Osteoartroz keselini bejerip bolmaýar

GARRYLYK DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY: OSTEOARTROZ

Bu kesel ýuwaş-ýuwaşdan assyrynlyk bilen gelýär. Hemme zat birdenkä peýda bolýan gowuşgynsyzlykdan ýa-da bogunlardaky çalaja duýulýan agyrylardan başlanýar. Mysal üçin, siz käwagt oturmakçy bolanyňyzda ýa-da basgançakdan düşmekçi bolanyňyzda, dyzyňyzda sanjy duýýarsyňyz. Hawa, diňe aşak düşeniziňde, ýokary galanyňyzda däl. Ine, şu alamatlar osteoartroz keseliniň ilkinji alamatlarydyr. Bu alamtlar ilkibaşda gaty bir bildirip-de durmaýar. Saklanyp, demiňizi biraz dürsäniňizden soň agyry wagtlaýynça goýberýär. Emma soňabaka agyrylar hatda oturgyja oturjak bolanyňyzda-da peýda bolar. Bu agyrylar gijelerine has hem güýjeýär.

Osteoartroz keselini bejerip bolmaýar. Ýöne onuň ösüşini togtadyp ýa-da haýalladyp bolýar. Osteoartrozyň döremeginiň belli bir sebäbi ýokdur. Adam garradygyça, onuň organizminde bolup geçýän alyş-çalyş prosessleri üýtgeýär. Munuň netijesinde kekirdewükler gurap, döwülegen, çat atagan bolýarlar. Olar ýukalýar, käwagt bolsa düýbünden ýitip gidýärler. Bulary bary kentlewükleriň «könelişmegi» bilen düşündirilýär. Şunuň bilen birlikde süňk dokumalary hem üýtgeýärler. Bogun süňkleriniň gyralarynda «osteofitler» diýip atlandyrylýan ösüntgiler peýda bolýar. Halk arasynda olara «duz ýygnanmasy» hem diýilýar. Süňkleriň dykyzlyk ýagdaýy peselýär. Olar organizmdäki garmonal bozulmalarynyň netijesinde kalsini ýitirip, örän port bolýar. Şeýlelikde, osteoartroz keseli döreýär.

Osteoartroz bedene gök düşmeleriniň, döwük-ýenjikleriň, siňir-damarlara, bogunlara şikes ýetmeginiň netijesinde döreýär. Osteoartroz futbolçylaryň we şahtýorleriň (dyz, tirsek, egin osteoartrozy), kätipleriň we halyçylaryň (eliň ownuk bogunlarynyň osteoartrozy) keseli hasaplanylýar. Adamyň agramy kadalaýyk agaramyndan artyk bolan ýagdaýynda ýa-da ýasydaban bolanda, ol osteoartroza duçar bolýar. Sebäbi agram bogunlara düşýär. Ýasydabanlyk adamyň göwresiniň durşuny üýtgedýär. Munuň netijesinde bolsa bogunlara köp agram düşýär. Mysal üçin, eger siziň agramyňyz 80 kile bolsa, her dyzyňyza 40 kile agram salýarsyňyz. Howlukman ýörän ýagdaýyňyzda bu agram 4 esse, ylgan ýagdaýyňyzda bolsa 6 esse artýar. Şonuň üçin-de bedeni kesele duçar etmez ýaly, onuň döremegine sebäp bolýan faktorlary aradan aýyrjak bolmaly: horlanmaly, bedeniň durşuny dogrulamaly (bükülmän, dogry durjak bolmaly), çendenaşa agyr işlerden gaça durmaly, agyr işleri dynç alyş bilen gezekleşdirip etmeli. Ýasydabanlyk bar bolan ýagdaýynda köwşüň içinde ýörite ortopedik köwüş petegini ulanmaly, ýörite taýýarlanylan aýakgaplary geýmeli. Aýakgap rahat we oňaýly bolmalydyr, zenanlar beýik ökjeli köwüşlerden gaça durmalydyr. Käwagt süýnýän galyň matadan ýörite edilen dyzbaglary geýmek kömek edýär. Olar dyz bogunlaryna düşýän agramy azaldýarlar.

Agyrydan nähili dynyp bolar? Bogundaky kütek, sorkuldaýan agyryny ýylylyk, elektroterapiýa, iňňe sanjymlary arkaly ýeňledip bolar. Bogunlara kän agram bermejek bolmaly, olary aýamaly. Çanaklygy but süňki bilen birleşdirýän bognuň, dyz çatrygynyň bognunyň osteoartrozynda we ýasydabanlykda azrak ylgamak, azrak bökmek, azrak oturyp-turmak we agyr zat götermezlik maslahat berilýär. Beýikli-pesli ýerde çalt ýöremeli däl. Köp wagtlap şol bir durkda oturmak hem zyýanlydyr. Sebäbi näsag bogunlarda gan aýlanyşygy bozulýar. Şonuň üçin-de, her 15-20 minutdan 5-10 minut dynç alyp, bogunlara düşýän agramy ýeňletmek maslahat berilýär. Bogunlara düşýän agramy aýyrmagyň iň oňat usuly — aýagyňy uzyn salyp ýatmak ýa-da oturan ýeriňde aýaklaryňy uzatmak. Myşsalary gowy tapda saklamagyň iň gowy usuly — oňaýly köwüşde tekiz meýdanda howlukman ýöremek. Her gün 20-30 minut gezelenç etmek sizi oňat durkda saklar. Iň esasy zat howlukmazlyk. Şu ýokarda agzalan ýagdaýlar özüňizde bardyr öýdüp, heniz-de, emma sport bilen meşgullanmak islegiňiz bar bolsa, onda ýüzmekligi saýlaň. Sebäbi ýüzmek sportuň iň oňaýly görnüşidir. Suwda bogunlara hiç hili agram düşmeýär, myşsalar bolsa oňat oňat işleýär.

Ulanylan WEB Salgy

http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-durmus/sagdyn-garrama/40-garrylyk-dowrunin-kyncylyklary-osteoartroz.html

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: