“No­bel” baý­ra­gy kime be­ril­ýär

nobel“No­bel” baý­ra­gy dün­ýä­niň äh­li kün­je­gin­den alym­la­ra fi­zi­ka­da, hi­mi­ýa­da, luk­man­çy­lyk yl­myn­da, ede­bi­ýat­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri we ta­ny­mal iş­le­ri üçin, şeý­le-de, dünýä liderlerine we halkara guramalaryna dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň iň esa­sy mak­sa­dy bo­lan pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­mak iş­le­rin­de bitiren ägirt uly hyz­mat­la­ry üçin be­ril­ýär.
“No­bel” baý­ra­gy öz ta­ry­hy kö­kü­ni 1895-nji ýyl­dan, ýag­ny, Alf­red No­be­liň öz wes­ýet­na­ma­sy­ny (Alf­red No­bel’s Will) ýaz­ma­gyn­dan we onuň “No­bel” baý­ra­gy­nyň dö­re­dil­me­gi üçin ze­rur bo­lan mad­dy mi­ra­sy­ny goý­ma­gyn­dan alyp gaýd­ýar.

Alf­red No­bel

Alf­red No­bel 1833-nji ýy­lyň 21-nji okt­ýab­ryn­da Şwe­si­ýa­nyň Stok­golm şä­he­rin­de do­gul­ýar. Onuň maş­ga­la­sy XVII asyr­dan baş­lap De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­da teh­ni­ki ugur­laryň ussatlary hök­mün­de meş­hur­lyk ga­za­nyp­dyr. My­sal üçin, ka­ka­sy Im­ma­nu­el No­bel te­bi­gy baý­lyk­lar üçin ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de päs­gel­çi­lik dö­red­ýän uly daş bö­lek­le­ri­ni aýyr­mak bo­ýun­ça teh­ni­ki usul­lar oý­lap ta­pyp­dyr, bir­nä­çe sy­nag­lar ge­çi­rip­dir.

Alf­red No­bel öz di­lin­den baş­ga bir­nä­çe dil­le­ri öz­leş­di­rip­dir. Mu­ny onuň dur­muş tej­ri­be­si­niň se­ne­na­ma­syn­da has-da aý­dyň gör­mek müm­kin.

Alf­red No­bel (Se­ne­na­ma):

1833-nji ýyl – Alf­red No­bel dün­ýä in­ýär.

1837-nji ýyl – Onuň ka­ka­sy Im­ma­nu­el No­bel me­ha­ni­ki us­sa­ha­na aç­mak üçin il­ki Finl­ýan­di­ýa, soň­ra Sankt-Pe­ter­bur­ga gid­ýär.

1842-nji ýyl – Im­ma­nu­el No­bel öz maş­ga­la­sy­ny Sankt-Pe­ter­bur­ga alyp gaýd­ýar.

1850-1852-nji ýyl­lar – Alf­red No­bel Pa­ri­že gid­ýär we Teo­fil Jýul Pe­luz la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da iş­le­ýär. Şol ýyl­lar­da No­bel Ger­ma­ni­ýa­da, Ita­li­ýa­da we ABŞ-da sa­par­da bol­ýar.

1862-nji ýyl – No­bel nit­rog­li­se­rin (azot we kü­kürt kis­lo­ta­la­ry­nyň gli­se­rin bi­len bir­leş­me­si; su­wuk ýag­jy­mak mad­da) bo­ýun­ça ýö­ri­te sy­nag ge­çir­ýär.

1866-njy ýyl – Alf­red No­bel ABŞ-da nit­rog­li­se­rin şe­re­ke­ti­ni esas­lan­dyr­ýar.

1891-nji ýyl – Alf­red No­bel Pa­riž­den Ita­li­ýa­nyň ku­rort şä­he­ri bo­lan San-Re­mo göç­ýär.

1896-njy ýyl – Meş­hur alym, oý­lap ta­py­jy, te­le­ke­çi, ýa­zy­jy we asu­da­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lan Alf­red No­bel 10-njy de­kabr­da ara­dan çyk­ýar.

“No­bel” baý­ra­gy

1901-nji ýyl­dan bä­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň alym­la­ry­na yl­myň fi­zi­ka, hi­mi­ýa, fi­zio­lo­gi­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk yl­my we ede­bi­ýat ugur­la­ry bo­ýun­ça, şeý­le hem, li­der­le­re we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­na dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­la­mak­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin be­ril­ýän “No­bel” baý­ra­gy hal­ka­ra baý­rak bo­lup, Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm şä­he­rin­de ýer­leş­ýän “No­bel” gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan üp­jün edil­ýär. 1968-nji ýyl­da Şwe­si­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­ky 1668-nji ýyl­da öz işi­ne baş­lan Riks­bank Alf­red No­be­liň ha­ty­ra­sy­na yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça baý­ra­gy hem esas­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, “No­bel” baý­ra­gy al­ty ugur bo­ýun­ça be­ril­ýär. Baý­rak me­dal­dan, dip­lom­dan we pul sy­la­gyn­dan yba­rat­dyr.

Baý­rak kim ta­ra­pyn­dan gow­şu­ryl­ýar?

Alf­red No­bel öz wes­ýet­na­ma­syn­da “No­bel” baý­­ra­gy­ny gow­şur­mak üçin jo­gap­kär yl­my ins­ti­tut­­la­ry, gu­ra­ma­la­ry we eda­ra­la­ry şeý­le kes­git­le­ýär:

– Şwe­si­ýa­nyň Ko­rol­lyk ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy fi­zi­ka, hi­mi­ýa, yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ugur­la­ry bo­ýun­ça;

– Ka­ro­lin ins­ti­tu­ty fi­­zio­lo­gi­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça;

– Şwed aka­de­mi­ýa­sy ede­bi­ýat ug­ry bo­ýun­ça;

– Nor­we­gi­ýa­nyň Par­la­men­ti (The Nor­we­gi­an Par­lia­ment or Stor­ting) ta­ra­pyn­dan saý­la­nan we bäş adam­dan yba­rat bo­lan Ko­mi­tet pa­ra­hat­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça “No­bel” baý­ra­gy­ny gow­şur­ýar.

1901-2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da je­mi 816 “No­bel” baý­ra­gy gow­şu­ryl­dy. Olar­dan:

– 62 sa­ny yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça;

– 154 sa­ny hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça;

– 105 sa­ny ede­bi­ýat ug­ry bo­ýun­ça;

– 184 sa­ny fi­zi­ka ug­ry bo­ýun­ça;

– 192 sa­ny fi­zio­lo­gi­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk yl­my ug­ry bo­ýun­ça;

– 119 sa­ny pa­ra­hat­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça be­ril­di.

Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça be­r­len “No­bel” baý­ra­gy­nyň 23-üsi­ne Hal­ka­ra hu­ku­gy ins­ti­tu­ty (Ins­ti­tu­te of In­ter­na­tio­nal Law), BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy (Uni­ted Na­ti­on’s Child­ren Fund – UNICEF), BMG (Uni­ted Na­tions – UN) ýa­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry my­na­syp bol­dy.

Iň ýaş “No­bel” lau­rea­ty

“No­bel” baý­ra­gy­nyň ta­ry­hyn­da iň ýaş lau­re­at Lo­rens Bregg bo­lup, ol baý­ra­ga my­na­syp bo­lan wag­tyn­da ýa­ňy 25 ýa­şyn­da­dy. Lo­rens Bregg “No­bel” baý­ra­gy­ny fi­zi­ka ug­ry bo­ýun­ça 1915-nji ýyl­da al­ýar.

Iň go­ja “No­bel” lau­rea­ty

Yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lan Leo­nid Hur­wiç lau­re­at­la­ryň iň go­ja­sy ha­sap­lan­ýar. Ol 2007-nji ýyl­da baý­rak ber­len­de, 90 ýa­şyn­da­dy. “No­bel” baý­ra­gy­ny alan­la­ryň ara­syn­da ýa­ňy-ýa­kyn­da 100 ýyl­ly­gy­ny bel­läp ge­çen lau­re­at bol­sa Ri­ta Le­wi-Mon­tal­çi­ni bo­lup, ol hal­ka­ra baý­ra­gy 1986-njy ýyl­da fi­zio­lo­gi­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk yl­my ug­ry bo­ýun­ça alan­dyr.

“No­bel” lau­re­at­la­ry – 2009

Bu ýyl No­bel baý­ra­gy hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça 3 ada­ma, yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça 2 ada­ma, ede­bi­ýat ug­ry bo­ýun­ça 1 ada­ma, fi­zio­lo­gi­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk yl­my ug­ry bo­ýun­ça 3 ada­ma, pa­ra­hat­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça 1 ada­ma, fi­zi­ka ug­ry bo­ýun­ça 3 ada­ma gow­şu­ry­lar. Baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy däp bo­lup gel­şi ýa­ly, hi­mi­ýa, ede­bi­ýat, fi­zi­ka, fi­zio­lo­gi­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk yl­my, yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ugur­la­ry bo­ýun­ça Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da; pa­ra­hat­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça bol­sa Nor­we­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Os­lo­da ge­çi­ri­ler.

Hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça lau­re­at­lar

Alf­red No­be­liň öz wes­ýet­na­ma­syn­da bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, baý­rak­la­ryň bir bö­le­gi hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça iň äh­mi­ýet­li açy­şa we kä­mil­leş­mä ba­gyş­la­nan­dyr. 1901-2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça je­mi 154 baý­rak gow­şu­ryl­dy. Baý­rak­la­ryň eýe­le­rin­den di­ňe Fre­de­rik Sen­ger iki ge­zek my­na­syp bol­ýar. Hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça iň ýaş lau­re­at Fre­de­rik Žo­lio baý­ra­gy alan­da, 35 ýa­şyn­da­dy. Iň go­ja lau­re­at bo­lan Jon B. Fen­ne baý­rak 2002-nji ýyl­da 85 ýa­şyn­da­ka gow­şu­ryl­ýar.

Bu ýyl hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça “No­bel” baý­ra­gy ri­bo­so­myň gur­lu­şy we iş­leý­şi ha­kyn­da öw­re­nen we ýa­zan yl­my iş­le­ri üçin Wen­kat­ra­man Ra­mak­riş­na­na, To­mas A. Steýt­se we Ada E. Ýo­na­ta gow­şu­ry­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ri­bo­som­lar pro­tei­ni ön­dür­mek bi­len bir­lik­de an­ti­bio­tik­ler üçin-de ze­rur çeş­me­dir.

1952-nji ýyl­da dog­lan, as­ly hin­dis­tan­ly Wen­kat­ra­man Ra­mak­riş­nan ABŞ-nyň ra­ýa­ty­dyr. Ol 1976-njy ýyl­da ABŞ-nyň Ohio uni­wer­si­te­tin­den fi­zi­ka ylym­la­ry­nyň dok­to­ry de­re­je­si­ni al­ýar.

To­mas A. Steýts 1940-njy ýyl­da do­gul­ýar. Ol hem ABŞ-nyň ra­ýa­ty­dyr. To­mas mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa we bio­hi­mi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry di­ýen yl­my de­re­jä­ni ABŞ-nyň Garward uni­wer­si­te­tin­de al­ýar.

Ys­ra­ýy­lyň ra­ýa­ty, 1939-njy ýyl­da Iýe­ru­sa­lim­de dog­lan Ada E. Ýo­nat rent­gen kris­tal­log­ra­fi­ýa­sy bo­ýun­ça dok­tor­lyk de­re­je­si­ni Ys­ra­ýy­lyň Weýs­man adyn­da­ky ins­ti­tu­tyn­da al­ýar.

Yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry

bo­ýun­ça lau­re­at­lar

1968-nji ýyl­da Şwe­si­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­ky “Alf­red No­be­liň ha­ty­ra­sy­na yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça Şwe­si­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň baý­ra­gy­ny” dö­red­ýär. Ýo­kar­da bel­läp ge­çi­şi­miz ýa­ly, baý­rak Şwe­si­ýa­nyň Ko­rol­lyk ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan be­ril­ýär. Bu baý­ra­ga dün­ýä­niň äh­li kün­je­gin­den her ýyl 300-go­laý da­laş­gär yl­my açy­şy­ny hö­dür­le­ýär. Ýe­ňi­ji Aka­de­mi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet ug­ry bo­ýun­ça saý­law ko­mi­te­ti­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan, köp­lenç ha­lat­da bol­sa da­şa­ry ýurt eks­pert­le­ri ta­ra­pyn­dan saý­lan­ýar. 1969-2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça “No­bel” baý­ra­gy­nyň 62-si gow­şu­ryl­dy. Ola­ryň için­den iň ýa­ş lau­re­at Ken­net Er­row bo­lup, ol 1972-nji ýyl­da 51 ýa­şyn­daka bu baý­ra­ga mynasyp bolup­dyr. Yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça, şeý­le-de, “No­bel” baý­rak­la­ryň äh­li­si bo­ýun­ça iň go­ja lau­re­at hök­mün­de ta­nal­ýan Leo­nid Hur­wiç bol­sa baý­ra­gy alan­da, 90 ýa­şyn­da­dy.

Yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça “No­bel” baý­ra­gy­nyň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri Oli­wer Wil­ýam­son we Eli­nor Ost­rom­dyr. Yk­dy­sat­çy alym­la­ra hal­ka­ra baý­rak yk­dy­sa­dy hä­ki­mi­ýe­tiň sel­jer­me­si ba­bat­da ýa­zan yl­my iş­le­ri üçin gow­şu­ry­lar.

Oli­wer Wil­ýam­son özü­niň yl­my bas­gan­çak­la­ryn­dan ba­ka­lawr de­re­je­si­ni Mas­sa­çu­set­siň teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­tyn­da (Mas­sachu­setts Ins­ti­tu­te of Techno­lo­gy – MIT), biz­nes bo­ýun­ça ma­gistr de­re­je­si­ni Sten­ford uni­wer­si­te­tin­de (Stan­ford Univer­si­ty), yk­dy­sa­dy­ýet ylym­la­ry­nyň dok­tor­ly­gy­ny (Phd, Econo­mics) bol­sa Kar­ne­gi Mel­lon uni­wer­si­te­tin­de al­ýar. ABŞ-nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ag­za­sy bo­lan Oli­wer Wil­ýam­son iş dur­mu­şyn­da bir­nä­çe ame­ri­kan uni­wer­si­tet­le­rin­de, žur­nal­la­ryn­da, gu­ra­ma­la­ryn­da zäh­met çe­ken­dir.

Eli­nor Ost­rom “No­bel” baý­ra­gy­nyň ta­ry­hyn­da yk­dy­sa­dy­ýet yl­my ug­ry bo­ýun­ça il­kin­ji ze­nan lau­re­at­dyr. Ta­ny­mal yk­dy­sat­çy we sy­ýa­sat­şy­nas Eli­nor Ost­rom fi­lo­so­fi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry di­ýen yl­my de­re­jä­ni 1965-nji ýyl­da Los-An­je­les­dä­ki Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­tin­de al­ýar. Ol 1974-nji ýyl­dan bä­ri In­dia­na uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry hök­mün­de zäh­met çek­ýär.

* * *

Ede­bi­ýat ug­ry bo­ýun­ça “No­bel” baý­ra­gy 1953-nji ýyl­da Ru­my­ni­ýa­da dog­lan Her­ta Mül­le­re, pa­ra­hat­çyy­lyk bo­ýun­ça bol­sa ABŞ-nyň il­kin­ji ga­ra­ýa­gyz pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma gow­şu­ry­lar. Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy Ba­rak Oba­ma halk­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny we hal­ka­ra dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ber­kit­mek­dä­ki adat­dan da­şa­ry ta­gal­la­la­ry üçin mynasyp görüldi.

Fi­zi­ka ug­ry bo­ýun­ça lau­re­at­lar

Bil­şi­miz ýa­ly, fi­zi­ka ug­ry bo­ýun­ça 1901-2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da je­mi 184 “No­bel” baý­ra­gy gow­şu­ry­lyp, iki ge­zek baý­ra­ga my­na­syp bo­lan lau­re­at (1956-njy we 1972-nji ýyl­lar­da) Jon Bar­din­dir. Fi­zi­ki ug­ry bo­ýun­ça iň ýaş lau­re­at Lo­rens Bregg, iň go­ja lau­re­at bol­sa ki­çi De­wis Raý­mond­dyr. Bu ýyl fi­zi­ka ug­ry bo­ýun­ça “No­bel” baý­ra­gy Kao Çarl­za, Wil­lard Boý­la we Jorj Smi­te gow­şu­ry­lar.

Çarlz Kao ýag­ty­ly­gy op­ti­ki ara­gat­na­şyk sü­ýüm­le­ri ar­ka­ly ýaý­rat­mak bo­ýun­ça açy­şy üçin “No­bel” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Willard Boýldyr Jorj Smit bol­sa su­rat ýa-da şe­kil al­mak üçin ýa­rym ge­çi­ri­ji­li she­ma­ny oý­lap ta­pan­dyk­la­ry üçin hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň eýe­si hök­mün­de saý­lan­dy­lar.

Fi­zio­lo­gi­ýa ýa-da

luk­man­çy­lyk yl­my

ug­ry bo­ýun­ça lau­re­at­lar

1901-2008-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da fi­zio­lo­gi­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk yl­my ug­ry bo­ýun­ça 192 sa­ny “No­bel” baý­ra­gy gow­şu­ryl­dy. Ola­ryň için­den iň ýaş lau­re­at bo­lan Fre­de­rik Ban­ting baý­ra­gy 1923-nji ýyl­da alan­da, 32 ýa­şyn­da­dy. Go­ja lau­re­at hök­mün­de bol­sa Peý­ton Rau­sy ag­za­mak ju­da ýer­lik­li­dir. Se­bä­bi, ha­çan-da, ol hal­ka­ra baý­ra­gy alan­da (1966-njy ýyl) 87 ýa­şyn­da­dy.

Fi­zio­lo­gi­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk yl­my ug­ry bo­ýun­ça “No­bel” baý­ra­gy al­mak bu ýyl 3 ada­ma ne­sip et­di. Hro­mo­som­la­ryň te­lo­mer­ler we te­lo­me­raz fer­ment­le­ri ar­ka­ly ama­la aş­ýan go­rag gur­lu­şy ha­kyn­da­ky açy­şy üçin be­ril­jek “No­bel” baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri şu­lar­dyr:

Eli­za­bet Blek­bern – ABŞ-nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň ra­ýa­ty. Ol 1948-nji ýyl­da Tas­ma­ni­ýa­nyň Ho­bart şä­he­rin­de do­gul­ýar. Blek­bern 1975-nji ýyl­da Ang­li­ýa­nyň Kem­brij uni­wer­si­te­tin­de fi­lo­so­fi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry di­ýen yl­my de­re­jä eýe bol­ýar. 1990-njy ýyl­dan bä­ri ol San-Fran­sis­ko­nyň Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň bio­lo­gi­ýa we fi­zio­lo­gi­ýa bo­ýun­ça pro­fes­so­ry we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär.

Ke­rol Greý­der – ABŞ-nyň ra­ýa­ty. Greý­der 1961-nji ýyl­da ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň San-Di­ýe­go şä­he­rin­de do­gul­ýar. Ol hem fi­lo­so­fi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry di­ýen yl­my de­re­jä­ni 1987-nji ýyl­da Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­tin­de al­ýar. Ke­rol Greý­der 1997-nji ýyl­da Jon Hop­kins uni­wer­si­te­ti­niň Bal­ti­mor­da ýer­leş­ýän luk­man­çy­lyk fa­kul­te­ti­niň mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa we ge­ne­ti­ka bo­ýun­ça pro­fes­so­ry di­ýen gör­nük­li yl­my de­re­jä eýe çyk­ýar.

Jek Şos­tak – ABŞ-nyň ra­ýa­ty. Ol 1952-nji ýyl­da Ang­li­ýa­nyň Lon­don şä­he­rin­de do­gul­ýar. Şos­tak Ka­na­da­da önüp-ös­ýär. Şos­tak il­ki Ka­na­da­nyň Mon­re­al şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Mak­gil uni­wer­si­te­tin­de, soň­ra ABŞ-nyň Nýu-Ýork şta­ty­nyň Ita­ka şä­he­rin­dä­ki Kor­nel uni­wer­si­te­tin­de bi­lim al­ýar. Ol dok­tor­lyk de­re­je­si­ni (fi­lo­so­fi­ýa bo­ýun­ça) hem Kor­nel uni­wer­si­te­tin­de al­ýar. Jek Şos­tak 1979-njy ýyl­dan bä­ri Bos­ton­da­ky Mas­sa­çu­sets mer­ke­zi has­sa­ha­na­sy­nyň ge­ne­ti­ka bo­ýun­ça pro­fes­so­ry hök­mün­de ta­nal­ýar.

 Zaman

One Response

  1. […] “No­bel” baý­ra­gy kime be­ril­ýär […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: