Gü­ne ýan­mak , aý­na­nyň ar­ka­syn­da

sunshineMekan Jumamyradow
Gün şöh­le­le­ri­niň için­de ha­my­my­zyň reň­ki­niň üýt­ge­me­gi­ne ge­tir­ýän ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler bar­dyr. Ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri aý­na­dan ge­çip bil­me­ýär­ler.
Bu şöh­le­le­r gö­ze gö­rün­me­ýän, ýo­ka­ry ener­gi­ýa­ly, gys­ga tol­kun­ly we ýö­ri­te en­jam bi­len se­re­di­len­de, me­lew­şe reňk­de bol­ýan şöh­le­ler­dir. Ulag­da bar­ýar­kak, aý­na­dan dü­şen şöh­le däl-de, açyk ho­wa­dan dü­şen şöh­le de­ri­niň ga­ral­ma­gy­na ge­ti­rer.

De­ri­mi­ziň reň­ki­niň ga­ral­ma­gy “der­ma” at­ly ha­my­my­zyň aşa­ky gat­la­gyn­da­ky pig­ment (do­ku­ma­la­ra reňk ber­ýän mad­da) öý­jük­le­ri­niň reak­si­ýa­sy­dyr. Bu öý­jük­le­re ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri dü­şen­de, “me­la­nin” at­ly has go­ýy reňk­li pig­ment­le­riň muk­da­ry­ny art­dyr­ýar­lar. Go­ýy pig­ment­ler hem de­ri­mi­ziň ýo­kar­ky gat­la­gy­na gel­mek bi­len de­ri reň­ki­ni go­ýu­laş­dyr­ýar.

Me­la­nin pig­men­ti ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri­ni özü­ne siň­dir­ýär, ýag­ny be­de­ni­miz ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler­den go­ran­mak mak­sa­dy bi­len me­la­ni­niň muk­da­ry­ny art­dyr­ýar. Em­ma bu hem az wag­ta çen­li­dir. Gü­nüň aşa­gyn­da nä­çe gal­sak-da, de­ri­mi­ziň reň­ki nä­çe ga­ral­sa-da, Gü­nüň şöh­le­si­niň için­dä­ki ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri­ni de­ri­miz özü­ne siň­dir­me­gi­ni do­wam ed­ýär. Bu bol­sa de­ri­de rak ke­se­li­niň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ma­gy müm­kin­dir.

Gü­neş­li ho­wa­da ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler­den go­ran­mak ze­rur­dyr. Esa­sa­nam, göz­le­ri­mi­zi go­ra­ma­ly­dy­rys. Se­bä­bi be­de­ni­mi­ziň iň in­çe de­ri gat­la­gy göz ga­bak­la­ry­dyr.

Mekan Jumamyradow,

HTTU-nyň talyby.

Zaman

One Response

  1. […] Gü­ne ýan­mak , aý­na­nyň ar­ka­syn­da […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: