Esasan, kelle agyrylar gelip çykyşy boýunça birnäçe toparlara bölünýändir

KELLE AGYRY

Öz ömründe kelle agyrydan ejir çekmedik adamyny tapaýmak kyn bolsa gerek. Duýdansyz ýüze çykýan ýa-da dowamly, barha güýjeýän, sorkuldaýan, gysýan, çekýän ýaly  bolup duýulýan kelle agyrylary bilen biziň hemmämiz tanyş ahyryn. Kelläniň belli bir böleginde ýüze çykýan ýa-da tutuş kelläni sämedýän agyrylara öwrenşip, gezip ýören hem bolsak, gürsüldäp, gözüňi çykaryp barýan agyrylarda adam özüni nirä urjagyny hem bilmeýär.

Agyryny kabul ediji nerw süýümleriniň uçlary beýniň gaty gabygynda, damarlaryň diwarynda ýerleşendir. Şolaryň gyjyndyrylmagy netijesinde döreýän signallar beýniň uly ýarym şarlaryna ýetende agyry döreýändir.

Nerw keseller milli institutynyň (ABŞ) hünärmen toparynyň kesgitlemegine görä, kelle agyry diýip, gaşlardan ýokarda, ýeňsä çenli bolan bölekde dörän islendik ýakymsyz duýgular atlandyrylýandyr. Käbir awtorlar oňa ýüzde döreýän agyrylary hem degişli edýärler.

Angliýanyň birnäçe şäheriniň ilatyna anketirlenme geçirlende, kelle agyrydan haçan hem bolsa, erkek adamlaryň 73%-iniň, aýallaryň 81%-iniň ejir çekengini görkezdi. Kelle agyry diňe medisina kynçylygy bolman, ol önümçilikde hem bökdençlik döredýändir. Ýarawsyzlyk sebäpli, önümçilikde müňlerçe zähmet günleri ýitirilýär. Galyberse-de, kelle agyry bilen işleýän adamynyň öndürijiliginiň pes boljagy belli.

Kelle agyry 45-e golaý kesellerde ýeke-täk ýa-da esasy alamat bolup bilýändir: newrozlar, gipertoniýa keseli, arterial gipotoniýa, böwrek we endokrin keselleri, nerw ulgamynyň keselleri, gulagyň, bokurdagyň, burnuň, gözüň keselleri.

Kelle agyrynyň iki görnüşi has ýaýrandyr – çakyza (25%) we dartgynlylyk sebäpli döreýän kelle agyry (70%).

Esasan, kelle agyrylar gelip çykyşy boýunça birnäçe toparlara bölünýändir.

  1. Beýniniň organiki kesellerinde ýüze çykýan agyrylar. Olara aşakdakylar degişlidir:
  • Kelläniň şikesleri netijesinde döreýän agyrylar. Olar umumy ýa-da belli bir ýerde bolup biler;
  • Beýniniň täze döremelerinde ýüze çykýan agyrylar. Köplenç irden başlanýar we ýürek bulanma, gaýtarma bilen utgaşyp biler;
  • Beýniniň sowuklama kesellerinde kelle agyry (meningit, meningoensefalit).
  1. Damarlaryň   işiniň bozulmagy netijesinde döreýän kelle agyrylar:
  • Çakyza – sorkuldap, kelläniň bir tarapyny tutýan agyrylardyr. Maňlaýda, çekgede, ýeňsede ýüze çykýan agyrylardan öň, näsagyň gözüniň öňünde “uçýan“, “ýalpyldaýan“ zatlar döreýändir;
  • Näsagda çakyza tutýan wagty ýürek bulanma, gaýtarma, ýagtylykdan we sesden ürkme bolup biler. Köplenç ýetginjekler we ýaş aýallar ejir çekýändir. Çakyza nesil yzarlama häsiýete eýedir;
  • Arterial gipertoniýa keselinde ýüze çykýan agyrylar – hemişe duş gelenok. Ýöne bu keselde has köp ýüze çykýan alamatdyr. Agyry basyjy, sorkuldaýan häsiýetli bolup, ýeňsede we boýunda  biynjalyk edýär.
  1. Psiho-emosianal dartgynlylykda ýüze çykýan agyrylar. Kelle agyrynyň iň köp ýaýran görnüşidir. Ol ýiti we dowamly stressleriň getirýän nerw dartgynlylygy netijesinde ýüze çykýar. Köplenç howsalaly, lapykeç adamlarda duş gelýär. Bu agyrylar basyjy, gysyjy, çekiji häsiýetli bolup, hemişe kelläniň bir böleginde bolýandyr. Ol fiziki işden soň güýjemeýär. Adamlar bu agyryny häsiýetlendirip, şeýle diýýärler: “kelläm demir halka bilen gysylýan ýaly“ ýa-da “kelläme gum dykylan ýaly“.
  2. Beýni bilen bagly bolmadyk sebäpler bilen  döreýän kelle agyry:
  • Bedeniň dürli ýerlerindäki ýokançlyklar, 40% ýagdaýda ýiti kelle agyrylaryň sebäbi bolup bilýär. Ýokançlyklarda ilki kelle agyry, soňunda bolsa ysgynsyzlyk, gyzgynyň galmagy ýüze çykyär;
  • Dermanlaryň ýa-da himiki serişdeleriň täsiri bilen döreýän kelle agyrylar. Dermanlardan kelle agyryny gormonal kontraseptiw serişdeler, nitratlar (nitrogliserin), kofein döredip biler. Himiki maddalardan bolsa, agyrynyň döremeginiň sebäbi alkogol, benzol, gurşun, kömürturşy gaz (uglerodyň okisi), dürli insektisidler  bolup biler;
  • Bedeniň alyş-çalyş ýagdaýy üýtgände – kislorod ýetmezçiligi,  kömürturşy gazyň mukdary köpelende, emeli “böwrekler“ bilen gan arassalananda – dializde;
  • Kelle süňküniň, boýnuň, gulaklaryň,  burnuň, dişleriň, agzyň, gözüň kesellerinde (göze gara suw inme keselinde, sinusitlerde);
  • Boýun oňurganyň osteohondrozy – agyrylar bir taraplaýyn bolup, boýun- ýeňse bölekde döräp, çekgelere çenli ýaýraýar. Birden aýrylyp ýa-da dowamly, üznüksiz hem bolup biler. Köplenç näsaglar boýun oňurganyň az hereketliligine, boýnuň we egniň myşsalarynyň agyrmagyna we gurşup durmagyna, olaryň hereketiniň çäkliligine arz edýärler. Agyrylar duýdansyz ýa-da mehaniki  gyjyndyrma netijesinde döräp biler. Olaryň döremegine oňaýsyz ýagdaýda ýatmak, kelläni aşak ýa-da gapdala egip, uzak işlemek, adaty bolmadyk fiziki iş sebäp bolup biler. Ýöne rentgen suratlarda ýüze çykýan, boýun oňurganyň hemme üýtgemeleri kelle agyry bilen häsiýetlendirilýän däldir. Şonuň ýaly-da, rentgen suratda 25-30 ýaşly ýaş adamlarda ýüze çykýan osteohondrozyň alamatlary hem, hemişe kelle agyra sebäp bolup bilmeýär.

Kelle agyrydan ejir çekýän adam doly lukmançylyk barlagyndan geçip, agyrynyň sebäbini  anyklamalydyr. Barlagsyz yzygider kabul edilýän agyrsyzlandyryjy demanlaryň sizde allergiki  täsirleri, aşgazanyň ýaralaryny döretjekdigini ýatdan çykarmaň. Bejergini size lukman bellese ýerlikli bolar.

Kelle agyrynyň sebäplerini anyklamak üçin aşakdaky medisina barlaglary geçirilip bilner:

  • Beýniniň rentgen kompýutor tomografiýasy – lukmanyň täze döremeleri, beýni gan aýlanşygynyň üýtgän ýerlerini, beýniniň şikesli ýerlerini, gidrosefaliýa (suw ýygnanma) alamatlaryny görmäge mümkinçiligi bolýar;
  • Beýniniň we oňurganyň magnit rezonans tomografiýasy – kompýuter tomografiýa seredeniňde, has uly anyklaýyş mümkinçiligine eýedir. Ol diňe beýniniň dälde, oňurga ýiliginiň hem ýagdaýyny bilmäge kömek edýär. Täze döremeler, insultdan soňky zeperlenmeleri, şikesleri, oňurgaara ingini we başga sebäpleri anyklamaga kömek edýär;
  • Magnit-rezonans  angiografiýa – täze anyklaýyş usuly bolup, beýniň we boýnuň gan damarlarynyň ýagdaýyny, olaryň daralan we giňän boleklerini (anewrizmany) anyklamaga kömek edýär;
  • Gan basyşyň monitoringi – ýüze çykarylmadyk arterial gipertoniýany anyklamaga, gije- gündiziň dowamynda onuň üýtgemegini öwrenmäge we bejergini dogry bellemäge kömek edýär;
  • Ganyň barlagy – ýokançlyklary, sowuklama  alamatlaryny ýüze çykarmak üçin;
  • Göz lukmanyň (okulistiň) barlagy – kelle agyrynyň hemme görnüşlerinde maslahaty gerekdir. Ol göz düýbünde ýüze çykýan hemme üýtgemeleri anyklamaga, gözüň ýitiligini, görüş meýdanyny kesgitlemäge kömek eder;
  • Zerur bolan ýagdaýlarda otolaringolog, stomatolog lukmanyň maslahaty gerekdir.

  http://www.saglyk.info/makalalar/keseller-barada-maglumatlar/infeksiyon-dal/42-kelle-agyry.html

//

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: