylyk we dynç alyş, şeýle… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: