Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda

-breast-feedingEne süýdi bilen iýmitlendirmek geljek nesliň sagdynlygynyň girewidir
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ýaýbaňlandyrmagy hem-de goldamagy wagyz etmek maksady bilen her ýylyň 1-7-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzda geçirilýän Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi badalga aldy.
Giň möçberli jemgyýetçilik-aň bilim çäresiniň çäklerinde şu günler tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) bilelikde ilatyň ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň artykmaçlyklary we peýdasy barada habardarlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem lukmançylyk işgärlerini degişli milli maksatnamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çekmek maksady bilen köpsanly çäreler geçirilýär. Çagany iýmitlendirmegiň iň howpsuz we az çykdajyly görnüşi hem onuň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegidir.

 

Soňky ýyllarda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda açylan enäniň we çaganyň saglygyny goraýan «Ene mähri» merkezleriniň iň häzirkizaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, şeýle hem döwrebap hassahanalaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, iri sport toplumlarynyň, çagalar sagaldyş merkezleriniň we başga-da birnäçe möhüm desgalaryň gurulmagy hem-de olarda çagalaryň sagdyn, sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen çagalarynyň fiziki we akyl taýdan sazlaşykly ösüşine şert döredýän asylly ýörelgeleriň hatarynda olaryň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi babatda ýöredilýän wagyz -nesihat işleri möhüm orny eýeleýär. Bu möhüm pudakdaky çynlakaý ylmy-barlaglaryň başynyň başlananyna 20 ýyl geçdi. Şu ýyllaryň dowamynda ýerine ýetirilen ägirt uly aň-bilim işleriniň netijesinde ýaş eneleriň birnäçe nesli öz çagalaryny ene süýdi çalşyryjylar bilen iýmitlendirmekden el çekdiler. Olar halkymyzyň asyrlarboýy däbine eýerip, çagalaryny ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam etdirdiler. Bu çäreleriň netijesinde eneleriň hem-de çagalaryň saglyk derejesiniň görkezijileri ep-esli gowulandy, maşgalalar pugtalandy, olaryň maddy hal-ýagdaýy ýokarlandy.

 Häzirki döwürde ýurdumyzyň çaga dogrulýan öýleriniň hemmesi diýen ýaly «Çaga hoşniýetli gatnaşygy bolan hassahana» diýen halkara sertifikatyna mynasyp boldy. Şeýle sertifikaty almak üçin esasy şertleriň biri bolsa çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek hakyndaky wagyz-nesihat bolup durýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädim şu ýylyň ýazynda kabul edilen «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda» täze Kanunyň kabul edilmegi döwlet syýasatynyň çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramaga hem-de wagyz etmäge, çagalaryň doly bahaly we howpsuz iýmit bilen üpjünçiligine gönükdirilen ugurlaryny kesgitledi.

Altyn Asyr

One Response

  1. […] Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: