Milletiň saglygy

childrenDüýn( 21.07.2009 ) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Derman ösümlikleri institutynda geçirlen ylmy-amaly maslahat “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlaryna, maksatlaryna hem wezipelerine bagyşlandy. Foruma ýurdumyzyň ylmynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

 

Çykyşlarda aýratyn bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenilip düzülen we durmuşa geçirilen “Saglyk” maksatnamasy arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýşy hil taýdan ýokary dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze derejä çykdy. Bu üstünlikler durmuşa geçirilen özgertmeleriň gös-göni netijesidir, olar beýik Galkynyş eýýamynda özüniň täze mazmunyna eýe boldy. Kabul edilen gününe 14 ýyl dolýan “Saglyk” maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ilaty ýokary hilli we netijeli derman serişdeleri, şol sanda ýerli tebigy çig mallaryň binýadynda öndürilýän dermanlar bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Öňden işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemek we täze farmasewtika kärhanalaryny döretmek hem şol maksatlara gönükdirilendir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Derman ösümlikleri instituty barada aýdylanda bolsa, onuň işgärleri ýurdumyzyň tebigy derman serişdelerini öwrenmek we rejeli peýdalanmak, derman serişdelerini döretmek we peýdalanmak boýunça ylmy-tehnologik çözgütleri işläp düzmek, olary farmasewtika önümçiligine we saglygy goraýşa ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi özleriniň esasy wezipesi hasap edýärler.

Mundan başga-da, “Buýan” agrosenagat toplumynyň, “Saglyk” kärhanasynyň alymlary we hünärmenleri hem ýurdumyzyň derman senagaty pudagynyň hajatlary üçin ýaramly dermanlyk ösümlikleri we mineral serişdeleri öwrenmek boýunça işleri alyp barýarlar. Toplumlaýyn ylmy-barlaglar milli derman senagaty üçin täze derman görnüşlerini döretmäge mümkinçilik berdi, şolaryň arasynda buýan köküniň gury ekstrakty, buýanyň kapsulasy, alteý şiresi, zweroboýyň, ýagny sary gülli dermanlyk ösümliginiň we ýapon soforasynyň binýadynda döredilen nastoýkalar bar. Mineral gelip çykyşly täzelikleriň arasynda agyryly ýere sepilýän ýodobenti görkezmek bolar, ol Oglanly ýatagynyň bentonitini gaýtadan işlemek ýoly bilen alyndy. Türkmenistanyň klinikaçylary tarapyndan şol derman serişdeleriniň peýdalydygy barada çykarylan netije bu serişdeleri sagaldyş üçin hem, keselleriň öňüni almak üçin hem giňden peýdalanmagy maslahat bermäge mümkinçilik döredýär.

Lukmançylygyň bu derwaýys pudagynyň geçirilýän ylmy-barlaglara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny nygtamak bilen maslahata gatnaşyjylar milletiň Lideriniň adyna onuň täze ylmy işiniň-“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdiler. Munuň özi hemmeleriň agzybirlik bilen gelen pikirlerine görä ýurdumyzyň lukmançylygy, hususan-da, farmasewtika ylmy üçin möhüm waka boldy. Ýygnananlaryň belläp geçişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu düýpli ylmy işi fitoterapiýa babatda köpýyllyk ylmy-barlaglaryň netijesi bolmak bilen, diňe hünärmenleriň däl, eýsem okyjylaryň giň köpçüliginiň hem ünsüni özüne çeker.

Altyn Asyr

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: