Türkmenistanyň narkolog lukmanlary neşe serişdelerine garaşly hassalary alyp barmaklygyň häzirki zaman usullaryny öwrenýärler

turkmenÝUSAID  narkolog lukmanlar üçin okuw sapaklary goldaýar
Aşgabat, 2009-njy ýylyň 16-njy iýuly – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän POTENSIAL taslamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde neşe serişdelerini ulanýanlaryň arasynda psihoterapewtiki düzetmeklik we gaýtalanmaklyga garşy işlerini geçirmeklik boýunça okuw sapaklaryna başlady.

Alty günlük okuw sapaklarynyň gatnaşyjylary Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň narkologiýa kafedrasynyň, Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň narkologiýa hassahanalarynyň hünärmenleridir.  Okuw sapaklarynyň maksady neşe serişdelerini ulanýanlaryň arasynda psihoterapewtiki düzetmeklik we gaýtalanmaklyga garşy işlerini geçirmekde narkolog lukmanlaryň bilimlerini we endiklerini gowulandyrmakdyr.  Okuw sapaklary tamamlanandan soň, hünärmenler neşe serişdelerini ulanýanlary bejermeklige we dikeltmeklige gönükdirilen has netijeli işleri geçirip bilerler.

Okuw sapaklaryny Gazagystan Respublikasynyň Kostanaý şäheriniň “Umyt” Maslahat beriş-anyklaýyş merkeziniň iki sany halkara derejeli maslahatçylary geçirýär.  Okuw sapaklarynyň dowamynda gatnaşyjylar addiktiw şahsyýetiň emele gelşi, emele gelmek prosesine nähili faktorlar täsir edýändigi, garaşlylyk nädip emele gelýändigi we garaşly adamlar bilen işi nädip meýilleşdirmelidigi barada öwrenerler.  Prezentasiýalar we ara alyp maslahatlaşmalar psihoterapiýanyň dürli görnüşlerini, garaşlylar bilen bagly adamlar bilen iş geçirmekligi we ähmiýetli gurşawa baha bermekligi öz içine alarlar.
 
Bu okuw sapaklary amerikan halkynyň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (ÝUSAID) üsti bilen yurtda amala aşyran köp sanly taslamalarynyň biridir.  1993-nji ýyldan başlap, amerikan halky ỲUSAID-iň üsti bilen Türkmenistanda ykdysady ösüşi, sosial sektory hem-de jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak üçin 80 million amerikan dollaryndan gowrak serişde berdi.

US Embassy in Turkmenistan

One Response

  1. […] Türkmenistanyň narkolog lukmanlary neşe serişdelerine… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: