Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy Döwlet instituty

turkmen studentsInstitut 2000-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda döredildi.
Institutda üç ylmy bölüm işleýär: 1) Türkmenistanyň medeni mirasy bölümi; 2) Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy bölümi; 3) Arheologiýa we etnologiýa, şeýle hem redaktirleme we terjime bölümi.
Institut Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasyna degişli dürli ylmy meseleler (arheologiýa, etnologiýa, syýasy we durmuş — ykdysady taryh, numizmatika, binagärçilik, halyçylyk, atşynaslyk, harby sungat, etniki taryh, maddy we ruhy medeniýet we beýleki ugurlaryň üstünde iş alyp barýar.

Institut 2000-nji ýyldan bäri her çärýekde ylmy — köpçülikleýin «Miras» žurnalyny üç dilde (türkmen, rus, iňlis dillerinde) çapdan çykarýar. Häzirki wagta çenli žurnalyň 31 sany çapdan çykdy.

2000-2008-nji ýyllar aralygynda institutyň ylmy işgärleriniň monografiýalary, broşýuralary we halkara ylmy maslahatynyň nutuklarynyň gysgaça beýanlary çapdan çykdy.

2000-nji — 2008-nji ýyllar aralygynda Institutyň alymlary tarapyndan Türkmenistanda, Russiýa Federasiýasynda (Moskwa, Kazan, Sankt-Peterburg şäherinde), Italiýada (Wenesiýada şäherinde), Türkiýe Respublikasynda (Stambul, Ankara şäherlerinde), Ukrainada (Kiýew şäherinde), Azerbaýjanda (Baku şäherinde), Hindistanda (Nuýu-Deli şäherinde), Gazagystanda (Almaty şäherinde) 1000-den gowrak ylmy, ylmy-populýar makalalar çap edildi.

Institut guramaçy hökmünde, şeýle hem guramaçylar bilen bilelikde on alty halkara ylmy maslahatyny geçirdi. Şolardan:

   1. «Türkmenistanyň medeni mirasy (gadymy çeşmeler we häzirki zamanyň mümkinçilikleri)».
   2. «Dünýä atşynaslygynyň kemala gelmeginde ahalteke atlarynyň orny».
   3. «Türkmenistanyň halklarynyň medeni mirasy we Ýewraziýa giňişligi».
   4. «Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy Gündogar halklarynyň we dünýä siwilizasiýasynyň ulgamynda».
   5. «Mukaddes Ruhnama we üçünji müňýyllykda medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara täsiri» we beýlekiler.

Institut tarapynda arheologik ekspedisiýalaryň ýedisi — halkara ekspedisiýalarynyň bäşisi, — türkmen-britan (2004 ý., Köne Merw), türkmen- amerikan (2005 ý.,Änew) türkmen-italiýan ekspedisiýalarynyň üçüsi (2005 ý., 2006 ý., 2007 ý., Marguş), şeýle hem milli ekspedisiýalaryň ikisi (2006 ý., 2007 ý., Akdepe) geçirildi.

Salgysy:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 18.
Tel.: 39-47-09, fax: 39-46-22.

One Response

  1. […] Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: