INGI- bejerilişi we Profilaktikasy

digestion-systemINGI-içki organlaryň ýa-da içrakde ýerleşheň dokumalaryň öz ýerlerini üýtgedip, daşky örtüginiň bitewiligine zýýan ýetirmän, derasty ýa-da myssara kletçatka boşluklaryna çykmagy. Adamlarda köplenç garyn ingisi bolýar. I-niň doreýsine görä dogabitdi we soň dörän (operasyýadan soň we başga ýagdaýlarda) görnüşleri bolup biler. Garyn I-synyň dörän ýerine görä gaşyk, but, göbek, ýanjyk we içki (diafragma, garyn ýaglary) I-ler ýaly görnüşleri bolýar.

I-niň döremegine garyn boşlugynyň diwarynda bolýan üýtgeşmeler we anatomic gurluşynyň (gasyk giňişliginiň we göbek halkasynyň)we başgalaryň aýratynlyklary sebäp bolýar. Şu sebäplerin utgaşmagy netijesinde garyn boşlugynyň diwarynyň gowşak ýerleri pokgerýar we I. haltasy döreýär. I. haltasyna aýry-aýry organlar (koplenç halatlarda inçe içege, garyn ýagy) girýär. Daşky I. oňat bildirýär. Keselli ýatanda I-niň pokgerip çykan ýeri öz-özünden ýa-da çala basylanda, garyn boşlugyna gidýär. I otusdigiçe ulalýar we hereket edilende azar berýär. Deri astyndaky I haltasyna düşen organlara sähel bir zat bolsa zeper ýetmegi mümkin. Içki organlar I haltasynda köp saklaňsalar, olar özärä bitisyar. Şeýle bolanda I-niň soň ýerine ýetip bolmaýar. I-niň agyr görnüşi onuň gysylmagydyr. Üsgürlende we agyr fiziki iş we ş.m zerarly bedene agram salynanda I.haltasyna içege düşüp gysylýar. Şeýle ýagdaýlarda I-ni ýerine eltmek kyn, ony operasiýa etmeli.
Bejerilişi: I. diňe hirurgiýa ýoly bilen bejerilýär. Ýörite dany (bandaj) peýdalanylanda, I wagtlaýynça onatlaşýar. Ýöne içki organlaryň özärä bitismegine we garyn boşlugynyň gowşamagyna eltýar. I-niň beterleşmezligi üçin, ol hökman operasiýa edilmelidir.
Profilaktikasy: näsaga bedenterbiýe bilen meşgullanmak hroniki üsgülewügiň bejertmeklik, horlanmazlyk, aşa semremezlik, aýallara göwreli wagty guşak (bandaj) daňmaklyk we çagasy bolandan son, garyn muskullaryny massaj etmelik maslahat berilýär.

Oka, Öwren, Döret

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: