Haỳwanlaryň üstünde geçirilỳän tejribeler size näme öwredip biler diỳip piker edỳärsiňiz?

monkeyÖwretmek we bilim bermek üçin haỳwanlary öldürip olary kesip açyp tejribeler üçin ulanmagyň hiç hili zerurlygy ỳokdur. Haỳwanlara zyỳan ỳetirmezden olary öwrenmegiň häzirki zaman we innovasion usullarynyň ençemesi bar we olar köp okuw ỳurtlarynda adaty görnüşde ulanylỳärlar.

Bilim bermek ulgamynda haỳwanlara zyỳan ỳetirmezden olary öwretmek üçin has-da netijeli we laỳyk gelỳän ahlak-rehimdarlylyk usullary ulanylỳar. Öňde baryjy kompỳuter tehnologiỳalar bu ugurda bilim bermek üçin birnäçe usullary teklip edỳär, olaryň içinde: haỳwanlary kesip görmegiň virtual usullaryny ulanmak we tejribe laboratoriỳalarynda telefizor arkaly işlemek, şeỳle hem kliniki bejerginiň köp taraply virtual modelleşdirilen görnüşleridir. Häzirki zaman bilim ulgamynda kliniki endikleri we amaly hirurgiỳa bejergilerini öwretmek üçin mikrohirurgiỳa modelleri we haỳwanlaryň hakyky nusgalaryna meňzeỳän emeli organlaryna we jogap beriji mehanizmlerine eỳe bolan manekenler ulanylỳar. Başga usullar bolsa talyplaryň özleriniň geçirỳän tejribelerinde kompỳutere goşulan tejribe enjamlary arkaly nerv/muskul modellerini öwrenmäge esaslanỳär.

Bilim bermek ulgamynyň ahlak-rehimlilik usuly haỳwanlaryň hut özlerini ulanmak arkaly öwretmegi hem göz öňünde tutỳar. Mallary bejerỳän lukmanlary taỳỳarlaỳan okuw jaỳlaryndaky talyplar özleriniň ussat kärdeşleri bilen hakyky näsag haỳwanlary bejerende ägirt uly kliniki endiklere eỳe bolỳarlar. Bular ỳaly bejergi işler haỳwanlaryň üstünde tejribe geçirende olara bir gezek ulanyp taşlanỳan enjamlar ỳaly seredilmän, eỳsem nähoş haỳwan hakynda aladalanmak we oňa janly jandar hökmünde hormat goỳmak ỳaly endikleri şekillendirỳär. Biolog talyplar haỳwanlary öwrenende kesip görmek usulyny ulanmazdan, eỳsem olary tebigy ỳaşaỳyş şertlerinde öwrenmek usullaryna üns berseler, onda haỳwanlaryň hereketleri hakynda tejribe laboratoriýasynda alynỳan bilimlere garanda köpräk maglumatlary öwrenip bilerler. Şeỳle hem adamlarda geçirilỳän donor kesip öwrenmek usulyny haỳwanlarda hem ulanmak mümkin, ỳagny kesel ỳa-da ỳaradar bolan haỳwanlaryň organlary öwrenmek üçin ulanyar.

Öldürilen haỳwanlary ulanmak ỳa-da haỳwanlaryň üstünde tejribe geçirmek usuly ahlak-rehimlilik bilim bermekde ulanylỳan usullara garanda köp bilim bermeỳär. Haỳwanlaryň üstünde şeỳle tejribeleriň geçirilmegi talyplarda jandarlaryň jany onçakly möhüm däldir diỳen düşünjeleriniň şekillenmegine alyp gelỳär. Bize aslynda janly jandarlary ulanyp ondan soň taşlap goỳberse bolỳar diỳen pikire eỳe bolan mallary bejerỳän lukmanlar, ylmy işgärler we lukmanlar gerekmi? Haỳwanlar çöl-beỳewanlardan tutup getiriplip, bütin galan ömründe kiçijik kapasda saklanyp, hiç haçan öz tebigy aỳratynlyklaryny ỳüze çykaryp bilmezden, özleriniň soňky günlerini kesip görup öwrenmek ỳa-da ỳaryp geçirilỳän tejribeler üçin taỳỳarlanmak bilen gutarmalymy?

Çap edilen maglumatlarda bellenilisi yaly bilim, endik we ahlak sypatlar progressive ỳa-da başga alternative usullar ulanylanda has-da netijeli sekillenỳär. Ahlak-rehimlilik sypatlaryna garşy gelỳän usullary ulanmagyň ỳerine talyplar we mugallymlar daş töwerekdäki haỳwanlara zyỳan ỳetirmezden öwrenmekleri mümkin. Siz bu ulgama üỳtgetmeleri girizmek üçin ägirt uly güỳje eỳedirsiňiz. Haỳwanlara zyỳan ỳetirip ulanmak tejribesini bes etmäge kömek etmek üçin InterNICHE bilen hyzmatdaşlyk ediň. Ahlak-rehimlilik bilim ulgamyny saỳlaň!

Inter Niche

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: