100-110 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawrlar

DinozorlarDinozawrlaryň täze üç görnüşi
Awstraliýaly paleontologlar hek eýýamyny öwrenen wagtlary 100-110 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň täze üç görnüşini tapandyklaryny habar berdiler. Alymlaryň “Public Library of Science” žurnalynda habar bermegine görä, bu dinozawrlar häzirki Awstraliýanyň çäklerinde mesgen tutupdyrlar.

Şol dinozawrlaryň içinde “Australovenator wintonensis” adyny alan wagşy hem ýyrtyjy görnüşiniň boýy iki metre golaý bolupdyr. Paleontologlaryň aýtmagyna görä, tapylan dinozawryň ystyhany Awstraliýadaky wagşy hažžyklaryň galyndylarynyň içinde iň abadydyr. Dinozawryň beýleki görnüşleri “Witonotitan wattsi” we “Diamantinasaurus” bolsa, dinozawrlaryň ot iýýän görnüşine  degişlidir. Alymlar wagşy “Australovenator wintonensis”-iň we ägirt uly “Diamantinasaurus”-yň ystyhanlarynyň bir ýerden tapylandygy sebäpli biri-birine hüjüm edeninden soň ikisiniň hem ölendigini çaklaýarlar. Awstraliýaly paleontologlaryň bu açyşy 1981-nji ýyldan şu güne çenli açyşlaryň ilkinjisidir. Şol ýyl dinozawrlaryň ot iýýän görnüşine girýän “Muttaburrasaurus” tapylypdy.

Zaman

One Response

  1. […] 100-110 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawrlar […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: