Gym­mat haý­wan­lar

221.    Ak ýolbarsyň ça­ga­sy
Ba­ha­sy: 138 000 dol­lar
Gör­nü­şi­ne ju­da az ga­bat ge­lin­ýän­di­gi­niň esa­sy se­bä­bi gen­le­rin­dä­ki aý­ra­tyn­lyk­dyr. Reň­ki ak­dyr, em­ma al­bi­nos­lar syn­py­na gir­me­ýär. Gö­zü­niň reň­ki ada­ty ýolbarsyň gö­zü­niň reň­ki­ne ju­da ýa­kyn­dyr. Ýö­ne tüý­le­ri­dir de­ri­le­ri ta­pa­wut­ly­dyr.

2.    Şim­pan­ze

Ba­ha­sy: 60-65 000 dol­lar.

Pri­mat­la­ryň ara­syn­da yn­san­dan soň­ra ewol­ýu­si­ýa­nyň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çy­kan gör­nüş­dir. Şim­pan­ze­ler en­jam ulan­ma­gy ba­şar­ýan seý­rek ga­bat gel­ýän gör­nüş­le­riň bi­ri­dir. Nes­li­niň gel­jek 50 ýy­lyň do­wa­myn­da ýok bol­mak how­py bi­len ýüz­be-ýüz du­ran­dy­gy öňe sü­rül­ýän bu haý­wa­nyň as­lyn­da te­bi­gy ýa­şa­ýan ýer­le­ri Or­ta­dyr Gün­ba­tar Af­ri­ka­nyň to­kaý­la­ry­dyr. ABŞ-nyň we dün­ýä­niň kä­bir se­bit­le­rin­de şim­pan­ze­le­ri idet­mä­ge ka­nun ta­ra­pyn­dan rug­sat be­ril­ýär. 

3.    Ur­ka­çy sa­rym­tyl al­bi­nos pi­to­ny

Ba­ha­sy: 20 000 dol­lar.

Gy­zy­lym­tyl göz­li bu pi­ton goň­rum­tyl sa­ry reňk­de bo­lan­dy­gy üçin  bu ada eýe bo­lup­dyr. Gör­nü­şi­ne ju­da az ga­bat ge­lin­ýän bu ýy­la­ny esa­sa­nam meş­hur pi­ton ide­di­ji Bob Klark sat­ýar. Di­ňe ba­ha­sy­nyň özi şeý­le ho­puk­dy­ry­jy bu haý­wan do­dak uçuk­lat­jak jyns­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.

4.    Al­bi­nos gap­laň pi­to­ny

Ba­ha­sy: 15 000 dol­lar.

Azi­ýa­da we Af­ri­ka­da ýa­şa­ýar. Ol zä­her­siz ýy­lan­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär. Ada­myň şeý­le hem ke­ýik, ýa­ba­ny do­ňuz, je­ren we an­ti­lo­pa ýa­ly haý­wan­la­ryň eti bi­len iý­mit­len­ýär. Uzyn­ly­gy iki met­re çen­li ki­çe­lip bil­ýär. Ame­ri­ka­da te­bi­gy ýag­daý­da ýa­şa­ma­ýar, ýö­ne adam­la­ryň pi­ton idet­mä­ge bo­lan  is­leg­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de bu  yklym­da-da duş gel­ýär. Pi­ton idet­mek me­se­le­sin­de hü­när­me­ne öw­rü­len Bob Klark bu ýy­la­ny 15 müň dol­lar­dan sat­ýar. Gap­la­ňa meň­ze­ýän gör­nü­şi we  goň­rum­tyl sa­ry reň­ki bu ýy­la­ny beý­le­ki ýy­lan­lar­dan has özü­ne­çe­ki­ji gör­kez­ýär.

5. Ame­ri­kan to­tu­gu­şy (Hyacinth Macaw)

Ba­ha­sy: 6 500-12 000 dol­lar ara­ly­gyn­da.

To­tu­guş­la­ryň bel­ki-de iň gym­mat jyn­sy ame­ri­kan to­tu­gu­şy­dyr. Jan­ly ma­wy tüý­le­ri bu guş­la­ryň ba­ha­la­ry­nyň ga­la bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Ga­nat­la­ry ýa­ýy­lan wag­tyn­da ep-esli ula­lýar.

6.    Ala­be­der pi­ton ýy­la­ny

Ba­ha­sy: 10 000 dol­lar.

Ýy­la­nyň be­de­nin­dä­ki zo­lak­ly çy­zyk­lar bu haý­wa­ny gör­nü­şi­niň iň ta­pa­wut­ly we adat­dan da­şa­ry nus­ga­sy ha­sap edil­me­gi­ne esas ber­ýär. Ga­ra ýa­kyn çar­çu­wa­ly açyk sa­ry bu zo­lak bel­ki-de bu haý­wa­nyň şeý­le gym­mat bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.

7.    Deb­raz­zas maý­my­ny

Ba­ha­sy: 10 000 dol­lar.

Bu maý­my­ny ak tüý­li sa­kal­la­ry ar­ka­ly has aň­sat ta­nap bi­ler­si­ňiz. Ýü­ňi hem çal reňk­de­dir. Öm­rü­niň or­ta­ça uzak­ly­gy 22 ýyl­dyr.  Daş­ky gör­nü­şi­niň ter­si­ne mümkingadar  di­ýe­ne­di­ji we ada­ma ýa­kyn dur­ýan haý­wan­dyr.

8.    Mo­na Gue­non maý­my­ny

Ba­ha­sy: 6 000 dol­lar.

Maý­my­nyň ur­ka­çy gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Te­bi­gy ýa­şa­ýan ýer­le­ri Gün­ba­tar Af­ri­ka­nyň tro­pi­ki to­kaý­la­ry­dyr, em­ma bu maý­myn­lar her dür­li to­kaý dur­mu­şy­na tiz öwrenşip bil­ýän ba­şar­jaň­ly­ga eýe­dir. Öý­de idet­mek as­lyn­da ka­nu­ny däl­dir. Bu haý­wa­na eýe bo­lup bil­mek üçin bir­nä­çe ýö­ri­te yg­ty­ýar­na­ma­lar ze­rur­dyr.

9. Sa­wan­nah pi­şi­gi

Ba­ha­sy: 4 000-10 000 dol­lar ara­ly­gyn­da.

Sa­wan­nah pi­şik­le­ri akyl­ly, oýun­çyl, he­re­ket­li we so­sial pi­şik­ler­dir. Ola­ryň ýum­şak we nä­zik hä­si­ýe­ti bar­dyr. Özü­niň sö­ýül­ýän­di­gin­den, sy­pal­ýan­dy­gyn­dan we öpül­ýän­di­gin­den uly lez­zet al­ýar. Eýe­si bi­len, öý­dä­ki beý­le­ki haý­wan­lar bi­len we ça­ga­lar bi­len wag­ty­ny go­wy ge­çir­ýän we olar bi­len ara­gat­na­şyk açyp bil­ýän bu pi­şik­le­riň iň uly aý­ra­tyn­ly­gy su­wy ha­la­ýan­dyk­la­ry­dyr.

Göw­re­le­ri uzyn, in­çe gur­luş­ly we ma­ýyş­gak bo­lan sa­wan­nah pi­şik­le­ri­niň süňk gur­lu­şy go­wy ösen­dir. Ola­ryň boý­ny uzyn we göw­si giň­dir. Ola­ryň eňek süňk­le­ri güýç­lü­dir we bu­run­la­ry bi­len bir­lik­de ýüz­le­ri­ne wag­şy gör­nüş ber­ýär. Bu pi­şik­le­riň göz­le­ri or­ta ulu­lyk­da eg­rem we ba­dam gör­nü­şin­de­dir. Olar pi­şik­le­riň iň gym­mat gör­nü­şi­dir.

10. Tüýsüz hy­taý iti

Ba­ha­sy:  4 000-5 000 dol­lar ara­ly­gyn­da.

Gör­nü­şi­ne iň az ga­bat ge­lin­ýän it­le­riň bir gör­nü­şi­dir. Olar pa­ra­hat­çyl we dost­laş­ma­ga has il­ge­zik­dir­ler. 10-12 ýyl ömür sür­ýän bu it­le­riň as­ly Af­ri­ka yklymyna ba­ryp di­re­ýär.

11. Sin­jap maý­my­ny

Ba­ha­sy: 4 000 dol­lar.

Sin­jap maý­myn­la­ry Or­ta we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň tro­pi­ki to­kaý­la­ry­nyň aşa­ky bö­lek­le­rin­de ýa­şa­ýar. Tüý­le­ri gys­ga we ga­ty­dyr. Om­zy zeý­tun reň­kin­de, eli, aýak­la­ry we yz­ky bö­le­gi na­rynç reňk­de­dir. Bo­kur­da­gy we gu­lak­la­ry ak, ag­zy bol­sa ga­ra­dyr. Kel­le­si­niň ýo­kar­ky bö­le­gi saç­ly­dyr.

Sin­jap maý­myn­la­ry 25-35 san­ti­metr uzyn­ly­gyn­da bo­lup, guý­ru­gy bi­len bir­lik­de 35-42 san­ti­metr ara­ly­gyn­da­dyr. Ag­ra­my bol­sa 750-1100  gram ara­ly­gyn­da üýt­gäp dur­ýar. Bu maý­myn äh­li maý­myn­la­ryň ara­syn­da iň uly beý­nä eýe­dir. Be­de­ni­niň agyr­ly­gy beý­ni­si­niň ag­ra­my­nyň 1/17-i ýa­ly­dyr.

12. Gar maý­my­ny

Ba­ha­sy:  3 500 dol­lar.

Gar maý­my­ny  diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan bu maý­myn­lar tro­pi­ki “do­gan­la­ryn­dan” ta­pa­wut­ly­dyr. Adam­za­dyň te­bi­ga­ta howp sal­ýan­dy­gy se­bäp­li nes­li tü­ke­nip bar­ýan bu maý­myn­lar tüý­süz gy­zyl ýü­zi bi­len beý­le­ki jyns­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Ola­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy or­ta­ça 25 ýyl­dyr.

13. Ben­gal pi­şi­gi

Ba­ha­sy: 800-3 000 dol­lar ara­ly­gyn­da.

Ben­gal pi­şik­le­ri bi­ri-bir­le­rin­den az-ow­lak ta­pa­wut­ly, aý­ra­tyn jyns hök­mün­de ýe­tiş­di­ril­ýän, me­nek­li öý­de­çil pi­şik­ler bo­lup, Efioa­me­ri­ka­nyň gys­ga tüý­li, Mü­sü­riň “mau” gör­nüş­li pi­şik­le­ri­niň Azi­ýa­nyň leo­pard pi­şik­le­ri bi­len ça­kyş­dy­ry­lan görnüşin­den eme­le ge­len­dir. Öý­de­çil ben­gal pi­şik­le­ri Or­ta Azi­ýa­nyň wag­şy gur­şa­wyn­da ýa­şa­ýan ýa­ba­ny, me­nek­li pan­ter pi­şi­gi­niň nes­li­niň şu gün­ki eg­zo­tik mi­ra­sy­dyr. Olar has güýç­li we dur­nuk­ly­dyr­lar.

Zaman

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: