Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi

mom&turkmen babyTürkmenistan Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligini belleýär
Düýn paýtagtymyzyň Grand Türkmen myhmanhanasynyň konferens-zalynda başlanan iki günlük ýörite seminar «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda» Türkmenistanyň täze Kanunynyň esasy düzgünlerine bagyşlandy.
Ýurdumyzda bellenilýän Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNISEF) çykyş etdiler. Duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Adalat, Medeniýet we teleradioýaýlymlar, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň we Azyk senagaty assosiasiýasynyň wekilleri çagyryldy. Seminaryň işine gatnaşmak üçin UNISEF-iň ştab-kwartirasynyň iýmit bölüminiň hukuk meseleleri boýunça halkara ekspertleri ýörite Türkmenistana geldiler.

 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda her ýyl, sentýabryň 1-inden 7-sine çenli Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi geçirilýär, munuň özi çaganyň dünýä inmeginden soňky ilkinji alty aýyň dowamynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmäge we ene süýdi bilen iýmitlendirmegi çaganyň iki ýaşyny doldurmagyna çenli dowam etdirmäge goldaw bermek baradaky maglumatlary ýaýratmak üçin möhüm çäre bolup hyzmat edýär. Şu ýyl hepdelik «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda» ýaňy-ýakynda kabul edilen Türkmenistanyň täze Kanunynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanýar, ol kiçi ýaşdaky çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmäge goldaw bermek hem-de wagyz etmek babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär we ene süýdüniň ornuny tutujylaryň hem-de çaga iýmit önümleriniň ýaýradylmagynyň we marketinginiň meselelerini düzgünleşdirýär.

Seminaryň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Kanunyň esasy düzgünlerine serederler we ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň mundan beýläkki ädimleri boýunça maslahatlary işläp düzerler. Mundan başga-da ene süýdi bilen iýmitlendirmek we çaga iýmiti babatda halkara ekspertleri seminara gatnaşyjylary hökümetleriň, emeli çaga iýmitlerini öndürijileriň we ýaýradyjylaryň üstüne belli bir borçlary ýükleýän ene süýdüniň ornuny tutýan önümleri satmagyň Halkara düzgünleriniň Ýygyndysy bilen tanyşdyrarlar. Şol Ýygyndynyň ene süýdüniň ornuny tutujylary mazamlamak, olaryň mugt nusgalaryny ýaýratmak, bölekleýin satuwlary, saglygy goraýyş ulgamynda olary wagyz etmek, marketologlar bilen şertnamalar baglaşmak, ibermek we markirowka etmek baradaky düzgünleriniň meseleleri üns merkezinde bolar.

Halkara ekspertleriniň nygtaýyşlary ýaly, çaganyň ýaşaýşynyň ilkinji günlerinden ene süýdi bilen iýmitlendirmek onuň beden we nerw-psihiki ösüşine gös-göni ýardam edýär, ýaşaýşyň sagdyn başlangyjyny üpjün edýär. Şeýlelik bilen, şu ýylyň ýazynda kabul edilen täze Kanun ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmäge we emeli iýmit önümleriniň agressiw täsirinden goramaga ýardam eder.

Altyn Asyr

One Response

  1. […] Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: