ÇAGANYŇ IRKI ÖSÜŞI:

maralÇagalar öwrenmäge taýar bolup dogulýarlar.Emma bu olaryň hökmany suratda mekdebe taýardygyny aňlatmaýar. Bu düşünje çagalaryň has ir wagytdan mekdebe gitmäge
taýarlygy barasyndaky meselelere degişli Merkezi Aziýa sebitiniň we Gazagystanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda geçiriljek tehniki maslahatda şeýle ölçegleriň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmaga itergi bolup hyzmat edýär. Bu maslahat 2005-nji ýylyň Sanjar aýynda Aşgabatda geçirildi. Merkezi Aziýa sebitiniň we
Gazagystanyň bilim boýunça şol forumynyň maksady Bilim hemmeler üçin we Müňýyllygyň ösüş maksatlary atly
maksatnamalaryň çäginde gazanylan üstünlikleri üns merkezinde goýmak we bilim ulgamynyň dürli mowzuklary boýunça ýurdara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we mundan beýläk hem tizleşdirmek boldy.

Şu ýylyň içinde sebitiň bilim ministrlikleriniň we saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri ÝUNISEF bilen bilelikde kiçi ýaşly çagalaryň ösüş nukdaý nazaryndan mekdebe gitmäge taýar lygyny artdyrmaklyga gönükdirlen maslahatlara gatnaşdylar we çagalary has kiçi ýaşdan okatmagyň ölçeglerini işläp düzmegi öwrendiler. Çagalary has kiçi ýaşdan okatmak meseleleri boýunça bilermen, ABŞyň hökümetiniň bilim syýasaty boýunça maslahatçysy Şeron Linn Keýgeniň aýtmagyna görä çagalaryň öwrenmeginiň netijeli bolmagy üçin olara ýörite şertler döredilmeli. Ilki bilen çagalar hereketlendiriji ukyplaryny, durmuş, dil we akyl ýetirme ukyplarynyň kämilleşmegini gazanmaly. Emma bu ýeterlik däl. Çaganyň okamak ukyby onuň saglygyna we iýmitlenmegine, maşgalanyň goldawyna, maş g a lanyň ykdysady ýagdaýyna, şeýle hem mekdep syýasatyna, hut şeýle-de jemgyýete we hökümetiň goldawyna bagly bolup
durýar. Çaganyň irki ösüşine degişli meseleler boýunça sebitde öň hatarda bolmaga T ü r k m e n i s t a n y ň gyzyklandyrma bildirmegi eýýäm bu ugurda ilkinji ädimini edenligini aňladýar.
Ç a g a l a r y ň mek d e b e taýynlygyna degişli ölçegler boýunça ylalaşyga gelinmegi we şol ölçegleriň her ýurt tarapyndan özüne mahsus aýratynlyklaryna laýyklykda utgaşdyrlyp ulanylmagyna höweslendirilmegi şol maslahatdan garaşylýan netijeleriň biri boldy. “Ölçegler nämälim düşünjelere kesgitlilikdir çürt-kesiklik berýär, edýän işimiziň hem has gowy bolmagyna gündeki maksatlarymyza ýetmäge ýardam edýär we üstünlik gazanmaga esas döredýär. Ölçegler adalatly netijelere alyp barýar. Eger-de biz çagalaryň hukuklaryna ynanýan bolsak, onda biz çaganyň irki ösüşine degişli hemme ölçeglere hem ynanmalydyrys. Ölçeglere şeýle bilelikde çemeleşme häsiýeti mahsusdyr”, diýip doktor Keýgen nygtaýar.

Unicef Turkmenistan

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: