SARYGAMYŞ WE ZEŇŇIBABA – BIOLOGIK DÜRLÜLIGI TÄSIN GORAÝJYLAR

Professor E.A.Rustamowturkmen
«Türkmenistanyň mohüm ornitologik ýerleri»
Maksatnamasynyň sazlaşdyryjysy (MOÝ/IBA)

„Türkmenistanyň möhüm ornitologik ýerleri“ Maksatnamasyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde maý aýynyň ahyrynda hem iýun aýynyň başynda ekspedision topar Türkmenistanyň demirgazygynda Daşoguz welaýatynda iki sany ýere – Sarygamyşa hem Goýungyrlana baryp gördüler we ol ýerde biologik dürlüligiň ýagdaýyna, esasan hem guşlara gözegçilik geçirdiler.

Sarygamyşyň Möhüm ornitologik ýerleri (IBA) Sarygamyş çäkli goraghanasynyň demirgazyk böleginde ýerleşip, Sarygamyş kölüniň akwatoriýasynyndan tä Türkmenistanyň döwlet serhedine (Garagalpagystan tarapdan) çenli ýeri öz içine alýar. Bu ýerde umumy sany 30 müňe ýetýän (25 görnüşe çenli) suw-batgalyk guşlarynyň ajaýyp toplumy ýaşaýar. Dünýä boýunça howp abanýan görnüşlerden buýraly gotan Pelecanus crispus) we gara ördek (Aythya nyroca) duşýar. Birnäçe görnüşleriň sany olaryň biogeografiki populýasiýasynyň derejesiniň 1%-ni artdyrýar – ýene-de şol buýraly gotan, şeýle hem onuň kowumdaşy – gyzgylt gotan (Pelecanus onocrotalus), uly (Phalacrocorax carbo) we kiçi (Phalacrocorax pygmeus) garaja gazlar, gyzylbaş garamtyl ördek (Aythya ferina) we kekilli garamtyl ördek (Aythya fuligula), garaçüňk çerik (Sterna nilotica) we beýleki çerikler hem çarlaklar. Umuman bu MOÝ-de 160-dan gowrak görnüşler hasaba alyndy: 84 uçup geçýän, 50 uçup gelýän hem höwürtgeleýän we 26 ýerli; suw-batgalyk guşlar – 67.
Işiň dowamynda bize Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri bilen bilelikde köpsanly uly garaja gazlaryň, gyzgylt gotanlaryň, şeýle hem garabaş çarlaklaryň (gülejeňleriň) (Larus ichthyaetus), gülegen çarlaklaryň (Larus cachinnans) we sakar çarlaklaryň (Sterna caspia) höwürtgeleýän adalarynyň birine baryp görmek başartdy. Olaryň ýagdaýy ýerli balykçylar tarapyndan ýumurtgalarynyň brakonýerçilik bilen ýygnalmagyna garamazdan doly kanagatlanarlydyr.
Başga bir seýrek duş gelýän köl Şasenem goraghanasynyň günorta serhedinde Goýungyrlan galyndy dagyň eteginde Zeňňibaba çöketliginde ýerleşýär, suw-batgalyk we käbir ýyrtyjy guşlar üçin gyzykly mozaikaly landşaft keşpli toplumy döredýär. Bu MOÝ suw-batgalyk ýerler hökmünde suwda ýüzýän guşlaryň toplanýan ýeri hökmünde hyzmat edýär, ýöne diňe ýylyň maýyl wagtynda, sebäbi ol adatça gyşda doňýar. Bu ýerde pasyllaýyn uçup geçýän döwründe çäkde saklanýan suw-batgalyk guşlarynyň toplumy emele gelýär. Bu esasan hem sakarbarak (Fulica atra), dürli ördekler, çuluklar, çarlaklar we käbir çerikler hem çarlaklardyr. Ýöne, ýaz paslynda MOÝ-niň günorta kenarynda Goýungyrlan galyndy dagyň we Gaplaňgyr platosynyň çüňklerinde saklanyp bilýän dünýä boýunça howp abanýan, suw biotoplaryna mahsus bolmadyk ütelgi (Falco cherrug) we sähra göwenegi (Falco naumanni), şeýle hem bürgüt (Aquila chrysaetos) ýaly görnüşler aýratyn üns bermeklige mynasypdyrlar.

 

  • Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi
  • One Response

    1. […] SARYGAMYŞ WE ZEŇŇIBABA – BIOLOGIK DÜRLÜLIGI TÄSIN… […]

    Leave a Reply

    Fill in your details below or click an icon to log in:

    WordPress.com Logo

    You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

    Twitter picture

    You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

    Facebook photo

    You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

    Google+ photo

    You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

    Connecting to %s

    %d bloggers like this: