Gadymy döwrüň lukmançylygynyň özboluşly reseptleri

Fitoterapiýa: däpleri we innowasiýalary sintezlemegiň ýoly bilenFitoterapia
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, medisina ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly täze düýpli ylmy işiniň birinji tomunyň dabaraly ýagdaýda tanyşdyrylmagy bütin ýurdumyzda uly üstünlik bilen geçirilýär.
Türkmen halkynyň ylmy we medeni mirasynyň ugurlarynyň biri bilen tanyşdyrýan bu özboluşly kitabyň çapdan çykmagy türkmen topragynda ösüp ýetişýän, ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda lukmançylygyň milli iş tejribesinde üstünlikli ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýeti giň okyjylar toparynda, şol sanda daşary ýurtly okyjylarda hem çynlakaý gyzyklanma döretdi. Baryp gadymy Rimiň, Gresiýanyň, Gündogaryň we Ýewropanyň alymlary, fitoterapiýa ylmynyň esasyny düzüp, ösümlik, haýwanat we mineral gelip çykyşy bolan dermanlyk serişdeleri ýazyp beýan edipdirler, olaryň hatarynda bütin dünýäde meşhur bolan Abu Ali ibn Sina (Awisenna) hem bar. Fitoterapiýa ylmy bolsa dermanlyk otlar bilen halk bejerişiň binýadynda döredi we uzak wagtlap ösdi.

 

Häzirki döwrüň himiýa laboratoriýalarynyň hiç biri hem, hatda iň oňatlary hem tebigatyň edişi ýaly, öz düzümi boýunça şeýle köp dürli bolan birleşmeleri sintezirlemegiň hötdesinden gelip bilmeýär. Tebigat özüniň «ýaşyl» laboratoriýalarynda köplenç halatlarda diňe bir adama mälim bolmadyk däl, eýsem döretmek kyn bolan maddalary öndürýär. Mundan başga hem ösümlikler adama islendik kesele hötde gelmekde kömek edip, onuň immunitetini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Munuň özi köp babatda hemme ýerde köpsanly tarapdarlaryna eýe bolan fitoterapiýanyň ösüşini hem şertlendirdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen topragy ösümlik, haýwanat we mineral gelip çykyşy bolan ekologiýa taýdan arassa çig malyň baý gorlaryna eýedir we muny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli işi çynlakaý subut edýär. Arid zolagynyň howa aýratynlyklary (tomus aýlary temperaturanyň ýokary bolmagy, howanyň guraklygy, gün radiasiýasynyň ýokary derejesi) çig mal materialynda bejeriş häsiýetine eýe bolan gymmatly, biologiýa taýdan aktiw maddalaryň toplanmagyna ýardam edýär. Toplumlaýyn ylmy-barlaglar ýurdumyzyň derman senagaty üçin täze derman serişdelerini döretmäge mümkinçilik berdi, olaryň hatarynda buýan köküniň gurak ekstrakty, buýan kapsulalary, çerbiýe şiresi, sarygülüň we ýapon soforasynyň miweleriniň esasynda taýýarlanylýan şerbetler bar. Mineral gelip çykyşy bolan täze derman serişdeleriniň hatarynda Oglanly ýatagyndaky bentoniti gaýtadan işlemekden alnan ýodobent külkesi bar. Türkmenistanyň klinikada işleýän tejribeli hünärmenleri tarapyndan döredilen bu serişdeleriň netijeliligi baradaky oňyn netijenama bu preparatlary bejeriş üçin hem, dürli keselleriň öňüni almak üçin hem giňden maslahat bermäge mümkinçilik berýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, ösümliklerden alynýan preparatlar häzirki döwrüň netijeli terapiýasyny düzýän esasy serişdeler bolup biler we şeýle bolmalydyr. Bütin dünýäniň alymlarynyň barha ýygy-ýygydan farmakologiýanyň geljeginiň tebigy preparatlara degişlidigi barada aýtmaklary tötänleýin däldir. Mysal üçin, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň abraýly ekspertleri ähli näsaglaryň 75 göterimine golaýyny diňe ösümliklerden alynýan preparatlar bilen bejermek maksada laýyk diýen netijä geldiler. Şonuň üçin fitopreparatlar öwrenilmelidir hem-de toplumlaýyn, dikeldiş we öňüni alyş terapiýasynyň hökmany komponenti hökmünde bejerişiň standartlaryna girýär, monoterapiýa ýa-da esasy bejerişe goşmaça hökmünde ýiti hem-de hroniki keselleriň garşysyna ulanylýar. Şunda sistemalaýynlyk, tapgyrlaýynlyk we göwnejaý möçberleri seçip almak fitopreparatlary ulanmagyň esasy ýörelgeleridir. Mundan başga hem ösümliklerden alynýan derman serişdeleri standartlaşdyrylmalydyr, güwälendirilmelidir, ol ýa-da beýleki potologiýalarda nähili täsir etjekdigi anyklanylan bolmalydyr, kliniki we klinika çenli barlaglary geçirilmelidir. Häzirki wagtda bu iş eýýäm biziň ýurdumyzda hem üstünlikli alnyp barylýar, oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Derman ösümlikleri institutynyň, «Buýan» oba senagat toplumynyň we «Saglyk» derman kärhanasynyň hünärmenleri çekildi.

Biziň ýurdumyzda fitoniringi-nemes hünärmenleri tarapyndan fitofarmakologiýa babatda işlenilip taýýarlanylan innowasion konsepsiýany ösdürmek üçin hem ähli şertleriň döredilýändigini belläp geçmeli. «Fitoniring» adalgasy bolsa phyto-(ösümlik, tebigat) we -neering (engeeneering-tehnologiýa, önümçilik) söz utgaşmalaryndan ýüze çykdy hem-de häzirkizaman netijeli standartlaşdyrylan dermanlyk preparatlary döretmek maksady bilen ösümlikleriň işjeň düzümleriniň düşündirişini aňladýar.

Fitoniring konsepsiýasy birnäçe ýörelgeleri özünde jemleýär. Munuň özi ilkinji nobatda seleksiýa ýörelgeleri berk berjaý edilen we tohumlyk material eserdeň seçilip alnan mahaly plantasiýalarda ösdürilip ýetişdirilýän çig malyň ýokary hilidir, ikinjiden, «temperatura täsirini» ulanmazdan taýýar önümi almak usulyny ulanmak bilen çig maldan taýýar derman serişdelerine çenli ähli önümçilik ulgamynyň bütin dowamynda derman öndürmegiň standartlaşdyrylan prosesidir we güwälendirilen tehnologiýasydyr, pes temperaturaly wakuum ekstraksiýasy bolsa täsir edýän maddalaryň turşamagynyň we hil hem-de mukdar taýdan üýtgetmeleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

«Buýan» oba senagat toplumynyň ekerançylyk meýdanlarynda dermanlyk ösümlikleri senagat taýdan ösdürip ýetişdirilýär. Olar şu ýyldan başlap, Bionorica nemes kompaniýasy (fitoniringi işläp düzüji) üçin hem ösdürilip ýetişdirilýär. Nemes hünärmenleriniň teklipleriniň hatarynda Türkmenistanyň derman öndürýän kärhanalarynda dermanlyk otlary gaýtadan işlemegi ýola goýmak we bilelikdäki önümçilikleri döretmek bar.

Döwlet Baştutanynyň täze düýpli işiniň peýda bolmagynyň ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny ösdürmek bilen bir hatarda dünýä fitoterapiýasynda hem möhüm ädim boljakdygyna ikirjiňlenmese bolar. Şol işiň on tomluk neşirinde dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçesi ýazylyp beýan edildi we gadymy döwrüň lukmançylygynyň özboluşly reseptleri toplanyldy. Türkmen Lideriniň köpýyllyk barlaglarynyň netijeleri ýerli çig maldan dermanlyk preparatlary döretmäge ugur alan, diýmek, däpleri hem-de innowasiýalary sintezlemegiň ýoly bilen barýan ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny we senagatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin mäkäm esas bolup biler.

Altyn Asyr

One Response

  1. […] Gadymy döwrüň lukmançylygynyň özboluşly reseptleri […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: