Aşgabatda halkara lukmançylyk forumy işe başlady

medical conferencePaýtagtymyzyň Sergi köşgünde «Beýik Galkynyşlar zamanasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler» atly halkara sergi we ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Forumy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurady. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada farmasewtika önümlerini we lukmançylyk enjamlaryny öndüriji kompaniýalaryň 139-synyň wekilleri geldiler. Foruma lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky öňdebaryjy hünärmenler, Ýewropadan, Aziýadan, Afrikadan we Amerikadan 30-dan gowrak ýurtdan hünärmenler gatnaşdylar.

 

«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 14 ýyllygyna we şu gün ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän halkara forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary gatnaşdylar. Foruma gatnaşýanlaryň arasynda lukmançylyk we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hem bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow forumy guraýjylara we oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutany özüniň Gutlagynda: «Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýokdur. Ata-babalarymyz «Baýlygyň sakasy — saglyk», «Jan saglygy — tapylgysyz baýlyk» diýip ýöne ýere aýtmandyr. Hut şonuň üçin ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyna hemmetaraplaýyn hemaýat etmek biziň öňümizde duran möhüm wezipedir» diýip belleýär. Häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, farmasewtika kärhanalarynyň, sport toplumlarynyň gurulmagy we öň bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem şypahana-kurort infrastrukturasynyň ösdürilmegi, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalaryň ilkinji nobatdakysynyň açylmagy ýurtda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň miwesidir. Munuň özi täze Galkynyş eýýamynyň Türkmenistan we onuň halky üçin hoşniýetliligiň, abadançylygyň we progresiň zamanasy bolýandygyna şaýatlyk edýär diýip, milletiň Lideri belledi.

Halkara sergisiniň ekspozisiýasynda lukmançylyk ulgamy üçin önümleriň uly toplumynyň görkezilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen gatnaşyk etmäge barha ösýän gyzyklanmalarynyň ýene bir subutnamasydyr. Bu ýerde görkezilýän anyklaýyş we bejeriş enjamlaryny diňe bir görmek bilen çäklenmän, eýsem, ol dürli gurallary, dermanlyk serişdeleriň giň assortimentini «synag» etmek hem bolýar. Bu ýerde geljegi uly bolan türkmen bazaryna girmäge meýil bildirýän täze kompaniýalaryň ekspozisiýalary we stendleri aýratyn gyzyklanma döredýär. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň özleriniň iň ýokary hilli önümlerini görkezýändigini aýratyn bellemelidir. Kompaniýalaryň atlary we harytlaryň markalary, halkara sertifikatlar muňa şaýatlyk edýär. Aşgabat sergisiniň ýene-de bir aýratyn tarapy, bu ýerde birnäçe kompaniýalaryň birinji ýolbaşçylary, şeýle hem dünýäniň halkara konsultantlary, öňdebaryjy lukmançylyk ylmy we okuw merkezleriniň alymlary we hünärmenleri çykyş edýärler. Hut şunuň özi hem serginiň ýokary wekilçilik derejesinden habar berýär.

Öz gezeginde Türkmenistanyň saglygy goraýşyna wekilçilik edýän bölümleri hem daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Birnäçe stendler ýurdumyzyň iri lukmançylyk edaralarynyň işi barada gürrüň berýär. Bu ýerde ýurdumyzyň alym-lukmanlarynyň ylmy işläp taýýarlamalaryna, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy esasynda geçiren barlaglaryna aýratyn üns berilýär. Mundan hem başga sergi bu ýere gelenleri saglygy goraýyş ulgamyndaky öň hereket edýän we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli welaýatlaryň ilatynyň sosial-durmuş şertlerini özgertmek boýunça iri möçberli döwlet taslamalarynyň we Milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlarda ýakyn döwürde guruljak desgalar bilen tanyşdyrýar.

Sergide ýurduň şypahana-kurort binýadyny ösdürmegiň geljegi baş tema bolup durýar. Bu babatda Hazaryň kenarynda dünýä derejeli deňiz şypahanasyny — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek işleri nusga hökmünde alnyp barylýar. Daşary ýurtly myhmanlaryň bellemegine görä, munuň özi dünýä arenasynda ynamdar we abraýly hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistan bilen özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge höwes döredýär.

Lukmançylyk tehnikasyndaky we farmasewtikadaky innowasion işläp taýýarlamalar, şeýle hem dürli keselleri bejermegiň öňdebaryjy usullary «Beýik Galkynyşlar zamanasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň temalaryny kesgitledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ulgamydyr we ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde durýar. Bu ulgamyň ösdürilmegine köp millionlyk maýa goýumlary gönükdirilýär, hünärli kadrlary taýýarlamaga aýratyn üns berilýär, halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär, lukmançylyk ulgamyna öňdebaryjy dünýä tejribeleri we innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baha bermegine görä, ýurduň lukmançylyk edaralary ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýär. Milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde, hususan-da, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda gazanylan üstünlikler, keselleriň ýaýramagynyň derejesiniň has pese düşýändigini, ilatyň ekologiýa taýdan arassa, ýerli çig mallaryň esasynda ýurtda taýýarlanylan ýokary hilli derman önümleri bilen üpjün edilýändigini, ýokary tehnologiýaly hassahanalaryň gurulýandygyny, şeýle hem ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilýändigini alamatlandyrýar.

Plenar mejlisde çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar forumyň guramaçylygynyň we onuň gün tertibine girizilen meseleleriniň ýokary derejesini aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, milli saglygy goraýyşda täze eýýam — öňdebaryjy tehnologiýalaryň, şol sanda telemedisinanyň we öňde goýlan wezipeleri çözmäge prinsipial taýdan täze çemeleşmeleriň eýýamy başlandy. Bu ýerde halkara hyzmatdaşlygyna, hususan-da, özara bähbitli tejribeler alyşmaga mümkinçilik döredýän ylmy forumlaryň geçirilmegine aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen özara gatnaşyklary şeýle hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy bilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 14 ýyllyk baýramyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa býurosynyň direktorynyň orunbasary Nata Menabde öz çykyşynda bu temanyň üstünde aýratyn durup geçdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, ol indi Türkmenistanda birinji gezek däl, şonuň üçin hem saglygy goraýyşda bolşy ýaly ýurduň durmuşynyň ähli ulgamlarynda bolup geçýän özgertmeleri synlamaga we gazanylan ösüşlere baha bermäge mümkinçiligi bar.

Mýunheniň Uniwersitet klinikasynyň endokrinologiýa bölüminiň müdiri professor Klaus Parhofer hyzmatdaşlyk temasyny dowam etdi. Meşhur nemes lukmany, Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň hormatly professory öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle hem özüniň türkmen kärdeşlerine häzirki döwürde öz ösüşinde täze itergä eýe bolan lukmançylyk ylmyndaky we tejribesindäki köpýyllyk hyzmatdaşlyga ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň döwletara derejesindäki ýaly halkara guramalaryň çäklerinde, öňi bilen UNISEF ulgamynda enäniň we çaganyň saglygyny goramak hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar diýip, Gazagystanyň Iýmit akademiýasynyň prezidenti T.Şarmanow belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen özara gatnaşygyň netijeliligi we Merkezi Aziýa sebiti möçberinde ähmiýeti barada aýdylanda bolsa, türkmen hyzmatdaşlarynyň tejribesi örän gymmatly bolup durýar diýip, myhman nygtady.

Maslahatyň plenar mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Ahal welaýatyna tarap ugradylar we ol ýerde iki sany täze lukmançylyk desgalarynyň — «Ene mähri» merkeziniň we Köpugurly hassahananyň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar.

Ertir, «Beýik Galkynyşlar zamanasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler» atly halkara sergisi we ylmy-amaly maslahat öz işini dowam eder.

Altyn Asyr

One Response

  1. […] Aşgabatda halkara lukmançylyk forumy işe başlady […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: