ÝUSAID inçekesel boýunça maglumat beriji materiallaryny tutuş Türkmenistan boýunça ýaýratmak üçin çapdan çykardy

MycobacteriumAşgabat, 2009-njy ýylyň 13-nji iýuly – ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) we hyzmatdaşy HOUP taslamasy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň (TSG we DSM) habarlar merkezine Türkmenistan boýunça yaýratmak üçin maglumat beriji materiallaryny hödürledi.  ÝUSAID/ HOUP taslamasynyň bu goşandy 13,123 amerikan dollaryna barabar boldy.

Bu materiallar ilat arasynda inçekesel baradaky bilimleri artdyryp inçekesele garşy milli göreş maksatnamasyny goldamak üçin niýetlenendir.  Ministrligiň habarlar merkeziniň işgärleri materiallary almazyndan ozal, şol materiallary yaýratmak we ullanmak barada ÝUSAID we HOUP taslamasy tarapyndan geçirilen okuwa gatnaşdylar.  Materiallaryň içine şular girýär: ilatyň arasynda inçekeseliň alamatlary hem-de onuň yokuş yollary hakynda bukletler – 40 000 sany, näsaglar üçin inçekeseliň alamatlary we bejerilşi hakynda broşýuralar – 4000 sany, lukmanlar üçin inçekeseliň anyklaýşyň döwurleri diyen ýatlama plakatlar – 2000 sany, we lukmançylyk işgärleri üçin sahypalara bölünen görkezme plakatlary -1000 sany.

Inçekesel diňe bir Merkezi Aziýada bolman, eysem bütin dünýäde giňden ýaýran yokanç kesel bolup, her ýyl müňlerçe adamlary heläkçilige eltyär.  ÝUSAID we HOUP taslamasy bu howply, emma bejerilýän kesel barada habarlylygy giňeltmek üçin we onuň diagnostiki başarnyklaryny we bejergisini gowulandyrmak üçin Türkmenistanyň hökümeti bilen işleşýär.

Bu maglumat beriji materiallaryň döredilmegi amerikan halkynyň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (ÝUSAID) üsti bilen amala aşyrylýan köp sanly kömeginiň biridir.  1993-nji ýyldan başlap, amerikan halky ỲUSAID-iň üsti bilen Türkmenistanda ykdysady ösüşi, jemgyýetçilik başlangyçlaryny, we maglumata bolan giň elýeterliligi, saglygy goraýyşy hem-de bilim sistemalaryny goldamak üçin 80 million amerikan dollaryndan gowrak serişde berdi.

US Embassy in Turkmenistan

2 Responses

  1. hany lukmançylyk okayan türkmen talyplar donuz gribine bir dermanam tapalynda

  2. […] ÝUSAID inçekesel boýunça maglumat beriji materiallaryny… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: