Ylym dünýäsine uly goşant goşan türkmen we dünýä alymlary

khOmar bin Haýýam
Mekdeplerde şu wagt “Paskal Üçburçlagy” diýilip öwredilýän binomial üçburçlagyny Paskaldan asyrlar öň işläp çykaran alym Omar Haýýamdyr.
Binomial Üçburçlagy: matematikada (a+b)^n ýagdaýyndaky deňligiň koefisiýasyny aňsat usul bilen tapylşy.

N=1     1

N=2     1  1

N=3     1  2  1

N=4     1  3  3  1

N=5     1  4  6  4  1

N=6     1  5  10  10  5  1

N=7     1  6  15  20  15  6  1

……
Harizmi (780-850)

“El-Jebr we’l-Mukabele” atly eser bilen günümizdäki matematikanyň algebrasyny ýüze çykaran alymdyr. “Kitap el-Suret el-Ard” atly kitabynda 9-njy asyrda günbatarlylylaryň göni diýip kabul edýän ýeriň togalakdygyny subut edendir.
Akşemseddin

Mikroplaryň kesel ediji we ýokançlydygyny hiçhili mikroskobiki enjam ulanmany taryplan ilkinji adam. Onyň aýdanlaryny Paster asyrlar soň mikroskop arkaly yzarlandan soň tassyklady. Akşemseddin şol sanda Rimlylaryň soňky topragy Konstantinopoly basyp alan Osmanly Türkmen Döwletiniň hökümdary Soltan II Mämmet Türkmeniň mugallymy bolandyr.
El-Wahidi

Döwrüniň iň giň derman öndürýän labaratoriýasyny ylym dünýäsine gazandyrandyr.
Jabir bin Haýýan

Günbatarly alymlar maddanyň atomdan has kiçi böleklere bölünip bilmeýändigini dile getirýärler-kä, Jabir b. Haýýan öz şägirtleri bilen bir söhbetinde atomyňam bölünip biljekdigini, we bu bölnüşikde Bagdat ýaly uly şäheriň tep-tekiz boljakdygyny aýdyp geçýär. Bu 20-nji asyrda Aýnştaýnyň (Einstein) subut eden atom bombasynyň ilkinji taryplary bolup durýar.
Ibni Sina

Lukman Hekim diýilip hem tanalýan Ibni Sinanyň (Awissena) 19-njy asyryň ahyrlaryna çenli gündogar unwersitetlerinde “el-Kanun fit-tin” atly kitaby  esasynda geçilen synaglar boýunça üstünlikli jemlemedikler unwersitet diplomyny alyp bilenokdy.
Mesudi (?-956)

Nijer Derýasy barada iň ilkinji we giň maglumaty ýazan eserleri arkaly ylym dünýäsine gazandyran geografiýa alymy.
Ibn-I Fadlan

921-njy ýylda Bagdat halypasynyň ýollamagy esasynda Wolga derýasy hakda ilkinji jikme-jik geografiki maglumatlary ýüze çykaryp eserleşdiripdi.
Reşiduddin (1280–1318)

“Jam-i et-Tewarih” kitabynda 14-njy asyrda bütinleý we giň ele alyp Hytaý taryhyny ýazdy.
Ýusup Ýakup bin Yshak (796–872)

Ýewropada “Al-Kindus” lakamy bilen tanalýan, Ýusup Ýakup Kindi, dürli mowzuklarda 265 biribirinden tapawutly ylmy ders kitaplary ýazandyr.
Soltan II Mämmet Türkmen (Fatyh Soltan)

Ystanbulyň basybalyşynda ilkinji gezek ulanylan diwar topuny işläp çykardy. Özi Osmanly Türkmen Döwletiniň hökümdary bolup, Ystanbuly ele geçirende 21 ýaşyndady.
Biruni

Galileodan asyrlar öňünden dünýäniň şar görnüşindedigini subut edip, dünýäniň radiusyny hasaplap çykaran ilkinji adamdyr. Piknometri oýlap tapandyr.

 Yslam Alymlarynyň Käbir Umumy Goşantlary

    * Günorta Orsiýet, Hindistan we Anatoliýa barada ilkinji giňişleýin materiallar musulman geograflary tarapyndan taýýynlandy. Hytaýyň ilkinji resmi kartasyny 14-nji asyrda musulman kartaçylary çyzdy.
    * 9-njy asyrda Günbatar dermanhana barada pikri ýokka, Bagdatda 60 dermançylar tebipleriň beren reseptine görä derman berýärdi.
    * 9-njy asyrdan başlap 600 ýyl dünýäniň “ylym dili” arap dili bolupdy. (Gaýrymuslym alymlar-am mejbury ýagdaýda arap dilini öwrenmeli bolýardylar)
    * Materikleriň süýşmekleri, epigenez, orogenez we düzlik tektonoginasy barada berilen ilkinji maglumatlar bolup 10-12-njy asyrlarda ýaşan musulman geologlara degişlidir.
    * “Sinus teoriýasy” we näbelli sanly deňliklerini musulman matematikleri ylym dünýäsine goşandyrlar.
    * Ilkinji partlýyjyly atylýan toplary (puşka) ilkinji bolup musulman söweşçileri ulanandyr.

Majriti (?-1007)

Matematikany aýratyn bir ylym pudagy ýagdaýyna getiren alym. Tekelek şekilleriň teoriýalarynda we ýyldyzlaryň hereketi bilen baglanşykly ylym pudaklarynda, döwründäki iň görnükli alymlaryň öňüne geçendir. Asyl ady Abul-Kasym Mesleme bin Ahmed Al-Farazi Al-Hasop Al-Majriti Al-Kurtuby. Majritde dogulandyr (bugünki Madrid–Ispaniýa). Mollasy (mugallymy) Abdyl-Gafir, Majritiň meşhur geometriýa we jysymlaryň ýüz meýdanyny ölçemekde ussat biri.

Majriti ýüz meýdanyny ölçemek teoriýalaryny tapyjylarynyň arasynda bolandyr. Ol käbir Yslam ülkelerini gezip arap we ýunan (grek) dillerinde ýazuwly işleri bardyr. Derňew işleriniň üstünde şeýle köp tejribe geçip olary şeýle köp ýaýymlapdyr welin, Andulusiýa (Ispaniýa Yslam döwleti) örän kämil derejä gelipdir. Majritiniň ylmy işleriniň Kordobadaky  (Andulusiýaň paýtagty) alymlardan üstünde işlänler: Ibni Samh, Ibni Saffar, Kirmani, Ibni Haldun, Zehrawy wb.

Fundamental matematika pudagynda şu eserleri ýazandyr:

Fi Tamami Ilmi’l-Aded – san  teoriýasynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanşykly,

Makmelat – täjirçilik, söwda hasaplary bilen baglanşykly.

Ol ýeke bular bilen galman Zoologiýa, Himiýa we Geologiýa esaslarynda eserler hem emele getirip, 10-njy asry aýdyňlatmana goşant goşandyr.

Ebu Kamil Schuca (? – 951)

Ýewropa matematikany öwreden adam. Müsürde ýasan bu alym matematika ylmynda uly açylyşlara we ösüşlere ýol açjak bolup jan edendir. Şägirdi Fiobnaci “Liber Abaci” atly kitabyny Ebu Kamiliň ylmy işleriniň beren hyjuwy bilen, döreden täsiri astynda ýazandyr. Bu kitap Ýewropanyň ylym adamlarynyň giňden peýdalan eseri boldy.

Buzjanly

Sinus teoriýasynda uly ösüşlere goluny çekendir. Asyl ady Abul Wafa (Ebul Wepa).  Türkmen topragy Horasanda 940-njy ýylyň Oguz aýynyň 10-na doglandyr. Esasy başlangyç ymlyny uly agalaryndan (kakasynyň doganlaryndan) alandyr – Ebu Emr al Muganili we Ebu Abdylla Muhammed Anbasa.

Jebir (algrebra) ylmyna goşan deňlikleri:

            sin(a+b)=sinacosb+cosasinb

            sin2a=2sinacosa

            sin2a=1-cos2a

Birnäçe eserleri 12-nji ýüzýyllykda Günbataryň dillerine terjime edilendir. Astronomiýa we algebra goşandyny goşdy. Esasy eserleri şulardyr:

Kitab fi ma ýatak Ilahi al-kuttab we’l-ummal min ilm al-hisab – Gysgaça “Kitab’ul Menafizil fil hisab” atly matematika kitaby,

Kitab’ul Hendese – Geometriýa kitaby,

Tafsir al-Harizmi fi’l-Jebr we’l-Mukabele – El-Harezminiň algebra kitabyny düşündiriş.

Ibni Nefis

Kiçi gan aýlanyşy William Garveyden asyrlar öňünden taryplandyr.

Muhammed b. Hasen ibni Heýsem

Aýnalarda şöhläniň gaýtaryjy häsiýetini tapan alymdyr. Ibni Heýsem ady bilen tanalýan bu alym, optika ylmynyň piri hasaplanylýar.

Amr b. Abdurrahman Kirmani

Orta asyrlarda Andaluziniň hassahanalarynda geçiren çylşyrymly operasiýalary bilen tanalýan lukman.

Ebu Bekr Muhammed bin Zekerýa Razy

Gözüň optik bölegini üstünlükli operasiýa etmegi başaran lukman.

Ibni Hazm Ali b. Ahmed el-Fasl

Dokuz asyr öň hadyslaryň we Gurhan (Kurany Kerim) aýatlarynyň ýagtylygynda dünýäniň togalakdygyny we aýlanýandygyny ýüze goýan alymdyr.

Ahmet we Muhammet bin Musa doganlar

Doganlar bolup Sinjar çölünde we Kufa çölünde dünýäniň radiusyny we güne (kuýaşa) bolan uzaklygyny hasaplap çykarandyrlar.

Amerikany Kim Açdy?

Bir fransuz admiralyň “Deňizji Kolumba Garaýyşlar” atly eserinde ýer alan Kristofor Kolumbyň gündeliginden alynan şeýle bir bölek ýazylypdyr:

“Rodrigo ýöne ýerden deňizçi däldi. Ol Osmanly Imperiýasyna hyzmat edýärdi. Ol dinini gizlemäne mejburdy. Onuň musulmandygy menden başga hiçkim bilenokdy. Az uklaýardy we mydama hesa-hesip we kartalar bilen başagaýdy. Men onuň ýazgylaryny we kartalaryny göçürdim. Bir musulmanyň işleýişini bahyllanýardym. We hakykaty gizledim… ”

Kolumbyň bu boýun alyşlaryny ýazan D.Şarko: “Amerikany açyş bagtyna eren Kalumb däl, bir Yslam deňizjisidir,” diýip öz sözleri bilen dowam edýär.

Şulam bir hakykat, Ýyldyrym Beýazyt Kolumbyň ýanyna “Rodrigo” ýaly iki Türkmen (Türkiman) deňizji kapitanlaryny ýollandyr. Emma täze materigiň açylyşyna ýola çykan mahallarynda, egoist hrystyýanlar tarapyndan öldürilendir.

Galyberse-de günümüze çenli saklanyp galan Piri Reisiň kartasy, Kolumbyň açandygy öňe sürülýän materiginiň jikme-jik maglumatlaryny öz içine almagy, bu materigiň has öň açylandygynyň iň aýdyň subutnamasydyr.

Çeşme: Türkiýe Ýylnamasy 1998

Altynasyr

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: