Türkmen politehniki instituty

studentTeacherFakultetler we kafedralar:
    * Nebit we gaz fakulteti “Geofizika we nebit geologiýasy” kafedrasy
    * “Umumy geologiýa we gidrogeologiýa” kafedrasy
    * “Dünýä tejribesini öwreniş” kafedrasy
    * “Nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek” kafedrasy
    * Himiýa tilsimaty we ekologiýa fakulteti “Senagat ekologiýasy” kafedrasy

* “Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tilsimaty” kafedrasy
    * “Organiki däl maddalaryň himiýa tilsimaty” kafedrasy

    * Binagärlik – gurluşyk fakulteti “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasy
    * “Binagärlik” kafedrasy
    * “Geodeziýa” kafedrasy
    * “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasy

    * Inžener – mehanika fakulteti “Elektrotehnika we elektromehanika” kafedrasy
    * “Tilsimatly maşynlar we enjamlar”kafedrasy
    * “Kompressor we sowadyjy desgalar” kafedrasy

    * “Komýuter tilsimaty,ykdysadyýet we dolandyryş” fakulteti “Kompýuter tilsimaty we ulgamlary” kafedrasy
    * “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş” kafedrasy
    * “Umumy tehniki dersler” kafedrasy
    * “Önümçiligi awtomatlandyrmak” kafedrasy

    * Nebit senagaty fakulteti (Balkanabat şäheri) “Geologiýa-gözleg işleri” kafedrasy
    * “Nebitsenagat enjamlary” kafedrasy

Türkmen politehniki institutynyň ylmy ugurlary

Türkmen poliltehniki instituty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda öňdebaryjy inžener – tehniki ýokary okuw mekdebidir. Milli hünärmenler şu esasy ugurlar boýuça taýýarlanylýar.

“Peýdaly magdanlaryň geologiýasy, gözlegi we özleşdirilişi”, “Kompýuter tilsimaty”, “Himiýa tilsimaty”, “Gurluşyk we binagärlik”, “Tilsimatly maşynlar we enjamlar”, “Önümçiligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy”.

    * Türkmen politehniki institutynyň fakutetlerinde 6 sany (şol sanda 1-i Balkanabatda) pudaklaýyn ylmy merkezler işleýär: Nebit we gaz fakultetiniň ylmy merkezi (şol sanda Balkanabatdaky nebit senagaty fakultetiniň ylmy merkezi)
    * Kompýuter tilsimaty we dolandyryş fakultetiniň ylmy merkezi.
    * Önümçiligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ylmy merkezi.
    * Himiýa tilsimaty ekologiýa fakultetiniň ylmy merkezi.
    * Inžener mehaniki fakultetiniň ylmy merkezi.
    * Binagärlik gurluşyk fakultetiniň ylmy merkezi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» №8699 Kararyna we 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky №9378 Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýyarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda Türkmen politehniki institutynda ylmyň birnäçe ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura açyldy.

Türkmen politehniki institutynyň ylmy işler boýunça 2008/2009-nji okuw ýyly üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, institutda 2008-nji ýylda 19 sany temalar boýuhça ylym-barlag işleri alnyp barylýar. Institutyň professor-mugallymlary, talyplar bilen bilelikde ylmyň we tehnikanyň iň bir wajyp meseleleri boýunça ylmy işleri geçirilýär. Ylmy işlere institutyň professor-mugallymlarynyň 143-den, talyplaryň bolsa 530-dan gowragy işeňňir gatnaşýarlar.

Türkmen politehniki institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş tarapyndan geçirilen, Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ylmy-barlag işleriň bäsleşigine hödürlän aşakdaky işleri ýeňiji boldular:

    * «Günorta Ýölöten-Ýaşlar ýaýlagynda geçirilýän seýsmobarlaglaryň maglumatlaryny teswirlemek we nebit-gaza gelejegi uly meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny gazmaga teklip bermek» (2008—20l0 ý.ý.)
    * «Agyz suwuny durlamakda ýerli materiallaryň süzüjilik häsiýetleriniň barlaglaryny geçirmek we olaryň ulanyşynyň usullaryny işläp düzmek» (2008—2010 ý.ý.)

Institutda alnyp barylýan ylmy işler önümçilik bilen baglanyşdyrylan. “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet korporasiýalarynyň, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Daşoguztransgaz” guramasy, “Gamyşlyjanebit” edarasynyň tabşyryklary boýunça ylmy işler ýerine ýetirildi we ylmy netijeler önümçilikde doly ulanylýar.

Institutda ýerine ýetirilýän ylmy işleriň esasy maglumat çeşmeleri Türkmen politehniki institutynda döredilen Internet merkezi, Baky Beýik Serdarymyzyň tagallasy esasynda Türkmenistanda ornaşdyrylan iň täze, kämil tilsimatlaryň ýazmaça beýanlary, poçta arkaly institutyň kitaphanasyna alynýan daşary ýurtlarda çap edilen iň täze kitaplardyr. Dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryny öwrenip, olary Türkmenistanda ornaşdyrmagyň esaslaryny düzüp, şol tilsimatlary has hem kämilleşdirmek we täze tilsimatlary oýlap tapmak hem-de şol esasda tehniki ugurlar boýunça milli hünärmenleri ýetişdirmek institutda alyp barylýan ylmy işleriň esasy ugruny kesgitleýär.

Salgysy:
744025, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 1916-njy köçe, 136.
Telefon: 28-76-00. Faks: 28-76-01, 28-75-76.

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: