Üzär­lik türk­men halk te­bip­çi­li­gin­de giň­den ula­ny­lyp­dyr

Wild RueÖsüm­li­gi der­man top­ra­gy­myz
Türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän ösüm­lik­le­riň bi­ri­ne üzär­lik di­ýil­ýär. Üzär­lik türk­men halk te­bip­çi­li­gin­de giň­den ula­ny­lyp­dyr. Onuň tüs­se­si­niň mik­rob­la­ry ýok et­mek­de tä­si­ri­ uly.

Ata-ba­ba­la­ry­myz te­bi­ga­ta yn­san sy­na­sy­nyň bir bö­le­gi di­ýip ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar. Te­bi­gat yn­sa­nyň da­şy­nyň ly­ba­sy, do­ny-do­la­gy. Be­ýik Bi­ri­bar te­bi­ga­tyň esa­sy­ny düz­ýän üç za­da: yn­sa­na, haý­wa­na, ösüm­li­ge jan be­rip, onuň da­mar-de­ra­ma­ty­na di­ri­lik su­wu­ny in­de­rip­dir. Şo­nuň üçin şu üç bir­lik ge­ne­ti­ki we bio­lo­gik taý­dan biri-bi­ri­ne ýa­kyn­dyr.

 

Ata-ba­ba­la­ry­myz te­bi­ga­ta yn­san sy­na­sy­nyň bir bö­le­gi di­ýip ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar. Te­bi­gat yn­sa­nyň da­şy­nyň ly­ba­sy, do­ny-do­la­gy. Be­ýik Bi­ri­bar te­bi­ga­tyň esa­sy­ny düz­ýän üç za­da: yn­sa­na, haý­wa­na, ösüm­li­ge jan be­rip, onuň da­mar-de­ra­ma­ty­na di­ri­lik su­wu­ny in­de­rip­dir. Şo­nuň üçin şu üç bir­lik ge­ne­ti­ki we bio­lo­gik taý­dan biri-bi­ri­ne ýa­kyn­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­ri­ni te­bi­ga­tyň esa­sy­ny düz­ýän ösüm­lik dün­ýä­si­niň gi­den gi­ňiş­li­gi eýe­le­ýär. Şol gi­ňiş­lik, esa­san, üç bö­le­ge bö­lün­ýär. Olar Kö­pet­dag-Ho­ra­san (Kö­pet­dag, Uly we Ki­çi Bal­kan­lar), Dag­lyk-Or­ta Azi­ýa (Kö­pet­dag), we Tu­ran (Ga­ra­gum) ýa­ly uly bö­lek­le­re bö­lün­ýär.

Türk­men top­ra­gy be­ýik Al­la­ta­gala­nyň na­zar sa­lan, sa­ha­wat kä­ni­ni eçi­len top­ra­gy. Şol sa­ha­wat kä­ni­niň bir ül­şi ösüm­lik dün­ýä­si­dir. Ge­liň, türk­men top­ra­gyn­da bol­luk bi­len bit­ýän ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri­niň der­man­lyk äh­mi­ýe­ti­ne na­zar sa­la­lyň.

Türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän ösüm­lik­le­riň naý­ba­şy­la­ry­nyň bi­ri­ne üzär­lik di­ýil­ýär. Üzär­li­giň dä­ne­si aş­ga­zan, dem­gys­ma, bo­gun agy­ry, iça­gy­ry, de­ri ke­sel­le­ri, diş düý­bi agy­ry­la­ryna peý­da­ly. Üzär­li­gi suw­da gaý­na­dyp, en­da­my­ňa çal­saň, dü­wür­tik­li ýa­ra­ny aýyr­ýar.

Üzär­lik türk­men halk te­bip­çi­li­gin­de giň­den ula­ny­lyp­dyr. Onuň tüs­se­si­niň mik­rob­la­ry ýok et­mek­de tä­si­ri­niň uly bol­ma­gy­nyň se­bä­bi dü­zü­min­de bel­li bir muk­dar­da gu­ra­dy­jy se­riş­dä­niň bol­ma­gy­dyr. Mu­ny su­but et­mak üçin ýe­ke­je my­sa­la ýüz­len­mek ýe­ter­lik­dir.

Ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­ňy maý­sa­lap ug­ran ýaş üzär­li­giň da­şy­na üzär­li­ge gal­taş­maz de­re­je­de ha­myr aý­lap, mä­käm ýa­pyp go­ýup­dyr­lar. Wagt ge­çip üzär­li­giň ýü­zi sa­ra­lyp, gu­rap ug­ran gör­nü­şin­de açy­lan­da, on­da şol ýa­py­lan ha­my­ryň iç­ki di­war­la­ryn­da ga­ra­lyp ug­ran reňk­pi­sint se­riş­dä­niň ör­tü­len­di­gi gör­nüp­dir. Hut şol se­bäp­den hem üzär­lik ösüm­li­gi­niň reňk­pi­sint se­riş­de­si we onuň ýa­nan kü­li ýa­ra­la­ry düýp­gö­ter gu­rat­mak hem-de ýyl­maý­jy hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir.

Di­ňe bu hem däl, üzär­lik aş­ga­zan we içe­ge ýa­ra­la­ry­nyň, ba­ba­syl, bu­run içi, ten ýa­ra­la­ry­nyň hem emi ha­sap­lan­ýar.

Ýe­ne bir ösüm­li­ge dyk­gat be­re­liň. Ol gyz­gyn Ga­ra­gu­muň jüm­mü­şin­de bit­ýän ço­muç. Çä­ge onuň dü­şe­gi, ol çä­ge­de boý alyp, tyl­la Gü­nüň gyz­gyn nu­ru­ny, gyz­gyn ho­wanyň de­mi­ni iýip-iýip ös­ýär.  Ço­muç iç ke­sel­le­ri­niň kö­pü­si­niň emi.

Ata-ba­ba­la­ry­myz ço­muç­dan to­şap taý­ýar­lap, ony sa­ry­ýag bi­len ga­ryp­dyr­lar. Oňa kö­ne­le­ri­miz “Ala­ça­ly ýag” di­ýip­dir­ler. Onuň sak­la­ny­ly­şy hem örän tä­sin. Ýag­ny, il­ki bi­len er­ke­jiň de­ri­sin­den ýag me­şik taý­ýar­la­ny­lyp­dyr. Oňa sar­yýag gu­ýup, üs­tü­ne ço­mu­jyň to­şa­by­ny gu­ýup­dyr­lar. Soň­ra onuň ag­zy­ny mä­käm bag­lap,  çä­ge­söw­räk ýer­de bil bo­ýy çu­kur ga­zyp, gö­müp go­ýup­dyr­lar. Bar­jam­ly adam­lar ara­dan bäş-al­ty aý wagt ge­çi­rip, onuň üs­tü­ni açyp­dyr­lar. Şon­da ýe­riň de­mi­ni iýip, en­çe aý ýa­tan ala­ça­ly ýa­gyň ta­ga­my­na hiç bir nyg­mat deň­le­şip bil­män­dir.

Umu­man aý­da­ny­myz­da, türk­men te­bi­ga­ty­nyň ösüm­lik­le­ri, ot-çöp­le­ri der­de der­man, ja­na şy­pa. Ine, biz mu­ňa bir-iki my­sa­lyň çä­gin­de hem göz ýe­tir­dik.

Ha­wa, bi­ziň gö­zel ýur­du­myz­da köp­dür­li baý­lyk­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak ba­bat­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Dün­ýä de­re­je­sin­de uly meş­hur­lyk ga­za­nan Mil­li ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si ins­ti­tu­ty, go­rag­ha­na­lar, ek­di­ha­na­lar ägirt uly iş­le­ri bi­tir­ýär. Ge­le­jek­de-de bu aja­ýyp iş­le­riň Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ber­ka­rar eden Tä­ze Gal­ky­nyş za­ma­na­syn­da has-da ro­waç al­jak­dy­gy­na şek-şüb­he ýok. Çün­ki te­bi­gat bi­ziň sy­na­my­zyň bir bö­le­gi, da­şy­my­zyň do­la­gy.

 Zaman

One Response

  1. […] Üzär­lik türk­men halk te­bip­çi­li­gin­de giň­den… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: