Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda, Döwlet maksatnamasynyň ylmy-amaly maslahat boldy

turkmen.Saglygy goraýyş ylmy forumyň üns merkezinde
Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň mejlisler zalynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 14 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat boldy. Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi gurady. Dabaraly foruma ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ylmy-kliniki merkezleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda haçan-da ýurdumyzda iň täze enjamlar, tehnika we abzallar bilen üpjün edilen häzirkizaman lukmançylyk hassahanalarynyň sany artýan, şeýle hem abraýly halkara merkezlerinde taýýarlygy we okuwy geçen ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak kämilleşdirilýän mahaly seýrek duş gelýän hem-de agyr keselleri anyklamak we bejermek mümkin boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alada etmegi we uly üns bermegi, döwlet Baştutany tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýşyny kämilleşdirmäge halkara standartlaryna hem-de edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hiline bildirilýän üýtgewsiz talaplar netijesinde şol hyzmatlar sosial, maddy ýagdaýyna we ýaşaýan ýerine garamazdan, Türkmenistanyň her bir raýaty üçin elýeterlidir. Sebäbi iň häzirkizaman lukmançylyk merkezleri diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem welaýatlarda hem döredilýär. Şolarda lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen keselleri anyklaýyş merkezleri işleýär, «Ene mähri» merkezleri tapgyrma-tapgyr işe girizilýär, welaýat we etrap lukmançylyk edaralary dolulygyna döwrebaplaşdyrylýar we enjamlaşdyrylýar, sanatoriýa-şypahana binýady ösdürilýär.

Beýik «Galkynyş» eýýamynda saglygy goraýyş ylmy hem işjeň ösdürildi, kliniki ordinatura we aspirantura açyldy. Ylmy-barlaglaryň ugurlary giňeldi, geljekki lukmanlary ýokary okuw mekdebinde taýýarlamak hem kämilleşdirilýär diýip, maslahata gatnaşyjylar nygtadylar. Mysal üçin, lukmançylyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup interaktiw multimediýa enjamyny ornaşdyrdy, ol leksiýalar okalanda we amaly okuwlar geçirilende ulanylýar.

Forum baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.

Altyn Asyr

2 Responses

  1. سلام دکترجان! …ه
    بیر ایل گرگه گیریپ گورینگ ! ….ه
    http://ilgerek.blogspot.com/2009/07/turkmen-dowlet-lukmancylyk-institutynda.html

  2. […] Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda, Döwlet maksatnamasynyň… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: