Käbir tagamly iýmitler çagalaryň işjeň ýaşaýyş durmuşlary üçin zerur bolan ähli zadyň öwezini dolmaga kömek edýär. “Howstuffworks.com” saýtynda ýerleşdirilen habara görä, çagalaryň iýmitlenmeginde ähmiýeti uly bolan 10 iýmit:
1. Süýji ýeralmasy: Esasy iýmit çeşmeleriniň biri bolan süýji ýeralmasynyň tagamy juda ajaýyp. Bu sagdyn hem lezzetli gök önüm C, A witaminlerine, kalsiý, kaliý we demire baýdyr. Dünýäniň iň köp ulanylýan iýmitleriniň biri bolan süýji ýeralmasy süýji keselliler üçin hem juda peýdalydyr. Sebäbi ol gandaky süýjiniň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär.
2. Galla önümleri: Çörekde, kakadylan çöreklerde we süleli ertirliklerde orun alýan ähli galla önümleri çagalaryň juda halaýan iýmitidir. Bu azyk önümleri sinke, demire we B witaminine juda baýdyr. Mundan başga hem D witaminidir kalsiý bilen-de baýlaşdyrylandyr. Ýürek keselleriniň öňüni almak üçin çagalaryňyza häzirden tutuşlygyna galla önümlerinden taýýarlanan iýmitleri iýdirip başlaň. 3. Peýnir: Peýnir çagalar üçin aňrybaş iýmitleriň biridir. Sebäbi çagalar peýniri juda halaýar. Kalsiý, protein we B12 witaminine baý bolan peýnir süňküň ösüşinde juda ähmiýetli mineral bolan fosfory hem özünde jemleýär. Mundan başga hem geçirilen barlaglar nahar iýeniňden soňra peýnir iýmegiň dişiň çüýremeginiň öňüni alýandygyny ýüze çykardy. 4. Gatyk: Peýnir ýaly gatygy hem çagalaryňyza uly höwes bilen iýdirip bilersiňiz. Gatyk kalsiý, protein, B witaminini, sink we fosfory öz düzüminde jemleýär. Gatyklaryň ähli görnüşine täze miweleri goşup, has köp iýmit taýýarlap bilersiňiz. Ýagy az bolan gatyga şokolatly çipsileri ýa-da süle garyp çagalaryňyza hödürlemegi ýatdan çykarmaň! Gatygy miwe şerbeti bilen garyp, doňduryjyda doňduryp buzgaýmak taýýarlasaňyz çagalaryňyz hezil edip iýer. 5. Orkinos balygy: Gaplanan orkinos balygy bilen çagalaryňyzyň protein, B witaminlerine we sinke bolan mätäçligini aradan aýryp bilersiňiz. Omega 3 ýag kislotalaryny özünde jemleýän bu balyk beýniniň ösmegine ýardam edýär we ýüregi goraýar. Orkinos balygynyň düzüminde simabyň köpdügi sebäpli ony kän iýmeli dälsiňiz. Çagalaryňyza orkinos balygyny buterbrot ýa-da işdäaçar bilen bilelikde iýdirip bilersiňiz. 6. Ýabany mersin: Ýetginjeklerdir çagalar üçin ýabany mersin bedeni iň iýmitlendiriji azyklaryň biridir. Kaliý, C witamini ýaly ençeme maddalary özünde jemleýän ýabany mersin her bir çaganyň iýmitlenmeginde terligine iýilmesi zerur bolan zatlaryň biridir. Tagamynyň süýjüdigi üçin çagalaryy söýüp iýýän bu miwesini gatyga ýa-da sülä garyp çagalaryňyza iýdirip bilersiňiz. 7. Süýt: Kalsidir fosfor süňküň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan iki mineraldyr. Süýt protein, A witamini we magniý şeýle hem süňkleriňiz üçin peýdaly bolan beýleki minerallary özünde jemleýär. Ýagly süýt 2 ýaşyna çenli bolan çagalar üçin peýdalydyr, emma çaga 2 ýaşanyndan soňra süýtdäki ýagyň derejesini azaltmalydyr. 8. Ýumurtga: Düzüminde protein bardygy üçin aňrybaş iýmitleriň biri bolan ýumurtga juda peýdalydyr. Ýumurtga proteinden başga-da çagalar üçin zerur bolan witaminlerden we minerallardan doludyr. Mundan başga hem A, D, E we B toparyna girýän witaminleri agramly derejede özünde jemleýän ýumurtga beýniniň ýerine ýetirýän işleriniň amala aşyrylmagynda uly rol oýnaýar.9. Sygyr eti: Düzüminde protein, B witaminini, sink hem demir saklaýan sygyr etinde-de ýumurtgadaky ýaly beýniniň ösüşini üpjün edýän maddalar bar. Ýagdyr holesteriniň bardygy üçin ýetginjeklere aşa köp iýmezlik maslahat berilýän sygyr eti kiçi ýaşly çagalaryň beýnidir beden ösüşi üçin has peýdalydyr. Iýmitiň deňagramlylygyny saklamak üçin eti çagalara gök önümler bilen bilelikde iýdirmek has peýdalydyr.
Filed under: Çagalar, Bütin Temalar, Bilim, Saglyk |
[…] Esasy iýmitler çagalar üçin […]