Doňuz dümewine regional reaksiýalar

Öz ýurdunyň Ukraina ýakyndygyna garamazdan, Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko doňuz dümewine şübhelenýär.
5-nji noýabrda Wiktor Ýuşenko bilen birlikde Kiýewde geçiren metbugat konferensiýasynda ol farmasewtik kampaniýalary gazanç etmek üçin dümew tutgaýynyň oduny ölçerýänlikde aýyplady: “Men derman öndürýänleriň aşa parahor, talaňçy toparynda näme zatlaryň bolup geçýändigini gowy bilýärin”.

Ukraina we Moldowadaky ýagdaý

Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko hem ýurtda doňuz dümewi epidemiýasynyň durnuklaşyp ugrandygyny, bu dümew degdi diýip hasaba alynýanlaryň sanynyň ep-esli azalandygyny aýdýar.

H1N1 wirusynyň 155 adamyň başyna ýetmegi, 32500 adama hem ýokuşmagy bilen Ukraina Ýewropada bu dümewiň giňden ýaýran ýurdy bolup durýar. Bu ýerde indi onuň adamlardan maýmynlara ýokuşmagyndan gorkulýar.

“Edil adamlar ýaly, maýmynlar-da gözi suwjaryp, agyrydan ejir çekýärler. Muny kesel degen maýmynyň hereketlerinden görmek bolýar. Onuň gyzgyny galyp, suwsaýar, kynlyk bilen dem alýar. Bu simptomlaryň baryny onuň gyzgynyny barlaman hem görüp bolýar” diýip, Harkowyň haýwanat bagynyň direktory Oleksiý Hryhorýew aýdýar.

Moldowada doňuz dümewi 269 adama degip, 3 adam ölensoň, 9-njy noýabrda mekdepler hem uniwersitetler bir hepde ýapylmaly edildi. Ýöne uniwersitetleriň edil şu wagt ýapylmagy parlamentiň Günbataryň tarapyny çalýan kandidaty Marian Lupuny prezidentlige saýlanylmanlygy üçin studentlere prostest geçirere bir mümkinçilik bolar diýen çaklamany oýardy.

Doňuz dümewiniň bir syýasy garnuwy barmykan?

Moldowanyň Saglygy goraýyş ministri Wladimir Hotineanu bu soraga “ýok” diýenok: “Käbir syýasatçylar dümewi öz syýasy maksady üçin ulanyp bilýär. Muny edýänler dogruçyl adamlar däl. Ýöne men nygtap aýdýaryn. Biz bu ýerde, Moldowada sosial ýagdaýyň kontrollykdan çykmagyna ýol bermeli däl. Biziň isleýänimiz – adamlaryň arasyna gorky salmazlyk. Iň möhüm zat şol”.

Türkmenistanda hem doňuz dümewiniň howplary barada halka maglumat bermek üçin häkimiýetleriň alyp baran hoşniýetli, ýöne nädogry synanyşygy tamamlandy diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy 5-nji noýabrda habar berdi.

Oktýabrda Aşgabat, Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylar dümewiň simptomlary we ondan goranmagyň ýollary düşündirilip, bir sahypalyk listowkalaryň ile ýaýradylandygyny bildirdiler. Ýöne gynançly ýeri, bu listowkada doňuz dümewinden däl-de, guş dümewinden gürrüň edilýändigi.

 Azatlyk

One Response

  1. […] Doňuz dümewine regional reaksiýalar […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: