Awstraliýada uzyn boýlular köp gazanýar

tall manIşdeş ýoldaşlaryndan boýy bary-ýogy 5 santimetr uzyn bolan adamyň her ýylda 712 dollar köp gazanýandygy öňe sürülýär. Awstraliýada boý bilen gazanjyň arasyndaky baglanyşygy barlagdan geçiren derňewe görä, boýy ortaça 1,77 metr bolan erkekler boýunyň uzynlygy 1,72 metr bolan beýleki erkeklerden 712 dollar köp gazanç edýär. Emma barlagda boýunyň uzynlygy 1,77 metr bolan erkekleriň 1,83 metr boýy bolan erkeklerden 1,5 göterim az gazanýandyklary ýüze çykdy. Gazanylan artykmaç mukdaryň bir ýyllyk iş tejribesi bolan adamyň alýan aýlygyna deňdigi mälim edildi.

 

Geçirilen barlaga görä, 10 santimetrlik uzyn boý erkekler üçin 3, zenanlar üçin 2 göterim aýlygyň artmagyna gabat gelýär. Awstraliýanyň Milli uniwersitetinde alymlar tarapyndan geçirilen barlagyň Awstraliýada beden ölçegleridir aýlygyň arasyndaky baglanyşygy ölçän ilkinji işdigi nygtalýar.

2001-nji ýyldan bäri geçirilen barlagda öň öýüň agzalary, girdeji we iş dinamikasy ýaly meseleleriň üstünde işlenýärdi.Ilkinji sapar 2006-2007-nji ýyllarda barlaga gatnaşanlardan boýy hem agramy babatdaky maglumatlar talap edildi.

Meselem fabrikde işleýän işçiniň boýy uzyn bolanlygynda ýokarda ýerleşýän tekjä el ýetirmek üçin has amatly ýagdaýa eýe bolup biljekdigi bilen birlikde, nysakçylykdyr ýeňil atletikada bolşy ýaly uzyn boý eýesine has uly mümkinçilik berip bilýär. Hünärmenler ýene bir sebäbiň bolsa bölünişik boljakdygyny öňe sürdi we: „Psihologiýada mälim bolşy ýaly adamlar uzyn boýly ynsanlaryň has güýçli we baýdygyna ynanmaga meýilli bolýar“ diýdi.

Zaman

One Response

  1. […] Awstraliýada uzyn boýlular köp gazanýar […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: