Namaz-orazaňyz kabul bolsun!

zeOrazanyň beden saglygyna täsiri
Orazanyň beden saglygyna edýän peýdasyny şeýle sanap bileris: Oraza sagdynlygyň açarydyr. Orazanyň kömegi bilen bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdiriji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär.
 Oraza bedeniň açlyga- suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Oraza adamyň ömrüni uzaldýar. Uzak ýaşan bir hassa, lukmançylyk nukdaýnazaryndan uzak ömür süren hasaplanmaýar. Uzak ömür – bedeniň sagdyn ýaşamagy diýmekdir. 

Oraza maddy taýdan berhiz bolşy ýaly, ruhy taýdan hem berhizdir. Oraza günälere garşy galkandyr. Ol ynsan bedeniniň arzuwlaryny çäklendirip bilmek ukybyny ösdürýär. Orazanyň tygşytly ýaşamaga täsiri Oraza tygşytly ýaşamagy öwredýän iň möhüm düzgündir. Islän wagty, islän zadyny almaga endik eden kişi Oraza wagty olardan özüni saklamaly bolýar. Bu bolsa oňa tygşytly ýaşamagy öwredýär. Nygmatlaryň gadyry has oňat duýulýar Allahutagalanyň Ýer ýüzünde ýaradan san-sajaksyz nygmatlarynyň ählisi ynsan bähbidi üçindir. Ol yhsan eden müň dürli nygmatlaryna derek, biziň diňe şükür etmegimizi isleýär. Şükür etmek bolsa, ähli nygmatlaryň Alla tarapyndygyna düşünmegimiz, şol nygmatlara mätäçligimizi duýup, gadyryny doly bilmegimiz üçindir. Oraza çyn ýürekden diňe Allahutagala üçin edilýän beýik amalyň hem şükranalygyň açarydyr. Çünki, köp kişi başga wagtlar açlygy bilmeýändigi üçin, ençeme nygmatyň gadyryny bilmeýär. Şol nygmatlara nähili derejede mätäçdigini hem doly duýmaýar. Emma oraza gury çöregiň hem nähili gymmatly nygmatynyň bardygyny anyk duýdurýar. Netijede, baý-garyp, her bir mömin Allahutagalanyň berýän nygmatlaryna mätäçligini duýup, olaryň gadyryny bilip şükür edýär. Adamlar Remezan aýy gelende Allahutagalanyň “Oraza tutuň!” diýen emri bilen iýmekden, içmekden özüni saklamaga mejbur bolýarlar. Agşam agzaçar saçagynyň başynda “Iýip bilersiňiz.” diýen rugsada (ýagny, agzaçar wagtynyň bolmagyna) garaşýan wagty nygmatlaryň hakyky eýesini we mäligini tanaýar. Nygmaty nygmat bilip, şol nygmaty beren barada oýlanýar. Şeýlelik bilen, şükür wezipesini amal edýär. “Eger şükür etseňiz, elbetde, nygmatymy artdyraryn. Eger gadyr bilmezlik etseňiz, azabymyň agyrdygy şübhesizdir” (Ibrahim, 7) aýaty nygmatlara şüküriň nähili zerurdygyny nygtaýar. Orazanyň ynsan durmuşyna we jemgyýetçilik durmuşyna birnäçe oňyn täsiri bar. Oraza tutan adamyň Allahutagalanyň razylygyny gazanmak üçin agyz beklemäge eden niýetiniň Gün batýança dowam edýändigi üçin tutuş gündiziň dowamyndaky her sagady, her sekundy gadyrlydyr, bereketlidir. Gijesi- de ertirki ybadatlar we ertirki Günüň orazasyna niýet bilen bezelýändigi üçin aýratyn gymmatlydyr.
Zaman

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: