Dońuz dümewi Angliýa, Müsür, Peru we İtaliýada

flu.21.07.2009
Dońuz dümewi Angliýany täsiri astyna aldy.

Wirusyń 10 güniń içinde ýene-de 100 müń adama ýolugyp biljekdigi baradaky habarlar ýurtda howsala emele getirdi.
Angliýada ýolbaşçylar, H1N1 wirusynyń ýurtda çalt depginde ýaýbańlaşmagy we 75 müń adamyń dońuz dümewi sebäpli aradan çykyp biljekdigi hakyndaky garaýyşlardan soń herekete geçdi.

Ýolbaşçylar halka başga şäherlere gitmezlikleri we köp adamly ýerlerden gaça durmaklary üçin duýduryş berýär.
Angliýada şa maşgalasyna degişli balet toparynyń 5 agzasynyń dońuz dümewine ýolugandygy beýan edildi.

20.07.2009

Müsürde ilkinji gezek bir adamyń dońuz dümewi sebäpli aradan çykandygy beýan edildi.
Müsüriń Saglygy goraýyş ministrligi, 28 ýaşyndaky zenanyń Mekgeden gaýdyp gelenden 3 gün soń ölendigini bildirdi.
Arap ýurtlarynda dońuz dümewine sezewar bolanlaryń sany barha ýokarlaýar.

18.07.2009

Dońuz dümewi howpy dowam edýär.
Peruda dońuz dümewi sebäpli 8 adamyń aradan çykmagy we wirusyń ýaýbańlaşmaga dowam edýändigi sebäpli garaşsyzlyk baýramy üçin guraljak çäreleriń ýatyrlandygy beýan edildi.
Argentinada bolsa dońuzlarda H1N1 wirusyna gabat gelinmegi howsala sebäp boldy.
Argentinanyń Saglygy Goraýyş ministrligi, ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Angliýada wirusyń geçen hepde 55 müń adama ýolugandygy beýan edildi.

15.07.2009
Dońuz dümewi howpy dowam edýär.
İtaliýada mart aýyna çenli 3-4 million adamyń dońuz dümewine sezewar bolup biljekdigi beýan edildi.
İtaliýanyń Saglygy Goraýyş ministrligi, ýylyń ahyryna çenli 8 million 600 müń adama sanjym edilmeginiń meýilleşdirilýändigini bildirdi.
ABŞ sanjym üçin ýene-de 1 milliard dollar goýberiljekdigini beýan etdi.
Beýleki tarapdan Haitide, BMG-nyń parahatçylyk güýjüniń hatarynda iş alyp barýan 1 esgerde dońuz dümewiniń bardygynyń anyklanandygy nygtaldy.

TRT-World Türkmençe

One Response

  1. […] Dońuz dümewi Angliýa, Müsür, Peru we İtaliýada […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: