Türkmenistanyň paýtagtynda medisina boýunça halkara maslahat öz işini tamamlady

ashgabat_turkmenistan_Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy bilen bilelikde guran uly forumyna dünýäniň 30 ýurdunyň kardiologiýa we iç keseller, umumy hirurgiýa we onkologiýa, oftalmologiýa, stomatologiýa, enelik we çagalyk boýunça esasy lukmanlary—hünärmenleri, şeýle hem dermanlary we medisina enjamlaryny öndürmek boýunça ýöriteleşdirilen belli kompaniýalaryň 140-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

Oňa gatnaşyjylar lukmançylyk boýunça forumyň ýokary derejede guralandygyny we olara gatnaşan wekilleriň köp bolandygyny belläp, guramaçylara we ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine, ýurtda medisina boýunça has kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar. «Saglyk» maksatnamasynyň 14 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda ýakynda esaslandyrylyp, ilkinji gezek bellenilýän milli baýramçylyga—Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen dabaralar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze binalaryň ulanmaga berilmeginiň — Aşgabatda täze lukmançylyk merkezleriniň açylmagynyň, şeýle hem Ahal welaýatynda geçirilen baýramçylyk çäreleriniň has dabaraly bolandygy bellenildi. Hökümetiň ýakynda geçirilen mejlisi hem halkara lukmançylyk forumy oňa gatnaşyjylarda gürrüňsiz çuňňur täsir galdyrdy. Şonda türkmen Lideri maksatnamalaýyn söz bilen çykyş etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýşy döwlet derejesinde ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, giň halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Sergi hem saglygy goraýşyň üstünlikli ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Oňa gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň saglygy goraýşynda gazanylanlar bilen içgin tanyşdylar, şol üstünlikler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň saglygy we abadançylygy barada ýadawsyz alada etmeginiň netijesidir. Şeýle hem sergide lukmançylyk boýunça esasy önüm öndürijileriň önümleri bilen tanşyldy. Olaryň Aşgabatdaky wekilçilikli gözden geçiriilişe gatnaşmagynyň özi dünýäniň işewür toparlarynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ygtybarly we işjeň hyzmatdaş hökmünde uly at-abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edilmegine bildirýän gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramagyň ýagdaýy we saglygy goraýyş boýunça esasy ugurlary ösdürmegiň perspektiwalary barada jikme-jik maglumat aldylar, şeýle hem bilelikde özara peýdaly täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna badalga bermek üçin duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Hususan-da, türkmen alym lukmanlarynyň geçirýän ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary olaryň daşary ýurtly kärdeşlerinde uly gyzyklanma döretdi, olaryň köpüsi eýýäm işde öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen baglylykda çäkli—ýörite maslahatlary geçirmegiň we tejribe alyşmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada köp sanly teklipler orta atyldy, munuň üçin aragatnaşygyň we telekommunikasiýalaryň döwrebap serişdeleriniň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak bolar.

Ýygnananlar häzirki wagtda türkmen topragynda bolup geçýän uly özgertmelere tüýs ýürekden haýran galýandyklaryny aýdyp, Türkmenistana uly geljegiň garaşýandygyna ynam bildirdiler, çünki «Döwlet adam üçindir!» diýen esasy ýörelgäni iş ýüzünde durmuşa geçirýän döwlet rowaçlyk gazanyp biler.

Halkara gözden geçirilişini jemläp, ony guraýjylar sergä gatnaşyjylaryň ählisine ýörite diplomlary gowşurdylar hem-de üç nominasiýa boýunça—serginiň iň oňat stendi, önümiň bäsdeşlige ukyplylygy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda geçirilen bäsleşigiň netijelerini yglan etdiler.

«Beýik Galkynyşlar zamanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler» atly halkara sergisine we ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme iberdiler.

Lukmançylyk boýunça forumyň işi tamamlanandan soňra, türkmen topragynda bolup geçýän ähli özgertmeleri öňe sürýän we bularyň amala aşyrylmagyna ruhlandyrýan Türkmenistanyň Prezidentiniň baş saglygyna sadaka berildi.

Altyn Asyr

One Response

  1. […] Türkmenistanyň paýtagtynda medisina boýunça halkara… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: