Adamlar süýdi we süýt önümlerini iýende ätiýaçlyrak bolmaly

suytSüýt içmegi ýatdan çykarmaň
Adam saglygy üçin gerekli bolan maddalaryň hemmesi diýen ýaly süýtde bardyr. Süýt çaganyň ösmegine, adamyň uzak ýaşamagyna kömek edýär. Emma holesterolly (ganynda ýag mukdary artykmaç bolan) adamlar süýdi we süýt önümlerini iýende ätiýaçlyrak bolmaly, ýagy azaldylan önümleri iýmeli.

Ähli ýaşdaky adamlara gerek bolan süýt we süýt önümleri çaganyň ösýän döwri, zenanlaryň hamyla hem-de çaga emdirýän döwri has hem zerur bolup durýar.

Olar bu döwürlerde kalsiýa has köpräk mätäç bolýar. Süýt we süýt önümleri bolsa kalsiýa örän baýdyr. Kalsiý çagalaryň süňkleriniň we dişleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Onsoňam süýt önümi bolan gatygyň saglygy ösdürmekdäki peýdasyny indi bilmeýän ýok bolsa gerek. Gatykda bar bolan bakteriýalaryň demgysma, düwnük, infeksiýa we aşgazan keselleriniň öňüni almakda güýçli täsiri bardyr. Mundan başga-da gatygyň düzüminde bar bolan käbir maddalar iç gatama, iç geçme, süýji keseli, süňküň eremegi, ýürek keselleri hem-de ýogyn içege düwnügi ýaly keselleri bejermekde peýdalydyr. Gatyk bedeniň mikroplara garşylyk görkeziş ulgamyny güýçlendirýär.

Adatça adam üçin süýdüň gündelik içilmeli mukdary azyndan 2 stakan töweregi bolup, ösüp barýan ýaş çagalar hem-de hamyla ýa-da çaga emdirýän aýallar üçin bu mukdar 3-4 stakana çykýar.

Zaman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: