Gypjak şäherçesinde täze Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy

turkmensDüýn Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndaky Gypjak şäherçesinde täze Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň wekilleri, şäherçäniň ýaşaýjylary, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XII maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen köpsanly watandaşlarymyz gatnaşdylar.

Täze bina Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna guruldy. Ol 10 müň ilaty bolan Gypjak şäherçesiniň ýaşaýjylaryna hyzmat eder. Nobatdaky Saglyk öýi maşgala lukmanlarynyň alyp barýan işleriniň hilini görnetin ýokarlandyrmaga we ilat arasyndaky öňüni alyş çärelerini artdyrmaga degerli ýardam berer. Bu ýerde hassalary maşgala lukmanlary bilen bir hatarda ýöriteleşdirilen ugurlaryň lukmançylyk işgärleri hem kabul ederler. Binada öňdebaryjy ýewropaly öndürijileriň häzirkizaman anyklaýyş tehnikalary oturdylypdyr. Saglyk öýüniň binýadynda Tiz kömek merkezi we dermanhana ýerleşýär.

Mälim bolşy ýaly, oba lukmançylygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, onuň hilini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň obalary özgertmek baradaky Milli maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde lukmançylyk edaralarynyň ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilýär, bu maksatlar üçin döwlet köp millionlyk maýa goýumlaryny gönükdirýär, ýöriteleşdirilen awtotehnikalary satyn alýar, halkara standartlaryna we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň kadalaryna laýyk gelýän täze oba lukmançylygy döredilýär. Gypjakda mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Saglyk öýi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr we adam hakdaky aladany ilkinji orunda goýýan döwletiň maksatlarynyň we wezipeleriniň gyşarnyksyz durmuşa geçirilýändiginiň tassyk edilmegidir.

* * *
Gypjakda häzirkizaman weterinar stansiýasy açyldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gypjak şäherçesinde ýene bir täze desganyň—weterinar stansiýanyň açylyş dabarasy boldy. Dabara etrabyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XII maslahatynyň delegatlary dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy.

Şäherçede açylan täze lukmançylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän weterinar stansiýanyň iki gatly jaýynda mallary saklamak we olary bejermek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Onda laboratoriýa, hünärmenler üçin kabinetler we Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Finlýandiýanyň we Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy tehnikalaryny öndürijileriniň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan ýörite otaglar bar. Mundan hem başga binada iş maslahatlaryny, seminarlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin niýetlenen maslahatlar zaly hem gurlupdyr.

Altyn Asyr

2 Responses

  1. […] Gypjak şäherçesinde täze Saglyk öýüniň açylyş dabarasy… […]

  2. туркмены в сирии

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: