D witamini beýnini güýçlendirýär

foodBalykdaky D witamini beýnini güýçlendirýär
Ylymdaky barlaglara ser salsak, “beýniniň iýmit önümi” diýip kesgitlenen balygyň, hakykatdan-da, gartaşan adamlaryň beýnisi üçin peýdalydygyny görmek mümkin. Mançester uniwersitetiniň alymlary Ýewropanyň käbir ylmy merkezlerindäki kärdeşleri bilen bilelikde orta we gartaşan ýaşdaky erkek adamlarda D witamininiň derejesiniň bilim taýdan iş ukybynyň artmagy bilen baglanyşyklydygyny subut etdiler.

Netijeleri “Journal of Neurology, Neurosurgery and Psychiatry” žurnalynda çap edilen maglumatlara görä, işiň gidişinde 40-79 ýaşlar aralygyndaky 3000-den gowrak erkek adamyň bilim taýdan iş ukyby deňeşdirildi. Barlag geçirijiler ünsi we işleýiş tizligini ölçemek üçin geçiren ýönekeý we anyk newropsihologiki testinde D witamininiň derejesi ýokary bolan erkek adamlaryň has gowy netijelere barandygyna göz ýetirdiler.Mançester uniwersitetiniň alymy Dr. Dawid Li uly adamlarda D witamini bilen bilim taýdan ukybyň arasyndaky arabaglanyşygy öwrenmek üçin edilen işleriň ýeterlik derejede netije görkezmändigini, diňe işiň gidişindäki tizlik bilen derejesi pes bolan D witamininiň arasyndaky wajyp bolan aýratyn arabaglanşygy görendigini belläp geçdi. Dr. Li: “Biologik sebäpleri aýdyň bolmasa-da, artdyrylan D witamini bilen işleýiş tizliginiň arasyndaky arabaglanyşyk ýaşy 60-dan ýokary bolan erkek adamlarda has-da mese-mälimdir” diýip nygtaýar.

 Zaman

One Response

  1. […] D witamini beýnini güýçlendirýär […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: